Düýn Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda döredijilik işgärleriniň uly topary paýtagtymyzyň şaýollaryny bezäp oturan bedew heýkellerine gezelenç etdiler. Baharyň bu ajaýyp çagynda türkmen tebigatyny görmäge göz gerek. Dag­düzler, depeler gül­güläleklere basyrynyp, Gün nuruna ajaýyp gyzyl çoga beslenen öwüşginli görnüşi emele getirýär. Edil şu pursatlarda jümle­jahan goşgy, aýdym bolup joşa gelýär. Tebigat hem bedewlerimiziň toýuna ýörite joşup, sowgat taýýarlapdyr diýesiň gelýär. Bedew bilen baharyň arasynda özara näzik, nepis baglanyşyk bar. Olar biribirine şeýle gelişýär, diýseň ýaraşýar.

Ýazyjy­şahyrlar, žurnalistler öz gezelençlerini şöhratly Ýanardagyň heýkeliniň ýanyndan başladylar. Altyndan ýasalan ýaly, altyn öwüs­ýän Ýanardag, göwnüňe bolmasa, bedew atlarymyza, atşynaslarymyza belent sarpasy, çäksiz söýgüsi üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýan ýaly bolup görünýär. Ýanardagyň töweregindäki meýdançada çykyş eden şahyrlar hormatly Prezidentimize öz alkyşlaryny şygyr bilen beýan etdiler. Milli Liderimiziň behişdi bedewlerimize söýgüsi “Döwlet guşy” romanyny keşde­nagyş ýaly bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ajaýyp kitaby bolsa ahalteke bedewlerine sözden dikilen ýadygärlik bolup, bu gün hoş owazy bilen dünýäniň dürli dillerinde seýrana gezýär.

Soňra döredijilik işgärleriniň awtokerweni öz gezelenjini Köpetdag şaýoluny bezäp outran “Atly aýlaw” hem­de “Polatly” heýkel ýadygärligi boýunça dowam etdirdiler. Bu heýkellerden başga­da, bu şaýoly Döwletli, Şagadam, Altyýap ýaly behişdi bedewlerimiziň keşpleri çekilen surat eserleri hem özboluşly bezeýär.

Ýazyjy­-şahyrlar tebigatyň bu ajaýyp künjeginde özleriniň bedew hakdaky goşgularyny buýsanç bilen okadylar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň adyna Türkmen bedewiniň baýramyny uludan toý etmäge döreden mümkinçilikleri üçin alkyşlar gül bolup ýagýar. Ýazyjy­şahyrlaryň arasynda Türkmenistanyň halk ýazyjylary Gözel Şagulyýewa, Atamyrat Atabaýew, Sona Ýazowa, Orazguly Annaýew, Täçmämmet Jürdekow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärleri Oguljemal Çaryýewa, Hudaýguly Gurbanow, Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwletgeldi Annamyradow, şahyrlar Ejegyz Çaryýewa, Gülşirin Hanowa, Ogultäç Oraztaganowa, Ogulnabat Jumaýewa, Orazdurdy Atahanow, Döwletmyrat Nuryýew dagy hem bar. Olar behişdi bedewlerimize bagyşlap ýazan goşgularyny tebigatyň bahar şemalynyň owazyna goşup, ýürekden joşup okadylar. Aý­dymçy­sazandalaryň hoş owazlary bu özboluşly döredijilik gezelenjini has­da bezedi.