Türkmen aty, halysy, dutary, ak bugdaýy, şaý-sepleri, alabaý iti, bularyň ählisi-de halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarydyr, adamzadyň maddy medeniýetine goşan ägirt goşandydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli gymmatlyklarymyzyň, şol sanda behişdi bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Şu ýylky bedew baýramy günlerinde ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ösmeginde bitiren hyzmatlaryny, dünýäde türkmen atçylyk sportunyň abraýynyň ýokary galmagyna goşan goşandyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň Mejlisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda karar kabul etmegi il-halkymyzda çäksiz buýsanç döretdi. Hormatly Prezidentimiziň milli atçylyk pudagyny ösdürmekde bitiren işleri sanardan kän, olar hakynda söz açmak hemişe ýakymly. Bu söhbetler kalbyňa ylham berýär.

Ata-babalarymyzyň uly yhlas, zehin bilen janly sungat derejesine ýetiren bedewleri dünýäde meşhurlyk gazanyp, halkymyzyň adyny, şan-şöhratyny Zemine ýaýypdyr. Gadymy ýazuw ýadygärliklerinde halkymyzyň taryhyna, edebiýatyna, diline, medeniýetine we ylmyň beýleki ugurlaryna degişli kitaplar bilen birlikde türkmen bedewlerine dahylly ýazuw ýadygärlikleri-de az däldir. Baryp, biziň eýýamymyzdan öň (356—320-nji ýyllar) Aleksandr Makedonskiniň tabşyrygy bilen ýazylan “Isgenderiň bedewnamasy” atly eserde, Parfiýa çeşmelerinde, oguz-orhon ýazgylarynda türkmen atlary, olaryň taryhy barada gyzykly gürrüňler berilýär. Miladydan öňki 8000—4000-nji ýyllar aralygynda Orta Aziýada, Günorta Türkmenistanda ýabany atlaryň bolandygyny we olaryň eldekileşdirilip başlanandygyny alymlar ýazýarlar. Biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda ýaşap geçen, Oguz eposynyň belli gahrymany Alp Ar Tunga: “Aý asmana nähili derwaýys bolsa, at hem är ýigit üçin şol derejede gerekdir diýipdir”.

At waspy türkmeniň ähli döwürlerinde-de öz beýanyny tapypdyr.

Atdan ýyndam, atdan duýgur, atdan güýçli, atdan ýeňil gopýan hiç bir jandaryň ýokdugyny bedewler ähli döwürlere, ähli nesillere subut edip gelýärler. Isgender Zülkarneýn söweşe gitjek bolanynda Aristoteli ýanyna çagyryp, ýörişe ýarawly, uzaga çydamly atlary taýýarlamagy tabşyrar eken.

Tebigy gözelligi, owadanlygy özüne siňdirip bilen bedewlerimiziň ajaýyp türkmen topragynda ösüp ýetişmeginde, müň öwüşginli türkmen tebigatynyň gujagynda kemal tapmagynda uly many bar. Türkmeniň tylla güneşli sährasy, jana şypa beriji mahmal howasy, dürli ösümlikleriň melhemlik güýji, durnagöz çeşme suwy bedewlerimiziň keşbiniň zynatlanmagyna getiripdir.

Ata-babalarymyz behişdi bedewlere bolan söýgüsini, hormatyny nakyllaryň üsti bilen beýan edipdirler. “At ady bilen, ýigit ody bilen”, “At aýagy gitgir, ozan dili ötgür”, “At dosty — ata dosty”, “At — ýigidiň diregi, haly — gyzyň ýüregi”, “Atlynyňky — alynda, düýeliňki — töründe” ýaly onlarça parasatly pähimler söz mirasymyzyň dürdäneleridir. Bu dürdäne pähimler ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňynda milli gymmatlyklarymyza bolan synmaz söýginiň kemal tapmagynda diýseň uly ähmiýete eýedir.

Eziz ýurdumyz dal bedewleri bilen dünýäniň ünsüni has-da özüne çekýär. Watanymyza döwlet sapary bilen gelýän belent mertebeli myhmanlar atly ýigitleriň hatary bilen garşylanýar. Myhmanlar ýurdumyzda bolmagynyň çäginde ahalteke atçylyk toplumlarynda bolup görmegi uly dereje bilýärler. Ýurdumyzda atlarymyza bagyşlanyp yzygiderli geçirilýän gözellik bäsleşikleri-de, halkara maslahatlar-da milli Liderimiziň bedew atlarymyza goýan uly sarpasyndan nyşandyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2010-njy ýylyň awgust aýynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy esaslandyryldy we hormatly Prezidentimiz şol assosiasiýanyň Prezidentligine saýlandy.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi-de, halypa atşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy-da döwletimizde atçylygy ösdürmäge aýratyn uly üns berilýändigini görkezýär.

Türkmeniň bedew atyna bolan uly söýgüsini, çäksiz yhlasyny biz Gahryman Arkadagymyzyň hut özünde görýäris. “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby öz halkyna sowgat beren hormatly Prezidentimize il-halkymyzyň hoşallygy çäksizdir.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde 2011-nji ýylda ýörite atçylyk hünäri açyldy. Bu hünärde okaýan talyplarymyz hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyndan sapaklary geçip, atlary bakmagy, seýislemegi, çapyşyklara taýýarlanmagy, çapmagy, iýmitlendirmegi, eýer-esbap, şaý-sep dakmagy we ata münmegiň tärlerini öwrenýärler. Atçylyk hünärinde okaýan talyplar ahalteke atlaryna mahsus bolan reňkleriň aýratynlygy, olaryň çydamlylygy, ýyndamlylygy barada çuň manyly, inçe syrly düşünjeleri yzygiderli özleşdirýärler.

Talyp ýaşlarymyz nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde çuňlaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gurduryp beren, dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk toplumlarynda professor-mugallymlaryň, ýerli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda okuw we önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Şeýle hem ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine, ýurt we halkara derejesindäki maslahatlara hem işjeň gatnaşýarlar.

Milli Liderimiz atçylyk sportuny ösdürmek babatda uly tagallalary edýär. At münmek, atçylyk sportuny ösdürmek — sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewi bolup, ýaşlarda çalasynlygy, dogumlylygy, edermenligi terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Atçylyk sportunyň ösmegi, kämilleşmegi ýaşlarda terbiýäniň beden, ahlak, zähmet, akyl, estetiki terbiýe ýaly görnüşlerini kämilleşdirmäge uly ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzy dikeltmekde alyp barýan beýik işlerine halkymyz çäksiz alkyş aýdýar. Ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp ýörelgäniň esasynda bitirilýän işler biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Bu işler Berkarar ýurdumyzyň bedew badyna bat goşýar. Şeýle döwletli işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!