Türkmenler gadymy döwürlerden bäri toý-tomaşalarda ýelden ýüwrük bedewleriň arasynda tomaşaçylary heýjana getirýän bäsleşikleri gurapdyrlar. Häzirki wagtda şeýle ýaryşlar ata-babalarymyzyň köp asyrlyk däpleriniň ösdürilmeginiň nyşanyna öwrüldi. Munuň özi gudratly tebigat bilen halk sergiçileriniň bilelikde döreden täsin ahalteke atlarynyň iň gowularynyň gözden geçirilişi bolman, eýsem tizligiň we çydamlylygyň, sazlaşygyň gaýtalanmajak gözelliginiň senasydyr.

Türkmenleriň ata-babalary şöhraty ýer ýüzünde ýaýran beýik atçylyk medeniýetiniň gözbaşynda durupdyrlar. Ýaş taýçanaklara seçgi geçirip, olary beýleki tohumlar bilen garyşmakdan aýawly gorap, türkmenler ajaýyp atlaryň aýratyn nusgasyny kemala getirdiler. Gudratly türkmen topragy dünýädäki meşhur at tohumlarynyň birnäçesiniň emele gelmegine uly täsir eden, ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy çapuw atlarynyň kemala gelen mesgenidir.

Heniz gadymy döwürlerde ata-babalarymyz atlary seýislemegiň täsin tärlerini işläp düzüpdirler, olaryň netijesi diňe bir çapyşyklarda däl-de, eýsem agyr söweşlerde, haçan-da ata-babalarymyz janlaryny orta goýup, ene topragy goranlarynda synagdan geçirilipdir.

Çapyşyklar sportuň halk tarapyndan höwes bilen tomaşa edilýän milli görnüşleriniň biri bolup durýar. At çapyşyklarynyň netijesinde ýüwrük we kuwwatly türkmen bedewleri hemişe uzak ýörişlere taýýar bolupdyr. Bu türkmen ýigidi üçin hem ussatlygyň we edermenligiň mekdebi bolupdyr.

Biziň günlerimizde hem atçylyk sporty Türkmenistanda çäksiz meşhurlyga eýedir. Şonuň netijesinde ýaş nesil öz ömrüni ajaýyp ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyryp, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny dowam edýärler.

Hakyky çapyksuwary terbiýeläp ýetişdirmek köp zähmeti talap edýän uly wezipedir. Ata-babalarymyzyň bu tälimlerini ösüp gelýän ýaş nesil uly üstünlik bilen özleşdirýär. Bu hünäre baş goşan ýaş çapyksuwarlara atyň dilini tapmagy öwredýärler we diňe şonda bedew onuň hakyky dostuna öwrülýär. Diňe şundan soň at üstünde gezim etmegi öwrenmek boýunça tälim bermäge girişilýär.

Ahalteke bedewi adatdan daşary duýgurdyr. Ahalteke bedewiniň özboluşly häsiýeti bardyr. Ol adamyň özüne nähili garaýandygyny çalt duýýar. Oňa özboluşly çemeleşmek gerekdir. Bedew özüne kimiň atlanandygyny dessine aňýar. Eýerde täze çapyksuwaryň oturandygyna düşünse, onuň bilen oýnap başlaýar, çapyksuwary eýerden ýere oklamaga çalyşýar. Eger-de bedewe tejribeli çapyksuwar atlanan bolsa, at oňa aňsatlyk bilen boýun bolýar. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, bedew ýigidiň hakyky gardaşy bolandan soň öz eýesi ýaralanyp ýykylanda, ony janyndan geçip goraýar. Muňa diňe bir rowaýatlar hem-de hekeýatlar däl-de, daşary ýurtly awtorlaryň ýazan taryhy resminamalary hem şaýatlyk edýär, olar türkmen bedewiniň wepadarlygyna haýran galypdyrlar...

