Häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan arassa tohumly ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp­dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many­mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaş­lary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmek boýunça iňňän uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary ýatyr. Muňa mysal hökmünde hormatly Arkadagymyzyň baştutanlyk edýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny, gurulýan döwrebap atçylyk sport toplumlaryny, atçylyk boýunça halkara hyzmatdaşlygy we beýleki birnäçe möhüm başlangyçlary görkezmek bolar. Milli Liderimiziň ýiti döredijilik ukybynyň miwesi bolan türkmeniň behişdi atlary barada ýazan “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby türkmen nusgawy edebiýatyndaky bedew baradaky waspnamalaryň üstüni ýetirdi. Bulardan başga­da, bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baş­ langyjy bilen döredilen halkara sirk oýunlaryna gatnaşyp, iň ýokary baý­ raklara mynasyp bolýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem türkmeniň ahalteke bedewleriniň şan­şöhratyny dünýä ýaýmakda bitirýän işleri örän ýokarydyr. Bu toparyň jigitleriniň at üstündäki haýran ediji ýokary hünär ussatlyklary olary synlaýan her bir tomaşaçyny öz täsiri bilen gurşap, at münmek sungatynyň ajaýyplyklaryna alyp gidýär. Aslynda, bu sungatyň gözbaşy, adam mysaly syzýan behişdi bedewleri bilen ömrüni baglan türkmen halkynyň gadymy taryhynyň çuňluklaryna uzap gidýär. Muňa b. e. öňki III­II müňýyllyga degişli gadymy Margu­şyň merkezi Goňurdepeden ýüze çykarylan bedewleri seýislemek üçin ýörite niýetlenip, bürünçden ýasalan saz gurallary hem şaýatlyk ed­ýär. Bu bolsa ata münmek, oňa erk etmek, çapmak ýaly atlara baş öwredijilik mekdebiniň tejribeleriniň has gadymlardan gaýdýandygyny görkezýär. Orta asyrlarda ýaşap geçen Al­Şuzjany bu barada: “Gaznaly hökümdarlarynyň gullugynda duran atly türkmen esgeri silkme telpegini bir ýana agdaryp, özüniň taýsyz ezberligi, güýç­gaýraty hem ussat çapyksuwarlyk sungaty bilen, hem Eý­ran, hem Turan goşunlaryny haýran galdyrýardy” diýip, türkmeniň ata erk edijilik ussatlygynyň waspyny ýetirýär. Şu maglumatlara esaslansaň, ýene­de bir hakykat orta çyk­ýar. Eger­de, türkmenleriň irki orta asyrlarda at üstündäki ezberlik bilen edýän oýunlary beýleki halklaryň haýran galdyryjy ünsüni özüne çekmegi başaran bolsa, onda häzirki döwürdäki türkmen sirk sungatynyň taryhy gadymy ýüzýyllyklaryň çuňlugyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýar diýip, arkaýyn aýdyp bileris. Muny türkmen toýlarynda guralýan at çapyşygy, at üstündäki “çowgan”, “altyn gabak”, “ýaýdan ok atmak” ýaly birnäçe täsin oýunlary hem doly subut edýär.

Türkmenler barada IX asyr arap ýazarmany al­Şahyz: “Eger sen bu halkyň ömrüni boýdan­başa gulaç­ lap, onuň ýaşan günlerini hasaplasaň, onuň ýerde duran wagtyndan atyň gerşinde geçiren wagtynyň has köpdügine anyk göz ýetirersiň” diýip ýazýar.

Biziň ata­babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kämillige ýetiren türkmeniň seýisçilik mekdebinde atlaryň döreýşi, bakylyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk­häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenişi, ýöreýiş görnüşleri, at keselleriniň bejerilişiniň usullary, bejerişde ulanylan dermanlardyr emleriň atlary, taýýarlanyşy we at­ çylygyň beýleki inçe tilsimleri ýaly mowzuklaryň ählisi jemlenendir. Se­ýisçilik käri irginsiz zähmeti, hamraklygy, aladaçyllygy, synçylygy, duýgurlygy, ýiti zehini we inçeligi talap edýär. Ata­babalarymyz “Aty at edýänçä, eýesi it bolar” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar.

Halypa­şägirt ýolunyň hem­de arassa ahalteke tohumynyň has­da kämil görnüşde häzirki günlerimize gelip ýetmeginde uly yhlas eden, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet aganyň dogany, belli atşynas, seýis Aba Annaýewiň uly goşandynyň bolandygyny maglumatlardan bilmek bolýar.

Mähriban Arkadagymyzyň ýiti galamynyň astyndan çykan “Döwlet guşy” romanynda mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem ahalteke bedewlerine aýratyn üns berendigini görmek bolýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň behiş­di bedewlerimize söýgüsini öz atababalaryndan alyp gaýdýandygyny görkezýär. Bu halypa­şägirtlik ýoluny mähriban Arkadagymyzyň özi hem kemsiz dowam etdirýär. Munuň şeýledigine bolsa, hormatly Arkadagymyzyň öz agtygyna ata­babalaryndan özüne miras galan at çapylyş usullarynyň inçe tilsimlerini ýörite öwredýändigini göreniňde, magat göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiziň özü­niň hem asly behişdi bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerine ussatlyk bilen erk etmegi başarmagy, olara goýýan sarpasynyň we söýgü­siniň çäksizdigini görkezýär

.

Dünýäde iň ýyndam we gözel atlar hökmünde uly şan­şöhrata eýe bolan türkmen bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli toý­baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň üýtgeşik tebigy gözelligi bar. Bu gözellik hem olaryň asylly gylyk­häsiýetleri bilen sazlaşyp, tebigatyň gaýtalanmajak ajaýyp sungatyny orta çykarýar. Bagtyýarlyk döwründe diňe bedewlerimiz barada däl, eýsem, atşynaslar we seýisler barada hem edilýän aladalar özüniň oňyn miwesini berýär. Atçylyk boýunça türkmen hünärmenleriniň Fransiýa ýaly ösen döwletleriň meş­hur türgenleşik merkezlerine we aý­lawlaryna baryp görüp, öz kärdeşleri bilen tejribe alyşmaklary, şeýle hem ökde çapyksuwarlarymyzyň daşary döwletlerde geçirilýän at çapyşyklaryna gatnaşmaklary halkara derejesinde bedewlere goýulýan sarpanyň we onuň dünýädäki şöhratynyň has­da artmagyna getirýär. Üstünlikli alnyp barylýan bu giň möçberli çä­reler hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladasynyň netijeleridir. Çünki türkmen halkynyň uzak asyrlardan bäri arzylap ýetişdiren, goç ýigitleriň hemdemi, syrdaşy, gardaşy hökmünde gören bedewleriniň at­owazasy bu gün arşa göterildi. Şol esasdan hem “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň eýesi bolan Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmeklige, ahalteke bedewlerimiziň şan­ şöhratyny dünýä doldurmak ugrunda alyp barýan işlerine tüýs ýürekden buýsanýarys we alkyş aýdýarys. Goý, mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri mundane beýläk hem rowaç bolsun!