Atlar ilki söweş arabalaryna goşulypdyr. Soň-soňlar bolsa münmek üçin peýdalanylypdyr. Ata münmek üçin oňa at esbaplary gerek bolupdyr. Gadymy döwre degişli bolan atlar baradaky maglumatlara salgylansaň, Merkezi Aziýa tutuş adamzadyň eldekileşdiren atlarynyň mesgeni hökmünde göz öňüne gelýär. Goňurdepede uzak ýyllaryň dowamynda gazuw-barlag işlerini geçiren alym, professor W.I.Sarianidi: “Uly atyňdäl-de, taýçanaklaryň dolulygyna saklanyp galan şekilniň tapylmagy bu ýerde atlary eldekileşdirmegiňýa-da olary peýdalanmagyňhas irki döwürde başlanandygyny subut edýär” diýip belleýär. 

Gadymy Nusaýda gazuw-agtaryş işlerini geçiren rus alymy W.N.Pilipko irki gadymy Parfiýa döwletinde ahalteke söweşjeň atlarynyň bolandygyny aýdýar. Gadymy Änew depelerinde 1904-nji ýylda gazuw işlerini geçiren amerikaly alym Rafael Pampelli bu ýerde has irki döwürlerde, hatda neolit döwründe hem eldekileşdirilen atlaryňbolandygy baradaky maglumatlary berýär. Bularyňhemmesi türkmen bedewiniň, arassa tohumly ahalteke  atlarynyň gelip çykyşynyňgadymy türkmen topragydygyny subut edýär.