Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky mejlisinde Halkara epizotik býurosynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Kazimiras Lukauskas hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda at keselinden azat zolagy döretmek hakyndaky sertifikaty gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz jenap Lukauskasa we onuň üsti bilen mallaryň saglygyny goramak baradaky Bütindünýä guramasynyň Ýolbaşçy Geňeşine Türkmenistanyň at keselinden azat zolak derejesine eýe bolandygyny tassyklaýan sertifikatyň gowşurulandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu sertifikat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde atçylyk sporty boýunça bäsleşigi geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Onuň maksatnamasyna milli Liderimiziň başlangyjy boýunça konkur ýaryşy girizildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny bu dereje bilen guilady. Bu çözgüt Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň subutnamasy, Türkmenistanyň atşynaslyk we weterinariýa ulgamynda gazanýan üstünliukleriniň ykrarnamasy bolup durýar.

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňlşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini we milli çapyksuwarlyk däplerini wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýurdumyza 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny berendigine buýsanýar we yklym ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda myhmansöýerlik we halkymyzyň asylly däpleri esasynda kabul edilmegi ugrunda zerur tagallalary ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.