Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 10-njy oktýabryndaky 14438 belgili kararyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 21-24-nji apreli aralygynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII halkara ylmy maslahaty, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi hem-de Halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär.

Bu halkara ylmy maslahatyň işine we assosiasiýanyň mejlisine hem-de Halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga isleg bildirýän alymlara, hünärmenlere, atşynaslara we at esbaplaryny öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalara, telekeçilere Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, konsulluk gulluklarynyň we Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň, konsulluk gulluklarynyň üsti bilen çagyryş hatlarynyň iberilmegine we olaryň agzalan çärelere gatnaşmaklaryna hem-de bu çärelere gatnaşjak daşary ýurtly raýatlaryň wiza çakylyklaryny wagtynda resmileşdirmek üçin “Türkmen atlary” döwlet birleşigine pasportlarynyň reňkli göçürmesini, 3x4 ölçegdäki 2 sany foto surat 2016-njy ýylyň mart aýynyň 15-ne çenli şeýle hem halkara ylmy maslahat üçin tezisleri 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 1-ne çenli elektron görnüşde iberilmegine ýardam etmegiňizi Sizden haýyş edýäris.

Halkara maslahatyna, assosiasiýanyň mejlisine we Halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşjak daşary ýurt raýatlaryň geliş-gidiş halkara ulag, ýaşaýyş, iýmit bilen bagly çykdajylaryny birleşik öz üstüne alýar. Çäreler bilen baglanşykly maglumatlar boýunça habarlaşmak üçin: tel/faks 21-02-39, e-mail Ця електронна адреса захищена від спам-ботів. вам потрібно увімкнути JavaScript, щоб побачити її. .

Bellik: Daşary ýurt raýatlarynyň çykdajylarynyň (myhmanhana tölegleriniň) 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 20-25-i aralygy üçin töleniljekdigini, uçar petekleriniň (economy class) bolmalydygyny daşary ýurt raýatlaryna habar bermegiňizi Sizden haýyş edýäris. (Birleşigimiz tarapyndan ýokarda görkezilen seneden soňra ugradylan resminamalaryň kabul edilmejekdigini habar bermegiňizi haýyş edýäris).

Hormatlamak bilen,
Guramaçylyk topary