Gök­de­re, 22-nji ap­rel (TDH). Şu gün gö­zel Gök­de­re jül­ge­si­niň go­la­ýyn­da, dag ete­gin­de her ýyl geçi­ril­ýän dä­be öw­rü­len uzak ara­ly­ga at­ly ýö­riş ge­çi­ril­di. Hal­ka­ra at­çy­lyk-sport top­lu­myn­da bol­sa be­dew­le­riň päs­gel­çi­lik­ler­den bök­mek bo­ýun­ça bäs­le­şi­gi bol­dy. «Türk­me­n at­la­ry» döw­let bir­le­şi­gi, Sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti we At­çy­lyk spor­tunyň mil­li mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan gu­ralan ýa­ryş­la­ryň iki­si hem Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­na ga­bat­lan­dy.

Uzak ara­ly­ga ge­çi­ri­len ýö­ri­şe ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň 33-si — Türkme­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň, Go­ran­mak we Içe­ri iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň, Bal­kan, Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň we­kil­le­ri we beý­le­ki­ler gat­naş­dy­lar. Ýa­ry­şyň geçi­ri­len ara­ly­gy 60 ki­lomt­re deň bolup, onuň ara­lyk pel­le­ha­na­sy ýa­ryş ýo­lu­nyň deň or­ta­syn­da bel­le­nil­di.

Ahal­te­ke be­dew­le­ri di­ňe öz ýüwrük­li­gi­ni däl-de, eý­sem, sport çydam­ly­ly­gy­ny hem gör­kez­me­li­di: at­lar bel­le­ni­len ara­ly­gy geç­me­giň bar­şyn­da iki ge­zek — ýo­luň or­tasyn­da we pel­le­ha­na­da luk­man­çy­lyk gö­zeg­çi­li­gin­den (tem­pe­ra­tu­ra, ýü­regiň ur­şy we dem alyş) ge­çi­ril­di, bu gö­zeg­çi­lik bel­le­ni­len hal­ka­ra öl­çegle­re la­ýyk gel­me­li­dir. Ga­myş­gu­lak be­dew­le­riň örän çy­dam­ly­dy­gy­ny naza­ra al­mak bi­len, ola­ryň 60 ki­lo­metrlik ýo­ly ahy­ry­na çen­li go­wy gör­ke­zi­jiler bi­len geç­me­gi ba­şa­ran­dyk­la­ry­ny bel­le­mek ge­rek.

Köp ­san­ly to­ma­şa­çy­lar, şol sanda «Türk­men be­de­wi we dün­ýä­niň se­ýis­çi­lik sun­ga­ty» at­ly VII Hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta we Hal­ka­ra sergi-ýar­mar­ka­ gat­na­şy­jy­lar üçin bel­li aý­dym­çy­la­ryň we tans to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da aý­dym-saz­ly çykyş­lar gu­ral­dy.

Ýa­ry­şa gat­na­şan be­dew­ler ba­rada aý­dy­lan­da bol­sa, olaryň iri hal­kara ýa­ryş­la­ra we ça­py­şyk­la­ra gat­naşyp, uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan dün­ýä bel­li türk­men be­dew­le­ri­niň ne­be­resin­den bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­lemek ge­rek. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ga­ra dor Peý­kam, ga­ra reňk­li Şah­merdan, dor reňk­li Gök­han, me­le reňk­li Py­ýa­da we sport ze­hin­le­ri türk­men be­dew­le­ri­niň hä­zir­ki nes­li­ne ge­çen beý­le­ki at­lar bar.

In­di at­ly ýa­ry­şyň baş emi­ni —Urug­waý­dan ge­len Guil­ler­mo Lokhar­dyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky emin­ler to­pa­ry­na ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si­ni we baýrak­ly orun­la­ry eýe­län at­la­ry kes­gitle­mek gal­ýar. Ýa­ry­şyň jem­le­ri ap­rel aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de —mil­li baý­ram­çy­lyk gü­ni yg­lan edi­ler.

