Ýurdumyzyňatçylyk sungatyna mynasyp goşant goşan ussat seýisleriňbiri Gaýpa Japy seýis hakdaky gürrüňler şu gün hem il arasynda janly rowaýat ýaly bolup ýaşap ýör. Gökdepe etrabynyň Gorjow obasynda ýaşan Gaýpa aga öz döwründe ençeme meşhur atlary ösdürip ýetişdiripdir. Bular barada professor Belenogowyň1957-nji ýylda çapdan çykan «Ahalteke atlary» atly kitabynda hem kän gyzykly maglumatlar berilýär. 

Gaýpa aganyňseýislän atlarynyňbiri hem Saýawan atly ahalteke atydyr. Bu atyňçapyksuwary Ýemşik lakamly Begmyrat Myradow eken. Saýawan ilkibaşda ýaryşa goşulanda, beýleki atlardan yza galypdyr. Bu ýagdaý Gaýpa aganyňsynçy nazaryndan sypmandyr. Ol Saýawanyňdişiniňagyrýandygyny, şol sebäpli onuňot-iýmini gowy çeýnäp bilmeýändigini, onuňbeýleki atlardan galmasynyňsebäbiniňhem şondandygyny bilipdir. Seýis öz atyny gowy bejerip, täzeden ýaryşa goşýar. Şondan soňSaýawan birnäçe gezek yzly-yzyna ýeňiş gazanýar. 

Şeýle meşhur seýisleriňýene biri hem Gökdepe etrabynyňKörsagyr obasynda ýaşap geçen Hydyrguly seýisdir. Hydyrguly aganyňGaragyr atly meşhur aty öz döwründe meşhur kinorežissýor Alty Garlyýewiňsurata düşüren «Aýgytly ädim» kinofilmindäki Suşnýak atly at bolupdyr. Şol filmdäki Suşnýak Eziz hanyňaty hökmünde görkezilýär. 

Türkmen seýisçilik sungaty barada gürrüňedilende, 1904—1984-nji ýyllarda Babarap obasynda ýaşap geçen Bajam Kowus ogluny hem ýatlaman geçmek bolmaz. Ol iňlis şa zenany Ýelizaweta sowgat berlen şöhratly Meleguşuňseýsidir. Bu hakda hormatly Prezidentimiziň«Ahalteke bedewi — biziňbuýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitabynda hem gymmatly maglumatlar berilýär. 

Meşhur seýis Gelen aganyňogly Aýlawmyrat hem behişdi bedewleri ýetişdirip, ata kesbini mynasyp dowam etdirýär. Aýlawmyradyňýetişdiren Artabas, Algyr, Akort, Owadan, Figura ýaly atlary Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilýän bedew ýaryşlarynda birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Bu gün Gelen aganyňhormatly kesbini onuňagtygy Myrat Gelenow, çowlugy Guwanç Gelenow dagy dowam etdirýärler. 

Şöhratly, Gökdepe, Ýerli, Oda ýaly birnäçe meşhur atlaryňseýsi Zaman Rejebow ady belli seýis Bajam Kowusowyňşägirdidir. Şeýle meşhur seýisleriňýene biri Türkmenistanyňat gazanan atşynasy, Hormatly il ýaşulusy Geldimuhammet Annalyýewdir. Onuňýetişdiren Gülsary atly bedewine her ýylda geçirilýän ýazky hem-de güýzki at çapyşyklarynda ýörite baýrak goýulýar. Gülsaryny hem-de Mysal, Gökleň, Garagum ýaly şöhratly bedewleri ýetişdiren meşhur seýis, Türkmenistanyňat gazanan atşynasy Geldimuhammet Annalyýew hem ýatlanylmaga mynasyp seýisleriňbiridir. 

Dorgoňur, Ýerli, Azatiki ýaly meşhur bedewleriňseýsi Amanguly Gazakow hem Türkmenistanyňat gazanan atşynasydyr. 

Türkmen seýisçilik sungatynda mynasyp yz goýan bu seýisleriňasylly ýoluny olaryňşägirtleri, ogullary, agtyk-çowluklary dowam etdirýärler. Berkarar döwletimiziňbagtyýarlyk döwründe olara uly sarpa goýulýar. Seýisçilik, atşynaslyk sungatyny belent derejelere göteren hormatly Prezidentimiziňjany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!