Aras­sa gan­ly, asyl­ly be­de­wi­ni dos­t y, gar­da­şy, syr­da­şy saý­ýan türk­men: «Ata yh­las ede­niň ýe­di ar­ka­sy ýa­man­lyk ýü­zü­ni gör­mez» diý­ýär. Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­nyň ulu­dan toý­la­nyl­ýan gün­ le­rin­de tu­tuş öm­rü­ni at­şy­nas­ly­ga ba­gyş­lan il­deş­le­ri­mi­ziň gür­rü­ňi ru­hu­ňy gö­ter­ýär. Şun­dan ugur alyp, eý­ýäm üç ar­ka bä­ri at­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan, ne­sil­le­ri hem şu ýo­ly saý­lap alan, ýur­du­myz­da us­sat ça­pyk­su­war, ha­ly­pa se­ýis hök­mün­de ta­nal­ýan, Türk­me­nis­ta­nyň Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy, Türk­me­nis­tanyň at ga­za­nan at­şy­na­sy, Türk­me­nis­ta­nyň us­sat ha­ly­pa ça­pyk­su­wa­r y Il­my­rat AGA­MY­RA­DOW bi­len söh­bet­deş­li­gi­mi­zi oky­jy­la­ra ýe­tir­ýä­ris.

— Il­my­rat aga, siz hem us­sat ça­pyk­su­war, hem se­ýis hök­mün­de ta­nal­ýar­sy­ňyz, bu hü­närle­riň haý­sy­sy si­ze has ýa­kyn?

— Hä­zir, esa­san, at­la­ry se­ýis­le­mek, şä­girt­le­ri ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­gul­lan­ýa­ryn. Hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len şeý­le uly toý­la­rymyz­da ha­ly­pa ça­pyk­su­war­la­ryň ýa­ry­şy ge­çi­ri­lende, ola­ra-da gat­naş­ýa­ryn. Ýaş­ly­gym­dan gö­zü­mi açyp gö­re­nim şu bo­lan­soň, ma­ňa at­çy­ly­gyň is­lendik ug­ry ýa­kyn.

At­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýa­ny­ma şu ýyl 55 ýyl bol­ýar. Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na gir­ýän ýurt­la­ryň äh­li­sin­de, baş­ga-da bir­nä­çe döw­let­ler­de atça­py­şyk­la­ra gat­naş­dym. Dür­li döw­let­le­riň uly aý­law­la­ryn­da at ça­pyp, döw­let baý­rak­la­ry­ny, uly Ku­bok­la­ry, öň­dä­ki orun­la­ry alyp, he­mi­şe Wa­ta­nymy­za ýe­ňiş­ler bi­len gel­dik. Hä­zir­ki wagt­da-da seýis­le­ýän at­la­rym şeý­le ýa­ryş­lar­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar.

Ça­pyk­su­war­lyk ýa-da se­ýis­çi­lik bol­sun, iki hünär­de-de esa­sy zat — at bi­len dü­şü­niş­mek. Bu ki hü­nä­ri hem ele al­ma­gyň uly ar­tyk­maç­ly­gy bar. Öz se­ýis­län aty­ňy özüň ça­pa­nyň­da, oňa has gowy dü­şün­ýär­siň, atyň ýag­da­ýy­na be­let bol­ýar­syň.

— Si­ziň nes­li­ňiz at­şy­nas­la­ryň nes­li hök­münde ta­nal­ýar. Öz ar­ka­ňyz, maş­ga­la­ňyz ba­ra­da-da gür­rüň ber­se­ňiz!

— Atam An­na­se­ýit Ba­ba­ýew, ka­kam Aga­my­rat An­na­se­ýi­dow hem şu ugur­da yh­las et­di­ler. Olar at­çy­lyk za­wod­la­ryn­da iş­le­di­ler, hem ça­pyk­su­war, hem se­ýis bo­lup, öm­rü­ni ahal­te­ke at­çy­ly­gy­ny ösdür­mä­ge ba­gyş­la­dy­lar. Men ka­kam­dan hem-de Ba­ba­ly Taý­ma­zow­dan köp zat­la­ry öw­ren­dim. Beýle­ki us­sat se­ýis­le­ri­miz bi­len hem tej­ri­be alyş­ýa­rys.

Biz je­mi 4 do­gan. Do­gan­la­rym Mu­ham­met­myrat, Ka­ka­my­rat, Re­jep­my­rat Aga­my­ra­dow­lar hem at­çy­lyk ug­run­da iş­le­ýär­ler. Ola­ryň ogul­la­ry, ag­tykla­ry hem şu ugur­da. Ka­ka­my­ra­dyň og­ly Be­genç Aga­my­ra­dow iň ök­de ça­pyk­su­war­la­ryň bi­ri.

