Atly ýörişleriň anyk seneleri barada aýdylanda, halkymyzyň şöhratly ogly Jelaletdin Meňburnuň (1220—1231 ýý.) basybalyjy mongollar bilen darkaş gurap, sähra siňip gidişinde, ele düşmezek gaýduwsyz türkmen serkerdesiniň gahrymançylykly söweşlerinde ýeňiş gazanmagynda gaçsa gutulýan, kowsa ýetýän behişdi bedewlerimiziň aýratyn paýynyň bardygy taryhy çeşmelerde bellenilýär. Watanyň gerçek ogly Jelaletdin Meňburun Gürgençden (häzirki Köneürgenç) Nusaýa, Nusaýdan Perwana (häzirki Owganystan), ondan hem Hind derýasynyň kenaryna, Hindistandan Yspyhana (häzirki Eýran), Yspyhandan Yrak we Azerbaýjana meşhur türkmen bedewi bilen ýöriş edýär. Hind derýasynyň kenarynda mongol basybalyjylary bilen bolan aýgytly söweşde özüni halas eden atyny Jelaletdin soň hiç haçan münmändir, ony bezäp-besläp, uly hormat bilen ähli ýörişlerde hemişe ýanynda saklapdyr.

1267-nji ýylda Marydan Anadola (häzirki Türkiýe) ýöriş eden Ärtogrul Gazynyň 500 sany saýlama atlylary müňlerçe kilometr ýoly sag-aman geçip, barmaly menzile barýarlar.

1863-nji ýylda Türkmenistanda bolan belli gündogarşynas Arminiý Wamberi “Orta Aziýa syýahat” atly kitabynda “Ata artlaşyp münen türkmeniň 36 sagatlap hiç ýerde durman, aty öňürdekledip sürüp gidendigine men gözli şaýat” diýip ýazýar. Eger-de at her sagatda, takmynan, 7—8 kilometr ýol geçipdir diýip hasap etsek, onda atyň tas 300 kilometr ýoly durman geçendigi belli bolýar. Munuň özi atly ýörişiň taryhynda absolýut rekorddyr.

Professor M.I.Belonogow Russiýada neşir edilýän “Atçylyk” žurnalynyň XIX asyryň segseninji ýyllarynda çap eden maglumatlaryna salgylanyp, Eýrandan gaýdan türkmenleriň ýomut atlary bilen Tährandan Türkmenistana çenli aralygy üç günde geçendigini belleýär.

1935-nji ýylyň 30-njy maýyndan 22-nji awgusty aralygynda Aşgabat — Moskwa atly ýörişi geçirildi. Ýörişe türkmen halkynyň dünýä atçylygyna peşgeş beren ahalteke we ýomut tohum atlaryna atlanan 33 sany türkmen jigidi (käbir çeşmelerde 30 sany) we beýleki kömekçi işgärlerden ybarat topar gatnaşdy. Atly türgenler bu ýörişe iki aý öňünden taýýarlyk görüpdirler. Atly ýörişleriň taryhy boýunça ýörite iş ýazan Jumamyrat Gurbangeldiýew ýörişiň ugry barada şeýle ýazýar: “Diňe bir öz döwri üçin däl, eýsem, häzirki günde hem ägirt uly töwekgelçiligi talap edýän bu ýörişiň geçmeli ugry serhetçi serkerde (ýörişiň baştutany) Semýon Pawlowiç Sokolow we Nepes Garahan (serkerdäniň orunbasary) tarapyndan deslapdan Aşgabatdan Aktýubinskä çenli aralyk barlandy. Netijede, ýörişiň meýilnamasyna üýtgetme girizilýär. Ondan Aralyň gündogaryndan Kazalinskä çenli aralyk aýryldy. Çünki bu aralykda geçmesi kyn batgalyklar bardy. Olardan sowulmak üçin Aral deňziniň günbataryndan geçmek bellenildi. Bu bolsa ýoluň umumy uzynlygyny 350 kilometr gysgaltmaga mümkinçilik berdi. Çapyksuwarlaryň iň ýaşy Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabyndan Illi Täşliniň 19 ýaşy bar eken. Ýörişe gatnaşyjylaryň ýaşulusy bolsa tejenli 55 ýaşly Gabyş Mämiş bolupdyr. Şol ýörişde atly jigitlerimiz 84 günde 4300 kilometr aralygy sag-aman geçip, Moskwa baryp ýetipdirler. Bu ýöriş türkmen atlarynyň uzak aralyga ýörişe iňňän çydamly atlardygyny bütin dünýä jar etdi”.

XX asyryň 30-njy ýyllarynda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň gatnaşmagynda şol döwrüň syýasy wakalaryna bagyşlanyp, birnäçe atly ýörişler guralýar.

