Bulary bize ajaýyp ahalteke atlaryny ýetişdiren, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Babaly Taýmazow gürrüň beripdi.

Ýurdumyzyň atçylyk sungatyna mynasyp goşant goşan ussat seýisleriň biri Gaýpa Japy seýis hakdaky gürrüňler şu gün hem il arasynda janly rowaýat ýaly bolup ýaşap ýör. Gökdepe etrabynyň Gorjow obasynda ýaşan Gaýpa aga öz döwründe ençeme meşhur atlary ösdürip ýetişdiripdir. Bular barada professor Belenogowyň 1957-nji ýylda çapdan çykan «Ahalteke atlary» atly kitabynda hem kän gyzykly maglumatlar berilýär.

Gaýpa aganyň seýislän atlarynyň biri hem Saýawan atly ahalteke atydyr. Bu atyň çapyksuwary Ýemşik lakamly Begmyrat Myradow eken. Saýawan ilkibaşda ýaryşa goşulanda, beýleki atlardan yza galypdyr. Bu ýagdaý Gaýpa aganyň synçy nazaryndan sypmandyr. Ol Saýawanyň dişiniň agyrýandygyny, şol sebäpli onuň ot-iýmini gowy çeýnäp bilmeýändigini, onuň beýleki atlardan galmasynyň sebäbiniň hem şondandygyny bilipdir. Seýis öz atyny gowy bejerip, täzeden ýaryşa goşýar. Şondan soň Saýawan birnäçe gezek yzly-yzyna ýeňiş gazanýar.

Şeýle meşhur seýisleriň ýene biri hem Gökdepe etrabynyň Körsagyr obasynda ýaşap geçen Hydyrguly seýisdir. Hydyrguly aganyň Garagyr atly meşhur aty öz döwründe meşhur kinorežissýor Alty Garlyýewiň surata düşüren «Aýgytly ädim» kinofilmindäki Suşnýak atly at bolupdyr. Şol filmdäki Suşnýak Eziz hanyň aty hökmünde görkezilýär.

Türkmen seýisçilik sungaty barada gürrüň edilende, 1904—1984-nji ýyllarda Babarap obasynda ýaşap geçen Bajam Kowus ogluny hem ýatlaman geçmek bolmaz. Ol iňlis şa zenany Ýelizaweta sowgat berlen şöhratly Meleguşuň seýsidir. Bu hakda hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly ajaýyp kitabynda hem gymmatly maglumatlar berilýär.

Meşhur seýis Gelen aganyň ogly Aýlawmyrat hem behişdi bedewleri ýetişdirip, ata kesbini mynasyp dowam etdirýär. Aýlawmyradyň ýetişdiren Artabas, Algyr, Akort, Owadan, Figura ýaly atlary Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilýän bedew ýaryşlarynda birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Bu gün Gelen aganyň hormatly kesbini onuň agtygy Myrat Gelenow, çowlugy Guwanç Gelenow dagy dowam etdirýärler.

Şöhratly, Gökdepe, Ýerli, Oda ýaly birnäçe meşhur atlaryň seýsi Zaman Rejebow ady belli seýis Bajam Kowusowyň şägirdidir. Şeýle meşhur seýisleriň ýene biri Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Hormatly il ýaşulusy Geldimuhammet Annalyýewdir. Onuň ýetişdiren Gülsary atly bedewine her ýylda geçirilýän ýazky hem-de güýzki at çapyşyklarynda ýörite baýrak goýulýar. Gülsaryny hem-de Mysal, Gökleň, Garagum ýaly şöhratly bedewleri ýetişdiren meşhur seýis, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Geldimuhammet Annalyýew hem ýatlanylmaga mynasyp seýisleriň biridir.

Dorgoňur, Ýerli, Azatiki ýaly meşhur bedewleriň seýsi Amanguly Gazakow hem Türkmenistanyň at gazanan atşynasydyr.

Türkmen seýisçilik sungatynda mynasyp yz goýan bu seýisleriň asylly ýoluny olaryň şägirtleri, ogullary, agtyk-çowluklary dowam etdirýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe olara uly sarpa goýulýar. Seýisçilik, atşynaslyk sungatyny belent derejelere göteren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!