Iki og­lum — Döw­let­my­rat hem Döw­ran ma­ňa kö­mek­leş­ýär­ler, se­ýis­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ýarlar. Hä­zir Döw­ran Wa­tan gul­lu­gyn­da. Iki ag­ty­gym hem at­la­ra se­red­ýär. Umu­man, ba­ry­myz at­çy­lyk ug­run­da.

— Uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ahal­te­ke bedew­le­ri bi­len dost­la­şyp, ola­ryň hä­si­ýet­le­ri­ne, aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na hem iç­gin be­let bo­lan­sy­ňyz...

— Ahal­te­ke at­la­ry ba­ra­da bir söz bi­len aýt­ma­ly bol­sa: «Edil adam ýa­ly» di­ýer­dim. Özüm, köp­lenç, at­la­ryň ýa­nyn­da, gi­je-de aty­myň ýa­nyn­da ýat­ýaryn. Adam­da bar hä­si­ýet­le­riň hem­me­si di­ýen ýaly ahal­te­ke at­la­ryn­da bar. Gi­je hor çe­kip ýat­ýa­ny, ýa­tyr­ka düý­şür­ge­ýä­ni hem bar. Ýa­ry­şyň go­laý­lap gel­ýä­ni­ni du­ýup, tol­gu­nyp baş­la­ýar­lar ýa-da ýat ada­my, ga­har­ly ada­my gör­se­ler, tol­gu­nyp ug­raýar­lar. Öý­ke­läp iý­mi­ni, otu­ny iý­me­ýän, su­wu­ny içme­ýän wagt­la­ry hem bol­ýar.

At­la­ra se­ret­mek ça­ga se­re­de­niň­den-de kyn. Ça­ga ter­bi­ýe ber­len­dä­ki ýa­ly, at hem se­ýis­le­ýän ada­ma meň­zä­ber­ýär — di­ňe ahal­te­ke at­la­ry şeýle. Şu­la­ryň ýa­nyn­da bol­du­gyň­ça, özü­ňe meň­zäp bar­ýar, uýa­nam ge­rek däl, yzy­ňa dü­şüp, ge­pi­ňe dü­şü­nip ýö­rä­be­rer.

Ahal­te­ke aty örän duý­gur. Eýe­si­ni gör­män, aýak se­sin­den onuň gel­ýä­ni­ni bil­ýär. Uzak aralyk­dan eýe­si­niň gel­ýä­ni­ni du­ýup, kiş­ňäp ug­ra­ýar. Bi­rem ada­myň hä­si­ýe­ti­ne, ýag­da­ýy­na duý­gur. Ga­har­la­nyp gy­gyr­ýa­ny­ňy-da bil­ýär, my­la­ýym­lyk bi­len ho­şa­maý söz diý­se­ňem dü­şün­ýär. Ol di­ňe eşi­di­şi­ne gö­rä ka­bul et­män, eý­sem, ada­myň özüni duý­ýar. Şo­nuň üçin ahal­te­ke at­la­ry hem duý­gur, hem düş­bi be­dew­ler ha­sap­la­nyl­ýar.

Kä­te atyň keý­pi bol­ma­sa, se­ýis hem ony gören­den bil­ýär. Şeý­le ýag­daý­da tür­gen­le­şi­gi hem şo­ňa gö­rä alyp bar­ýa­rys. He­mi­şe ýe­ňip ýö­ren at ýa­ryş­da yza gal­sa, ýü­zü­ni ýe­re sa­lyp, eýe­sin­den be­ter gy­nan­ýar. Soň oňa gö­wün­lik be­rip: «In­di­kide gö­re­ris, dos­tum!» di­ýip, bi­raz wagt dynç be­rilýär. Ýa­ryş­da il­ki ge­lip, ýe­ňi­ji bo­lan at­lar şeý­le bir şat­la­nyp, baý­rak al­ma­ga buý­sa­nyp gel­ýär, boý­nuny gaý­şar­dyp, bö­ke­si ge­lip dur­şu­na onuň jy­la­wyny iki adam zor­dan sak­la­ýar.

Beý­le­ki at­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, ahal­te­ke bedewleri eýe­si­ne örän we­pa­ly. Eýe­sin­den baş­ga­syny ýa­ny­na goý­ber­me­ýän­le­ri hem bol­ýar. Ahal­te­ke be­de­wi­niň ýa­ny­na her kim ge­li­bil­mez, ola­ry ýa­nyna goý­ber­me­ýär.

— At ça­py­şy­gy­nyň öň ýa­nyn­da onuň ne­ti­je­sini nä­dip çak­la­ýar­sy­ňyz?