At­ly ýa­ryş ta­mam­la­nan­dan soň ge­çi­ri­len be­dew­le­riň päs­gel­çi­lik­lerden bök­mek bo­ýun­ça bäs­le­şi­giň neti­je­le­ri hem şol gün yg­lan edi­ler.

Spor­tuň olim­pi­ýa gör­nü­şi boýun­ça bu ýa­ry­şa Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk toplu­my­nyň, At­çy­lyk spor­tu­nyň mil­li mer­ke­zi­niň, Go­ran­mak we Içe­ri iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri — to­parla­ryň dör­dü­si gat­naş­dy­lar. Hal­ka­ra at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň mün­be­ri­ni dol­du­ran hem-de aja­ýyp ýa­ryş­la­ryň şa­ýat­la­ry bo­lan köp­ san­ly jan­köýer­ler türk­men ça­pyk­su­war­la­ry­nyň 12-si­ne el çarp­dy­lar.

Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, hor­matly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi tara­pyn­dan 2017-nji ýyl­da paý­tagty­myz­da ge­çi­ril­jek V Azi­ýa oýunla­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na at­çy­lyk spor­ty (kon­kur) we türk­men mil­li gö­re­şi gi­ri­zil­di. Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň rowaç al­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­nama­sy­dyr.

Ge­çen ýy­lyň ap­rel aýynda bolsa Aş­ga­bat şähe­ri­niň at­çy­lyk sport top­lu­myn­da Ýa­pyk ma­než­li okuw mer­ke­zi­niň bi­na­sy açyl­dy. Bu bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça at­çy­ly­ga de­giş­li mil­li ýö­rel­ge­le­ri di­kelt­mekde, ýur­du­myz­da at­çy­lyk spor­tuny ös­dür­mek, at çap­mak, uzak ara­ly­ga ýö­riş, kon­kur, şeý­le hem at üs­tün­dä­ki oýun­lar bo­ýun­ça ussat­la­ry taý­ýar­la­mak ug­run­da­ky giň ge­rim­li işiň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kezýän su­but­na­ma öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da türk­men at­çy­la­ry spor­tuň bu gör­nü­şin­de us­sat­lyk­la­ry­ny artdyr­mak ug­run­da yzy­gi­der­li türgen­leş­ýär­ler. Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da ge­çi­rilýän kon­kur bo­ýun­ça hä­zir­ki ýa­ryş mil­li tür­gen­le­ri­mi­ziň taý­ýar­lyk dere­je­si­ni äş­gär ed­ýär.

Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar dür­li be­ýik­likdä­ki we çyl­şy­rym­ly päs­gel­çi­lik­le­riň onu­syn­dan geç­me­li­di. Onuň düz­güni­ne la­ýyk­lyk­da, bir päs­gel­çi­lik­den iki ge­zek ge­çip bil­me­dik ça­pyk­suwar baý­rak ug­run­da­ky bäs­le­şik­den çy­ka­ryl­ýar. Yn­ha, bu ýa­ryş­da bedew­le­riň hem­me­si öň­le­rin­de goýlan we­zi­pe­le­re us­sat­lyk bi­len höt­de gel­me­gi ba­şar­dy­lar, bu bol­sa bäsle­şi­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny has-da art­dyr­dy.

Ýe­ňi­ji­niň ady 26-njy ap­rel­de bel­li bo­lar. Ýe­ri ge­len­de ýat­la­sak, ge­çen ýyl ýa­ry­şyň baş baý­ra­gy­na F.Za­ripo­wa Ýer­bent II at­ly be­de­wi bi­len my­na­syp bo­lup­dy. Ol bu ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň kon­kur bo­ýun­ça us­sa­dy di­ýen de­re­je­si­ni sak­lap biler­mi?! Bu bol­sa ýe­ne bir­nä­çe günden bel­li bo­lar...