Şeýlelikde, asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri atlara tälim bermek bilen hakyky sungat eserini – dünýä atçylygynyň täjine öwrülen bedewleriň gaýtalanmajak görnüşini döredipdirler. Häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleri Türkmenistanda üns-alada bilen gurşalandyr, ýurdumyzda ýelden ýüwrük bedewleri saklamak we köpeltmek, milli atçylyk däplerini gaýtadan dikeltmek, atçylyk sporty ösdürmek, ussat çapyksuwar türgenleri taýýarlamak, uzak aralyklara atly ýörişleri geçirmek, päsgelçiliklerden böküp geçmek... boýunça ähli şertler döredilendir.

Ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni Aşgabat atçylyk sport toplumyna tarap ugraýar.

Ýolugra hormatly Prezidentimiz gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan köpriniň ýanynda saklandy. Bu ýerde wise-premýerler Ş.Durdylyýew we M.Artykow milli Liderimize ýol düzüminiň bu häzirki zaman desgasyny bina etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşykda ulanylýan gurluşyk serişdeleri hem-de işleri tamamlamagyň göz öňünde tutulýan möhleti barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz köprüleri, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleri hem hasaba almak bilen, Aşgabadyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda, yzygiderli ýerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň köçelerinde awtoulaglaryň sanynyň barha artýandygyny hasaba almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzyň baş şäherinde täze ulag ugurlarynyň, köprüleriň, awtobus duralgalaryň, açyk awtomobil duralgalarynyň hem-de köp gatly awtoduralgalaryň gurluşygyny yzygiderli dowam etmeginiň möhümdigini belledi.

Şäher ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň, onuň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, paýtagtymyzda awtoulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmegiň, iň esasy zat bolsa Aşgabatda ýolagçylar üçin hem, sürüjiler üçin hem amatly şertleriň döretmegiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesini üpjün etmegi, olaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagy talap edip, döwlet Baştutanymyz Aşgabat atçylyk sport toplumyna tarap ýoluny dowam etdi...

Aşgabat atçylyk sport toplumy paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny baýramçylyk görnüşinde bezelen ýagdaýda garşylaýar.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş girelgesinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurt işewürleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar, olaryň hatarynda şöhratly ahalteke bedewlerine bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen iri halkara forumlaryna gatnaşyjylar hem bar.

Hormatly Prezidentimizi milli lybasdaky gyzlar ajaýyp gül desseleri bilen garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekleýär.

Baş girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýdym-saz toparlarynyň ýaşajyk ýerine ýetirijileri öz ussatlygyny görkezýärler. Garaşsyz Watanymyzyň ösüp gelýän ýaş nesliniň wekilleri diňe bir ýerde däl-de, eýsem şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen wakalaryň hem baş gahrymanlary boldular. Paýtagtymyzyň sport mekdeplerinde tälim alýanlar gimnastika, gylyçlaşmak, söweş sungatlary, küşt we şaşka we ş.m., şeýle hem sportuň milli görnüşleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Bu ýerde, atçylyk sport toplumyna barýan ýodajyklaryň ugrunda ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary öz döreden, behişdi bedewlerimize bagyşlan nakgaşlyk eserlerini görkezdiler. Olaryň döreden eserlerini milli Liderimiz üns bilen synlady we ýaşajyk suratkeşler bilen olaryň döredijilik gözlegleri barada söhbet etdi.

Ýaşajyk suratkeşleriň, türgenleriň we artistleriň başarnyklaryna mynasyp baha berenden soň, döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda atçylyk toplumynyň binasyna girip, özi üçin ýörite taýýarlanan ýere geçýär. Dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we atçylyk pudagynyň işgärleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler tomaşaçylar münberine çykýarlar.

Dabarany alypbaryjy ähli türkmen halkyna Watanymyzyň ruhy taýdan galkynmagynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köptaraply işleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýar we döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlaýar hem-de ýurdumyzda şunuň ýaly ýokary derejede ilkinji gezek geçirilýän ýetginjek çapyksuwarlaryň at çapyşygyna badalga bermegini haýyş edýär.

Soňra ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygynyň başlanýandygy yglan edilýär.