— Tür­gen­le­şik­le­riň ne­ti­je­si bel­li bir de­re­je­de ýa­ry­şyň nä­hi­li geç­jek­di­gi­ni çak­la­ma­ga müm­kinçi­lik ber­ýär. Us­sat ça­pyk­su­war 1000, 2000 metri ýa-da baş­ga ara­lyk­la­ry nä­çe wagt­da geç­je­gi­ni öňün­den bil­ýär, özü­niň, aty­nyň ýag­da­ýy­na be­let bol­ýar. Ýa­ryş wag­tyn­da-da şol ne­ti­jä­ni gaý­ta­la­ýar. Eger şon­dan öňe geç­jek ta­pyl­sa, el­bet­de, ol ýe­ňi­ji bol­ýar. Şo­nuň üçin tür­gen­le­şik wag­tyn­da-da go­wy ne­ti­je gör­kez­mä­ge ça­lyş­ma­ly, ýa­ry­şa yh­las­ly taýýar­lan­ma­ly.

Us­sat se­ýis is­len­dik aty gö­ren­de, onuň ýag­daýy­nyň nä­hi­li­di­gi­ni bil­ýär. Onuň ini­ne-bo­ýu­na, ýyndam­ly­gy­na, umu­man, be­den gur­lu­şy­na, hä­si­ýe­tine gö­rä, aty­na bäs­deş­le­riň kuw­wa­ty­ny kes­git­läp bil­ýär. Şu iki hü­nä­ri ele al­saň, ýa­ry­şyň ne­ti­je­si­ni çak­la­mak aň­sat.

— Ýa­ry­şyň öň ýa­nyn­da ça­pyk­su­wa­ra nä­me mas­la­hat ber­ýär­si­ňiz?

— Se­ýis hök­mün­de se­ýis­län aty­myň, ýa­ry­şa gat­naş­jak at­la­ryň ýag­da­ýy­ny ça­pyk­su­wa­ra duýdur­ýa­ryn. Ça­pyk­su­wa­ra esa­sy bäs­deş­le­ri­niň haýsy­lar­dy­gy­ny aý­dyp, ola­ry göz­den sal­maz­ly­gy, şol bir wagt­da-da, aty ge­re­gin­den ar­tyk gys­sa­maz­lygy, gy­na­maz­ly­gy tab­şyr­ýa­rys. Hiç za­dy üns­den dü­şür­me­li däl. Kä­te güýç­li at­la­ryň ça­pyk­su­war­la­ry bi­ri-bi­rin­den hüş­gär bo­lup, de­ňe­çer­räk gi­dip, beýle­ki bi­ri­ni has öňe ge­çi­rip goý­ber­ýän ýag­daý­la­ry hem bol­ýar. Bir­nä­çe ge­zek şeý­le pur­sat­lar gaý­tala­nyp, ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­ler bi­len jem­le­nen ýaryş­lar hem bol­dy.

— Se­ýis­çi­lik, seý­siň we­zi­pe­le­ri ba­ra­da-da gür­rüň ber­se­ňiz!

— Türk­men se­ýis­çi­lik sun­ga­ty­nyň ugur­la­ry, usul­la­ry örän köp, kä­mil iş­le­nen. Gö­zel­lik bäs­leşik­le­ri­ne, päs­gel­çi­lik­den bök­mek bo­ýun­ça ýa­ryşla­ra, at ça­py­şyk­la­ry­na at­la­ry taý­ýar­la­mak, ola­ra tans öw­ret­mek ýa­ly dür­li ugur­lar bo­ýun­ça se­ýis­çili­giň kä­mil mek­de­bi ke­ma­la ge­len­dir. Gys­ga ara­lyga, uzak ara­ly­ga ça­py­şy­ga taý­ýar­la­ma­gyň usul­lary ta­pa­wut­lan­ýar.

Se­ýis atyň to­hum­çy­ly­gy­na, onuň ene, ata ugurla­ry­na üns ber­me­li. Ýa­ryş­da ugur çap­ýar, ugur ýeň­ýär. Aty bir ýa­rym ýa­şyn­da ele alyp, il­ki bilen, oňa mü­nüş öw­red­ýä­ris. Soň­ra tür­gen­leş­di­rip, taý­ýar­lap, iki ýa­şyn­da ça­py­şy­ga goş­ýa­rys. Atyň ata­sy, ene­si go­wy ça­pan bol­sa, gö­zü­ňi ýu­mup alaý­ma­ly, go­wy ça­par. Go­wy çap­jak atyň bi­çü­wi üýt­ge­şik bol­ýar — aýak­la­ry ýo­gyn­rak, döş­lek, bi­li syk, umu­man, güýç­li bol­ýar, gö­re­niň­den bil­dir­ýär.

