Arkaba-arka gelýän kesbi-käre maşgaladaky ogullaryň barjasy-da telwas eýlär: ýöne ojak eýesi bu kesbi ata-baba dowamat nesibesi üçin ogullaryň has üşük-başarnyklysyna, ygrar-höweslisine ynanýar. Bütin ömrüne at seýisläp, bu käri kämillik derejesine ýetiren, diňe bir Gubadag etrabynda däl, eýsem, welaýatyň çäginde meşhur seýis hökmünde tanalan Öwez aganyň turuwbaşdan ogly Kakabaýa syny oturdy, bilýän zatlaryny oňa öwretdi. Meşhur seýsiň ýyndam atlary baradaky mahabatly gürrüňler has alyslara ýaýrady. Uly toýlary baglan bu ýyndam bedewleri bir görüp gitmek üçin bu ojaga gelýänlerem, olara hyrydarlyk edip, bahalaýanlaram az däldi. “Atyň belli bahasy bolýan däldir” diýip, seýis olary yzyna gaýtarardy. Gelen hyrydar kişiniň garasy ýitdigi, Öwez seýis ogluna tarap ündewli garardy: “Mähriň inip, söýgiň siňen atyňy başga birine bermeli däl — diýip, ol aýdardy — At senden gören mährini hijem başga ýerden tapabilmez”. Soň-soňlar, özbaşdak at bakyp, seýisläp ugran çaglary Kakabaý atasynyň bu sözleriniň manysyna düşündi.

Onuň Howandar diýen bir ajaýyp aty bardy, uly toýlarda öňüne at geçirmezdi. Ilerki obada ýaşaýan agasy howlynyň töründäki athana gelmesini ýygjamlaşdyrdy. Teýahyr göwnündäkini dile aldy: “Şu aty maňa beräýmel-ä sen”. Oňa kakasynyň sargydyny aýdyp gördi, emma sözi ýer almady. Agasy şol bir depen ýerini depdi durdy. Durmuşyň bu tapmaça misil öwrümine bir serediň: mizanyň sagynda höwrügen atynyň ykbaly, solunda bolsa, agasynyň hiç mahal tersan çözülmejek towakgasy. At janawar howlyň giň açylan derwezesinden idilip çykjak pursady boýnuny egreldip, gubarly gözlerini aýlady. Şol müddet seýsiň bütin endamy jigläp gitdi, her-nä syr bermedi. Aradan aý çemesi wagt geçdi, ol at toý mähellesiniň syn meýdanyna çykaryldy. Hemişe öňatly bolan ýyndam bedewiň aýak urşy egsildi, aýlawyň başy bolmady. Soňra ýene bir toýa eltip gördüler, ýene şol öňki heň gaýtalandy. Bir günem agşam agasy ýüzüni sallap geldi: “Inim, atyňy özüň bir görüp gaýdaweri, iýmekden-içmekden galyp barýa, delmuryp, ýatagyň gapysyna garap durşy oň”. Athana onuň golaý gelenini gören badyna at bar deramatyny jemläp, uly kişňedi. Kakabaý onuň alnyny sypady. Gamyşgulak bedewiň ýyly demi onuň ýüzüne çabrady. Seýsiň ahmyr kylyp, janawardan uzur sorap duran bu görnüşi agasyna täsir eden bolarly: ol uzak saklanyp bilmedi, bogazy dolup, ejizledi.

At deýin syzgyr jandar barmyka?! Aý ýarym jydalykdan soň özüni dürsän atyny seýis aýlawa alyp bardy. Atyny baýraga salmak, çapdyrmak niýeti ýokdy, diňe çapyşygyň şowhunyny görkezmek isläpdi. Atlar ula ugradylar. Ine, şol pille seýis atyň endamynyň ot ýaly lowlap ugranyny duýdy. Wagty bolanda guş uçsa, at çapsa ýagşy; ony bu şowhundan binesip kylmak ybaly däl. Kakabaý seýis bäşinji çapyşygyň yglan edilerine mähetdel atynyň sagrysyna ýuwaşja kakyp goýberdi, atçapar oglana uýany uzatdy. Toýnaklardan ot çykyp, gamyşgulaklar ýapyrylyp ugrady. Ol beýleki atlary bir boýun yzda galdyryp, pellehana ilkinji geldi.