Atçylyk sportunyň meşhur görnüşi bolan at çapyşyklary tomaşaçylarda joşgunly duýgulary oýarýar we olara hakyky lezzet berýär. Bu ýaryşlar ynsan bilen bedewiň arasyndaky sazlaşygyň haýran galdyryjy gözelligini emele getirýär.

Geçirilen ýedi at çapyşygynyň dowamynda ýurdumyzyň ýaş çapyksuwarlary özleriniň çalasynlygyny hem-de ezberligini görkezdiler. Olar baş baýraklar ugrunda bäsleşdiler.

Çapyşyklar başlanyp, bedewler aýlawyň çäge düşelen çapuw ýodajyklaryna düşende, tomaşaçylar joşgun tapdylar. Däp boýunça 1200 metr aralyga geçirilen çapuwa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Milli atçylyk sport mekdebine, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň atçylyk hojalygyna, şeýle hem hususy hojalyklara we telekeçilere degişli üçýaşar bedewleriň 7-si gatnaşdy.

Ilkibaşda bedewler biri-birine ýakyn topar bolup, çapdylar. Pellehana takmynan 200 metr galanda, bedewleriň biri has öňe saýlandy. Galanlary onuň yzyndan ýetmäge synanyşdylar, emma Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Dowamat atly gurt mele bedew yzyndan ýetdirerli däldi. Ýetginjek çapyksuwar Kerimguly Berdimuhamedow köpsanly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary we göwün göteriji sözleri astynda Dowamat atly bedewde ilkinji bolup pellehanadan geçýär we bu aralyga 1 minut 18,4 sekunt wagt görkezýär. R.Abdyýew Garagum atly bedewde ikinji orna (1 minut 19,1 sekunt), üçünji orna Merkez atly bedewde Ý.Aşyrow üçünji orna (1 minut 22,3 sekunt) mynasyp boldular.

Eýýäm birinji çapyşyk, şeýle hem ähli soňky çapyşyklar täze taryhy eýýamda häzirkizaman milli atçylyk mekdebiniň özüniň müňýyllyk däplerini üstünlikli dowam etdirýändigini görkezdi. Ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşan ähli çapyşyklarynda has yzda galan çapyksuwarlar bolmady. Bäsleşikler bellenen aralygyň başynda we ortalarynda umuman deňräk ýagdaýda geçdi. Öňde baryjy esasan pellehana golaýlaşylan wagtynda öňe saýlanyp başlady. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaş çapyksuwarlarynyň arasynda bäsdeşligiň ýokarydygyndan habar berýär.

Diňe birinji çapyşykda şeýle ýagdaý saklanylmady, şonda ýetginjek çapyksuwar bäsdeşlige badalga berlen pursatyndan başlap, tä pellehana çenli öz ýaşdaşlarynyň şowhunly elçarpyşmalary we ruhlandyryjy goldaw bermeginiň astynda ýokary tizligi saklady. Onuň bedewi uçup barýan ýalydy — onuň okgunly, çeýe we sazlaşykly çapyşy wideoşekiller haýalladylan görnüşinde monitorlarda gaýtalananda mese-mälim görünýär. Munuň özi atçylyk sport toplumynyň münberlerini dolduran köpsanly ýetginjekleriň joşgunly goldawyna eýe bolmak bilen çäklenmän, hünärmenleriň hem ykrarnamasyna eýe boldy.

Üçýaşar atlaryň 7-siniň gatnaşmagynda 1200 metr aralyga geçirilen ikinji çapuw hem çekeleşikli boldy. Pellehana ilkinji bolup, Perman atly bedewde G.Nogaýew (1 minut 19,6 sekunt), ikinji orunda (1 minut 20,3 sekunt), Ş.Bäşimow Sogap atly bedewde, üçünji orunda bolsa G.Garaýew Dorguş atly bedewde (1 minut 20,8 sekunt) geldi.

Üçýaşar bedewleriň 7-siniň gatnaşmagynda geçirilen üçünji çapuwda G.Gelenow Alguş atly bedewde (1 minut 19,9 sekunt) birinji orny, G.Garaýew Almagöz atly bedewde (1 minut 20,2 sekunt) ikinji orny, Ş.Geldimyradow Ýedigen atly bedewde (1 minut 21,1 sekunt) üçünji orny eýelediler.