Seý­siň sun­ga­ty, işi aty­ny or­ta çy­ka­ran­da, görnüp dur. Her seý­siň öz tej­ri­be­si, usu­ly bol­ýar, birek-bi­rek­den tej­ri­be alyş­ýa­rys. Men da­şa­ry ýurt se­ýis­le­ri­niň hem tej­ri­be­si­ni öw­ren­ýä­rin.

Se­ýis at­çy­lyk luk­man­çy­ly­gyn­dan-da, bu ugur­da halk luk­man­çy­ly­gyn­dan-da baş çy­kar­sa go­wy. Ussat se­ýis atyň gö­zü­ne se­re­den­den, atyň der­di­ni, oňa nä­me bol­ýa­ny­ny bil­me­li. Atym ýa­raw­syz bolsa, köp­lenç, özüm be­jer­ýä­rin.

Atyň iý­mi örän aras­sa bol­ma­ly, ol äh­li za­dy saýlap iý­ýär. Gum­ly, daş­ly iým ýa-da çüý­rän zat­lar be­ril­me­li däl. Iý­mi, oty, su­wy ber­me­giň möç­be­ri­ni, wag­ty­ny bil­me­li.

To­mus aý­la­ry at­la­ry hep­de­de bir ge­zek sa­bynlap su­wa dü­şür­ýä­ris. Nal­la­ry­ny he­mi­şe bar­lap dur­ma­ly, aý­da bir ge­zek nal­la­nyl­ýar ýa-da ýag­daýy go­wy bol­sa, ýö­ne abat­la­nyl­ýar.

— Aty se­ýis­lä­ni­ňiz­de, gam­çy ulan­ýar­syňyz­my?

— Gam­çy eliň­de bol­sa go­wy, at çe­ki­ner ýa­ly. Ýö­ne özüm-ä se­ýis­le­ýän aty­ma aň­sat-aň­sat gamçy çal­ma­ýa­ryn. Go­wy gör­ýän aty­my hiç wagt urma­ýa­ryn. «Ýör» diý­se­ňem dü­şün­ýär, yzy­ňa dü­şüp ge­li­ber­ýär. Şa­hy­mer­dan di­ýen atym bol­dy, oňa ýe­ke ge­zek hem gam­çy ur­ma­dym.

— Se­ýis­län, iň go­wy gör­ýän at­la­ry­ňyz ba­rada aý­daý­sa­ňyz!

— Olar sa­nar­dan köp, ga­ty köp at­la­ry se­ýisle­dim. Olar me­niň edil kö­ne dost­la­rym, syr­daşla­rym ýa­ly. Bi­ri-bi­ri­mi­zi gör­sek, gu­wan­ýa­rys. Käbi­ri­ni ýat­la­sam, Kö­pel di­ýen atym iki­ýa­şar wag­ty 4 ge­zek çap­dy, äh­li­sin­de oz­dy. Soň­ra-da hal­ka­ra baý­rak­la­ryň kö­pü­si­ni al­dy. Üç­ýa­şar wag­ty 2 ge­zek Der­bi baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Pa­ra­sat, Ka­rar, Ül­ker, Şa­hy­mer­dan, Gök­han ýa­ly at­la­ry se­ýis­ledim. Hä­zir Ýyl­dy­zy, Ül­ke­ri, Pa­ra­sa­dy se­ýis­le­ýä­rin.

— Ýur­du­my­zyň at­çy­lyk top­lum­la­ryn­da dö­redi­len şert­ler hem işiňizde uly goldaw bolandyr.

— Hawa, hä­zir at çap­mak üçin şeý­le go­wy şert­ler bar, aý­law­la­ryň ýag­da­ýy, ýo­ly örän amat­ly, gi­je-gün­diz at ça­pyp ýö­re­siň, iş­lä­siň gel­ýär. At­çylyk bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň taý­ýar­ly­gy­na-da uly üns be­ril­ýär. Umu­man aý­da­nyň­da, türk­men at­çyly­gy tä­ze de­re­jä gö­te­ril­di, ýo­ka­ry dep­gin­de bar­ha ös­ýär. Onuň sa­ka­syn­da du­ran Gah­ry­man Ar­kada­gy­my­zyň be­ýik iş­le­ri­ni sa­nap gu­ta­rar ýa­ly däl. Us­sat at­şy­nas, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi hal­ky­myz al­kyş­la­ýar, bü­tin dün­ýä­niň at­şy­nas­la­ry gol­da­ýar, bu ta­gal­la­la­ry ne­sil­ler hem al­kyş­lar. Hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­zi, hal­ky­my­zy Türk­men be­de­wi­niň baý­ramy bi­len äh­li at­şy­nas­la­ryň adyn­dan tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­rys!

— Sag bo­luň, Il­my­rat aga, to­ýu­ňyz gut­ly bolsun, he­mi­şe aty­ňyz çyk­syn!