1945-nji ýylyň sentýabrynda Beýik Ýeňşiň şanyna 500 kilometr aralyga marafon at çapyşygy geçirildi. Bu ýaryşa öňki soýuzda ösdürilip ýetişdirilýän ýyndam atlaryň sekiz tohumyna degişli atlar — şol sanda ahalteke, ýomut, arap, iňlis we beýlekiler gatnaşdyrylypdyr. Ýaryşyň şerti boýunça atlar her günde 100 kilometr aralygy durman, çapyp geçmeli eken. Şeýlelikde, bäş gün dowam eden marafon at çapyşygynyň netijesi boýunça birinji orna Baýramaly etrabynyň Tarlan atly ahalteke gyr aty, ikinji orna Köneürgenç etrabynyň Parahat atly ýomut aty, üçünji orna Boldumsaz etrabyndan Garaguş atly ýomut aty mynasyp bolýar.

1945-nji ýylda taryhy Aşgabat — Moskwa atly ýörişine üstünlikli gatnaşan Arap atly ahalteke atynyň şöhratly ady rowaýata öwrülýär. Ýöriş üstünlikli tamamlanandan soň, ençeme saýlama bedewleri, şol sanda Araby hem şol döwrüň harby serkerdelerine sowgat berýärler. Arap Goranmak ministrliginiň athanasynda bolup, atly sportuň ähli görnüşleri boýunça uly şöhrata mynasyp bolýar. 1947-nji ýylda 17 ýaşly Arap atly meşhur bedew 2 metr 12 santimetr beýiklikdäki päsgelçilikden böküp, rekordy täzeledi. Soňra bu dereje 1949-njy ýyla çenli saklandy.

1952-nji ýylda doglan Arabyň nesli bolan Absent (Arap — Bakkara) altmyşynjy ýyllarda türkmen atçylygyna uly şöhrat getiren bedewleriň biridir. Ol Rim (1960), Tokio (1964) hem-de Mehiko Olimpiadalarynda atly sportuň at münmegiň ýokary mekdebi (dresaž) görnüşleri boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolup, “Asyryň sport aty” diýen hormatly ady alypdy. Soň bu şöhratly ahalteke bedewiniň hormatyna onuň doglup önüp-ösen ýeri Lugowuskoý atçylyk zawodynyň (Gazagystan) hem-de Tokio aýlawynyň öňünde bürünçden ýadygärlik oturdyldy.

1950-nji ýylda Mary eskadrilýasynyň atly türgeni Alekseý Iwanowiç Şirinkin Moskwada geçirilen Bütinsoýuz spartakiadasynda Perepel atly ahalteke bedewi bilen 8 metr 78 santimetr uzynlyga böküp, spartakiadanyň çempiony bolýar.

1973-nji ýylda Minsk şäherinde atçy oba sportçularynyň arasynda geçirilen atly sport ýaryşlarynda «Aşgabat» atly sport klubunyň türgeni Rafik Wakipowiç Pirogow Globulin diýen ahalteke aty bilen atly sportuň konkur görnüşi boýunça şahsy birinjiligi eýeläp, spartakiadanyň çempiony diýen belent ada eýe bolýar. Atly sportuň üç görnüşli ýaryşlary boýunça ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp bolýar. Şol ýaryşlarda Durdymyrat Kanaýew hem Borispol diýen aty bilen beýiklige bökmek boýunça şahsy üçünji orny eýeläp, bürünç medala eýe bolýar.

1986-njy ýylda Aşgabat — Köneürgenç — Aşgabat aralygynda atly ýöriş üstünlikli geçirildi. Tomsuň jokrama yssysynda geçirilen ýörişe gatnaşyjylaryň öňünde Garagumy ilki ilerden gaýralygyna, soňra gaýradan ilerligine kesip geçmek wezipesi goýlupdy. Bu atly ýörişiň maksady bolsa ahalteke atlarynyň mümkinçiliklerini tebigy şertlerde ýene bir gezek barlamakdan ybaratdy. Ýörişe gatnaşyjylar gidişin günde ortaça 65 kilometr ýol geçen bolsalar, Köneürgençden yza gaýdyşyn 100 kilometr ýol geçmegi başardylar. «Atalaryň şöhratly ýoly bilen!» diýen şygar astynda geçen ýöriş 23 gün dowam etdi. Belli ahalteke atlarynda 11 adam tomsuň yssy hem jöwzaly şertlerinde çöllügiň içinden 1300 kilometr aralygy geçip, ahalteke atlarynyň çydamlylygyny ýene bir gezek dünýä äşgär etdiler.