Dördünji çapuwda B.Baýgeldiýew Gudrat atly bedewde (1 minut 18,8 sekunt) birinji orna, G.Garaýew Dostluk atly bedewde (1 minut 20,9 sekunt) ikinji orna, R.Abdyýew Gökýaýla atly bedewde (1 minut 28,0 sekunt) üçünji orna mynasyp boldular.

Üçýaşar atlaryň gatnaşmagynda ýedi bedewiň arasynda 1200 metr aralyga geçirilen bäşinji çapuw has-da täsirli boldy. Şunda I.Durdyýew Alguş atly bedewde (1 minut 20,8 sekunt), B.Bäşimow Kesgir atly bedewde (1 minut 22,3 sekunt) we B.Babaýew Aýýaly atly bedewde (1 minut 22,5 sekunt) ýeňiş gazandylar.

Altynjy çapuwda ilkinji üç orny G.Nogaýew Galkan atly bedewde (1 minut 20,1 sekunt), Ş.Geldimyradow Täzezaman atly bedewde (1 minut 21,9 sekunt) we A.Muhammedow Daraklyk atly bedewde (1 minut 23,3 sekunt) eýelediler.

Jemleýji ýedinji çapuwda I.Durdyýew Galkan atly bedewde (1 minut 20,8 sekunt), A.Orazlyýew Selbinyýaz atly bedewde (1 minut 21,2 sekunt) we Ş.Saryýew Parasat atly bedewde (1 minut 22,2 sekunt) iň oňat netijeleri görkezdiler.

Atçylyk sport toplumynyň münberini dolduran tomaşaçylar bedewleriň bäsleşiklerine joşgun bilen syn etdiler. Bu çapuwlarda ýeňiş gazanan atlar özüniň ýokary tizlik hem çeýelik ukyplaryny görkezmek bilen halkara nusgawy ýaryşlaryna hem gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar. Türkmen çapyksuwarlary hem şunda ýokary netijeleri görkezýärler. Muňa milli toparymyzyň halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, toplan tejribesi hem şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, Türkmenistanda şeýle ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

At çapyşyklary tamamlandan soň, asmanda sesden hem ýokary tizlik bilen hereket edýän uçarlaryň peýda bolmagy hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Uçarlary ýokary hünär başarnyklaryny doly ele alan türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar we ussatlyk derejesini görkezýärler. Bu ýere ýygnananlar asmanda uçarlaryň peýda bolmagynyň tötänlikmi ýa-da at çapyşyklarynyň guramaçylarynyň öňünden meýilleşdiren çärelerimi — muňa doly düşünmän, olaryň peýda bolmagyna bütin ýer ýüzünde asman bedewleri diýlip atlandyrylýan ahalteke atlarynyň ýelden ýüwrükliginiň we ”uçuşynyň” aýdyň nyşany hökmünde kabul etdiler. Şeýle hem türkmen atlarynyň owadanlygy üçin olara behişdi bedewler diýýärler. Atlary synlan her bir adam biygtyýar buýsanç bilen ýylgyryp başlaýar.

... Häzirki wagtda gözümiziň alnynda ýurdumyzda atçylyk toplumyny ýokary netijeli sport ulgamyna öwürmek üçin ygtybarly binýat döredildi, ahalteke bedewine uly sarpa goýýan, Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary diýen adyň eýesi milli Liderimiziň işjeň tagallalary netijesinde onuň şägirdi Kerimguly Berdimuhamedow şu gün birinji çapyşyga gatnaşyp, geçirilen ýaryşlarda iň ýokary netije görkezdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň behişdi bedewlerimiziň okgunly tizlikleri hem-de gaýtalanmajak gözelligi bilen adamlary haýran galdyrmaklaryny dowam etmegi biziň milli atçylyk mekdebimiziň täze taryhy eýýamda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan ajaýyp ýörelgeleriň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr...