Sizi ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Müňlerçe ýyllyk şöhratly taryhy bolan türkmen halkynyň ajaýyp halysy, şaý-sepleri ýaly ýelden ýüwrük bedew aty hem milli baýlyklarynyň biridir. Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary täzeden dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär. Yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän türkmen atşynaslary ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işleri alyp barýarlar.

Azianyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi, Ahal welaýatynda Köpetdagyň etegindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi eziz Watanymyzda atçylyk sungatyny ösdürmäge ýardam berýän buýsançly wakalardyr.

Şeýle hem, ýurdumyzda şu ýyl Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň girizilmegi atly sporty ösdürmäge uly üns berilýändine aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, seýle hem Türkmen bedewiniň baýramyny we onuň çäginde baýramçylyk dabaralaryny, bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem baýramçylyk mynasybetli atçylyk pudagy boýunça halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilýändigini we oňa dünýäniň ençeme döwletlerinden köp sanly myhmanlaryň gatnaşýandygyny bellemek örän ýakymlydyr.

Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahatyna daşary ýurtlardan belli alymlaryň, atşynaslaryň we bilermenleriň gatnaşmagy ençeme müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän, umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen ahalteke bedewlerimiziň dünýäniň tohum atlarynyň arasynda in naýbaşylarynyň bin hökmünde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty döwletimiziň atçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen halkara jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmakda, dünýäniň tejribeli atşynaslary bilen özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän dürli kompaniýalar we hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly ähmiýete eye bolar.

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we atçylyk bilen meşgullanýan beýleki hünärmenleri dünýäniň atçylyk pudagy boýunça ösen döwletlerinde yzygiderli is saparlarynda bolýarlar. Halkara sergilerine, bäsleşiklerine we maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar, Bu bolsa, ahalteke bedewleriniň Watanynda hem halkara derejesindäki çäreleriň giň gerimde geçirilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.

Biz türkmen halkynyň uçar ganaty bolan ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, atly sport bäsleşiklerini, at üstündäki dürli milli oýunlary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek we seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmak hem-de atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere hemişe üns bereris.

Sizi Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahatynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez bagt we atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!