Ýurdumyzyň çar künjeginde, atçylyk toplumlarynda Türkmen bedewiniň baýramynyň dabaralary uludan toýlanylýar. Milli baýramymyzyň halkara derejesindäki esasy çärelerine uly taýýarlyk görülýär.

Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumy hem Türkmen bedewiniň baýramynyň toý ruhuna, toý keşbine beslenipdir. Oňa barýan ýoluň ugrundaky al ­elwan gül-­gülä­leklere beslenen ýaşyl ýaýlalarda gurlan ak öýler, parlaýan baýdaklar bu ýere gelenleriň ruhuny göterýär.

Sport toplumynyň çäginde­de toý dabaralarynyň şowhuny ýaňlanýar. Onuň athanalaryna bu ýerde geçiriljek ýaryşlara, at çapyşyklaryna gatnaşjak atlar getirilip, olar ýokary derejede türgenleş­dirilýär, uly yhlas bilen seýislenilýär. Bu ýerde olara talabalaýyk ideg etmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we ak pata bermegi bilen bina edilen Halkara atçylyk sport toplumy 2011­nji ýylyň oktýabrynda açylyp, ulanmaga berildi. Onuň politrek düşelen döwrebap aýlawy sebitde iň iri aýlawlaryň biri hasaplanyl­ýar. Umumy meýdany 100 gektara barabar bolan toplumyň çäginde atly sport ýaryşlary bilen meşgullanmaga, atlara ideg etmäge we olary seýislemäge, dynç almaga ähli şertler döredilipdir. Onuň baş binasynda ýerleş­ýän münberi 7 müň tomaşa­ça niýetlenendir.

Toplumyň baş binasynda onuň işgärleri üçin iş otaglary, oňaýly eýwanlar we çaýhana, myhmanhana ýerleşýär. 500 orunlyk toý mekany, 500 orunlyk aýdym­saz merkezi, 500 orunlyk sirk binasy, 800 orunlyk açyk we ýapyk görnüşli atly sport oýunlaryny geçirmek üçin bina Halkara atçylyk sport toplumynda medeni­sport çärelerini, ýaryşlary geçirmekde uly mümkinçilikleri döredýär.

Halkara atçylyk sport toplumynda 10 sany athana, seýisler we çapyksuwarlar üçin ýa­şaýyş jaýlary hem­de beýleki ýöriteleşdirilen desgalar bar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu ýerde atşynaslar üçin täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy hem güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Athanalarda saklanylýan atlar hemişe seýisleriň gö­zegçiliginde bolýar. Bu ýerde ussat, halypa atşynaslarymyz, çapyksuwarlarymyz işleýärler. Olaryň ogullary, agtyklary — esasy kömekçiler. Ýaş oglanlar hem atçylyga örän höwesli. Olar özleri ýaly ýaşajyk taýlara, atlara ideg edip, olar bilen dostlaş­ýarlar.

Daň bilen bu ýerde işe girişilýär. Ýörite meýilnama bo­ýunça atbakarlar, seýisler atlara ideg edýärler. Irden atlar bilen gezim edilýär. Atlaryň hersi aýratyn üns­alada bilen gurşalan. Çapuwa taýýarlanylýanlar, höwür atlary, ýaş atlar, taýlar we beýlekiler aý­ry-­aýry tertip­düzgün boýunça idedilýär.

Toplumda işleýänler, atşynaslarymyz şeýle döwrebap şertleri döredip berendigi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan edip, Bedew baýramy bilen tüýs ýü­rekden gutlaýarlar.

Halkara atçylyk sport toplumynda toý şatlygy, ruhubelentligi joşýar. Bu ýerde atlaryň kişňeýän seslerini eşideniňde, olaryň çarpaýa galşyny, toý­naklarynyň badyny göreniňde, behişdi bedewlerimiziň hem öz toýlarynyň gelýändigine buý­sanýandyklaryny, edil adamlar ýaly, guwanýandyklaryny duýýarsyň.

Toplumda toýuň şanyna ýaryşlara, dabaralara badalga berilýär. Şu gün bu toplumyň atly sport oýunlar binasynda bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigi geçiriler.