Häzir bu atyň nesli Sakardag uly toýlaryň gelşigine, aýlawlaryň öňatlysyna öwrüldi. Bu at otuz çapyşykdan diňe üç sanysynda baýraksyz çykdy. Galan çapyşyklaryň barysynda ol esli öňe saýlanyp, birinji geldi.

Gubadag etrabynyň “Bereket” geňeşliginden Kakabaý Esenmyradowyň seýislik kesbi-kärinde şeýle wakalar az bolmady. Öz ömrüni bu käre bagyş eden ussat seýis bu günki gün atlary ösdürip ýetişdirmegiň inçe syrlaryny şägirtlerine öwredýär. Häzirki wagtda welaýat derejesinde geçirilýän uly toý-dabaralarda onuň ýyndam atlary aýlawlara goşulýar. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, nusgalyk derejesine ýetiren seýisçilik kesbi-käri oňa at-abraý getirdi. Etrapda tutulýan toýlarda at çapyşygy geçirilýän bolsa, ondan hökman maslahat soraýarlar. Il-günüň beýemçisi bolmak, ýagşy sözüň, ýagşy işleriň bilen tanalmak ynsan durmuşyny bezeýän sypatlardyr.

— Bedew ata diňe ot-iým bermek ýeterlik däl — diýip, seýis aýdýar — Oňa ýyly mähir, arassa söýgi has zerurdyr. Adam bu syzgyr janawar bilen şeýle bir höwrügýär welin, bu duýgyny hiç bir zat bilen çalyşmak mümkin däl. Pederlerimiz ony syrdaş dosty, ýakyn gardaşy hasaplapdyrlar. Hon-ha, ol taýçanagyň şadyýan bökjekläp, çar ýana ýüz salşyny bir synlaň! Onuň bedeni berkäp, merdemlenýär. Keramatly diýip at goýduk oňa. Şapak ýerden göteriliberende, gezime çykarýaň welin, onuň reňki öwşün atýar. At ylahyň keramaty bilen ýaradylan jandar. Bir sereden adam ondan asyl gözüni aýryp bilmez. Gahryman Arkadagymyz sahawat-keremi bilen türkmen bedewiniň sarpasyny beýgeltdi, toýlarymyzyň ýaraşygy bolan ahalteke atlarynyň şöhratyny artdyrdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky kaşaň atçylyk sport toplumlary behişdi bedewlere söýgüden hem guwançdan kemal bolan binalardyr. Kän atlary seýisledim, uly toýlary baglan bedewleri ýetişdirdim. Uly aýlawlara eltilip, saý-sebäp bilen goşulmadyk atlaryň arman edip, aglanyny gördüm. Adamyň iň wepadar ýoldaşy saýylan bedewleriň şular ýaly duýgurlygy haýran galdyrýar.

Maşgalamyzda ata bolan hormat-sarpanyň, söýginiň uludygyna begenýärin. Ogullarymyň hersi bir käriň eýesi. Maksat, Kuwwat işden geldikleri atlardan habar almaga howlugýarlar. Olara seýisçiligi öwredýän. Ata-baba kesp-käriňiň dowam etdirilýändigini görmek uly bagtdyr. Ynsan kalbyny bezeýän däp-dessurlarymyzy täze röwüşlerde dikeldýän, şeýle bagtyýarlygy peşgeş berýän hormatly Prezidentimize näçe alkyş aýtsaň azdyr. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe ileri bolmagyny arzuw edýäris!

Zemin üzre ýel deý süýnüp barýan bedew atlar bir enaýy ruhy joşgun, köňül baýlygyny eçilýär. At ynsan üçin döwletliligiň nyşany hasaplanýar. Onuň gadamy ýaraşan ýerine döwletlilik gonýar. Şeýle döwletli ýerde gurulýan toýlaryň sähedi hem bagty gowuşýar, düşümli bolýar diýlip, ýagşy yrym edilýär. Toý-baýramlaryň goşalanýan nurana döwrümizde dünýä meşhur bedewleri ösdürip ýetişdirmek sungatyny dowam etdirýän, onuň inçe tärlerini ele alýan ýaş seýisleriň hatarynyň köpelýändigi has guwandyrýar. Bu käri kämillik derejesine ýetiren Kakabaý Esenmyradow ýaly halypa seýisler bolsa, halk köpçüligine aýratyn şatlyk eçilýän toý-baýramly gözel görnüşleriň şowhun bezegini artdyrýarlar. At çapan ýerde bagt bar, bu şatlyga ulaşan halka ak bagt ýaraşýar.