1987-nji ýylda Aşgabat — Guşgy (häzirki Serhetabat) — Aşgabat ugry boýunça atly ýöriş amala aşyryldy.

1987-nji ýylda Aşgabadyň atly sport klubunyň türgeni Durdymyrat Kanaýew Pýatigorsk şäheriniň aýlawynda geçirilen Bütinsoýuz atly sport ýaryşlarynda päsgelçiliklerden bökmek (konkur) boýunça 2 metr beýiklikde goýlan dürli päsgelçiliklerden atly böküp, birinji ýere mynasyp boldy. Şol ýaryşda Türkmenistanyň atly sport boýunça ýygyndy topary baýrakly ikinji orna mynasyp bolupdy.

1988-nji ýylda ikinji gezek Aşgabat — Moskwa aralygynda atly ýöriş geçirildi. Bu ýörişe ahalteke we ýomut tohum atlaryna atlanan ildeşlerimiziň 17-si gatnaşdy we Moskwa çenli 3200 kilometr aralygy 60 günde geçmegi başardylar. Olaryň iň ýaşkiçisi Atçapar Babaýew 14, iň ýaşulusy Narbaý Rejebow 64 ýaşyndady. Taryhy atly ýörişe gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, atly ýörişi Leningrada (häzirki Sankt-Peterburg) çenli dowam etdirmäge atlaryňam, türgenleriňem mümkinçiligi bar eken.

1995-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň çet künjeklerinden Aşgabada çenli köpçülikleýin atly ýörişleri geçirildi.

1997-nji ýylda Gökdepe — Çüli (häzirki Gökdere) — Babarap — Owadandepe — Gurtly — Gypjak — Aşgabat ugry boýunça 160 kilometr aralyga geçirilen marafon at çapyşygynda Mälik Taýlyýewiň erk eden Daşaýak atly dor aty bellenilen aralygy 9 sagat 52 minutda geçip, ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ikinji orna Peýkam atly gara dor at mynasyp boldy.

1999-njy ýylda Moskwa şäheriniň Ramensk aýlawynda geçirilen halkara marafon ýaryşynda ussat çapyksuwar Guwanç Agamyradowyň erk eden Peýkam atly ahalteke bedewi birinji baýrakly orna mynasyp boldy.

Ýene-de şol ýylda Moskwa şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen halkara ýaryşda ussat çapyksuwar Guwanç Agamyradow Peýkam bilen 120 kilometr aralyga geçirilen marafon ýaryşynda birinji orny eýeleýär. Peýkam bellenen aralygy 7 sagat 32 minutda geçmegi başarýar.

Ussat çapyksuwaryň Peýkam bilen üstünlikli ýoly soň hem dowam edýär. G.Agamyradowyň çapyksuwarlyk etmeginde Peýkam 2011-nji ýylda 120 kilometr aralyga geçirilen marafon ýaryşynda hem pellehana ilkinji bolup geldi.

Ýene-de şol ýylda Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Pýatigorsk aýlawynda geçirilen Russiýanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrundaky halkara at çapyşygynda Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, halypa seýis Ilmyrat Agamyradowyň seýislän, ussat çapyksuwar Baýly Begliýewiň erk eden Goar-Tamaly diýen atlaryň neslinden bolan Gökhan diýen ahalteke bedewi (Gelşikliniň ugry) Baş “Russkiý Argamak” baýragyna mynasyp boldy.

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy — 2008» atly VI halkara ýaryşynda 90 kilometr aralyga guralan marafon çapyşygyna goşulan atlaryň arasynda ussat çapyksuwar Guwanç Agamyradowyň erk eden Akylly (Akyldar we Arçyn atly atlaryň neslinden) atly ahalteke bedewi pellehana ilkinji bolup geldi. Ýaryşyň ikinji baýrakly ornuna ýurdumyzdan ýene-de bir ahalteke bedewi — ussat çapyksuwar Toýlymyrat Babaýewiň çapyksuwarlyk etmeginde Garader atly bedew mynasyp boldy. Türkmen atlary bu halkara ýaryşyň 2009-njy ýylda geçirilen tapgyrynda hem ýyndamlygyny görkezdi.

Bu sanawy näçe uzaltsaň, uzaldyp oturmaly. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halypa atşynas, ussat çapyksuwar Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde behişdi bedewlerimiziň halkara abraýy barha ýokary galýar. Bedew ýylynyň — 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy bilen atly sportuň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşulmagy türkmen bedewleriniň atly sportda şöhrat gazanjak günleriniň täze taryhy sahypasyny açdy. Milli buýsanjymyza öwrülen türkmen behişdi bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä dolduran Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-günümiziň eşretli geljegi üçin alyp barýan tutumly işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris.