ÝANARDAG

Altynsow öwüşgünli mele at, 1991 ýylda doglan.

Atasy: 1084 Ýalkymly, dor at , 1987-nji ýylda doglan (974 Aýgytly, gara dor, 1981-nji ýylda doglan. – 1879. Ýalançy, dor 1977-nji ýylda doglan.). Pakyrpälwanyň ugry.

Enesi: 2158 Dabaraly, gär, 1981-nji ýylda doglan (918 Senagat – 1760 Jahan)

Skagyň ugry. Pakyrpälwanyň ugry. Ýanardagyň nesil sejeresinde arkasynda Soltanguly, Eýeberdi Teleke, Sluçaý ýaly ady belli bedewler bar.

Ölçegleri: (2002-nji ýyl): 159-163-173-19.5 santimetr.

Tohumçylyk gymmaty: 10-9-10-9 bal.

Klasy: Naýbaşy.

Ýanardag 2-9 ýaşlarynda Aşgabadyň aýlawynda 31 gezek çapyp, şolardan 26

gezek birinji baýrakly ýerleri ýeledi.

Ýokary ýyndamlygy: 500 minut – 0.29.9 sekunt, 1000 metr – 1 minut 07.5 sekunt,

2000 metr – 2 minut 19.0 sekunt.

Uly baýrakly çapuwlarda – “Altyn asyr” baýragyna 2 gezek, “Türkmen atlary” döwlet birlesiginiň baýragyna, “Gelsikli” baýragyna, “Serdaryň buýsanjy” baýragyna mynasyp boldy.

Ýanardag altynsow öwüşgünli, mele at bolup ahalteke atlaryna mahsus bolşy ýaly syratlydyr we seýkin ýörişlidir. Ýanardagyň özboluşly eňil we ýyndam hereketleri bar, eýerläp müneňde eňil gopýar.1998, 1999, 2000-nji ýyllarda Aşgabat şäherinde geçirilen Ahalteke atlarynyň gözden geçiriliş sergisinde çempion diýlip yglan edildi.

1999-njy ýylda Moskwa şäherinde Bütindünýä ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen sergide dünýäniň çempiony diýlip yglan edildi.Ýanardagyň syratly keşbi ajaýyp ahalteke bedewiniň nusgasy görnüşi hökmünde Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň ortasynda ýerleşdirildi.


 

POLATLY

Mele at, 2006 ýylda doglan

Atasy: Pyýada, mele, 1990-njy ýylda doglan (967 Pudok – 2183 Bossan) Pereňiň ugry

Enesi: Kenar, dor, 1999-njy ýylda doglan (Gapbar – Atgulak) Pakyrpälwanyň ugry

 Ölçegleri: 156-157-175-18,5 (7,5-7,5-7,5)

 Tohumçylyk gymmaty: 3 gezek çapdy 0-1-2: 2008-nji ýylda: Turkistanyň altyn ýyldyzy hem-de ahalteke atlarynyň çempiony (Daşkent s.)

 Klasy: Naýbaşy


 

 PYÝADA

Altynsow öwüşgünli mele at, 1990 ýylda doglan.

Atasy: 967 Pudok, dor, 1973-nji ýylda doglan (914 Polatly – 1539 Kaplýa) Pereňiň

ugry.

Enesi: 2116 Bossan, dor, 1981-nji ýylda doglan (955 Kemal – 728 Bamy).

Gaplaňyň ugry. Pereňiň ugry.

Pyýadanyň nesil sejeresinde ene we ata ugurlarynda owadanlykda, ýyndamlykda şöhrat gazanan bedew atlar köp duşýar. Atasy Polatly ahalteke atlarynyň arasynda Moskwa şäherindäki Oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde 3 gezek çempion diýlip yglan edildi. Pyýadanyň özi 1993-nji ýylda ahalteke atlarynyň arasynda çempion boldy.

Ölçegleri: (2000-nji ýyl): 159-160-172-19.0 santimetr;

Tohumçylyk gymmaty: 9.5-9-9-9-8.

Klasy: Naýbaşy.

Pyýada ýakyn aralyga örän ýyndam çapýar. 1994-nji ýylda synag üçin elguş bilen ýaryşa goşulanda Pyýada aw guşundan ozmagy başardy. 2-12-ýaş aralygynda Aşgabadyň aýlawynda 32 gezek çapdy. 28 gezek baýrakly orunlary eýeledi. ”Beýik Serdaryň buýsanjy” baýragyna 8 gezek mynasyp boldy. 1988-nji ýylda ahalteke atlarynyň arasynda “Soltanyň güli” diýen gözellik sergisinde ýeňiji diýlip ykrar edildi. 1999-2000-nji ýyllarda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen “Altyn asyr” dien gözellik sergisinde ýeňiji boldy. Ol höwür at. Onuň 30-dan gowrak taý nesilleri ajaýyp häsiýetlere eýe boldy.


  

EREKDAG

Altynsow öwüşgünli akýal mele at, 1990 ýylda doglan

Atasy: Edenli, al, 1976-njy ýylda doglan (890 Kemerli (Kemhan ) – 1508

Ýyldyrym). Gyrsakaryň ugry.

Enesi: 2148 Gülistan, mele reňkli, 1984-nji ýylda doglan. (1009 Serdar – 935

Gülýaýdy) Skagyň ugry. Gyrsakaryň ugry.

Erekdagyň ene ugrunda Serdar, Spesiwyý ýaly atlar, Gülsary ýaly ýyndam baýtal, beýleki ajaýyp bedew atlar duşuşýar.

Ölçegleri: 162-162-178-19,5 santimetr.

Tohumçylyk gymmaty: 8-9-8-5-8.

Klasy: Naýbaaşy.

1992-2001-nji ýyllarda Aşgabadyň aýlawynda 48 gezek çykyş edip, şonuň 24-sinde baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýokary ýyndamlygy: 500 metr – 30,5 sekund, 1000 metr – 1 minut 08,2 sekunt, 1800 metr – 2 minut 06,08 sekunt, 2000 metr – 2 minut 20,2 sekunt.

1994-nji ýylda ahalteke atlarynyň arasynda çempion diýlip yglan edildi. 1996-njy ýylda Garaşsyzlyk baýramçylygynda 800 metr aralyga çapyp, uly baýraga mynasyp boldy. Şol ýyl 120 kilometr aralykdaky at çapysygynda Milli atçylyk sportynyň merkeziniň Göçme Kubogynyň eýesi boldy.

Erekdag höwür at hökmünde ulanylýar we altynsow öwüşgünli akýal mele reňkli ýyndam taýlary berýär. Ondan alynýan nesiller ahalteke tohumyna mahsus bolan ajaýyph äsiýetlere eýedir.


  

KURSANT

Gara, 1992 ýylda doglan

Atasy: 989 Garader, gara, 1977-nji ýylda doglan (894 Kerwen – 1520 Ýelsona).

Gyrsakaryň ugry.

Enesi: Garaly-2, gara, 1985-nji ýylda doglan (914 Polatly – 1558 Kepele). Pereňiň

ugry. Gyrsakaryň ugry.

Ölçegleri (1995-nji ýyl): 160-163-170-19.5 santimetr. (9,0-9,0-8,0-8,0)

Tohumçylyk gymmaty: 9-9-8-8.

Klasy: Naýbaşy.

Kursant-2 2-7 ýaş aralygynda Aşgabadyň aýlawynda çapdy. “Boýnow”, “Uly Aşgabat” (Derdi), “Mätäji”, “Melegus” diýen uly baýrakly çapuwlarda uly ýeňiş gazanyp, ýyndamlykda uly netijeleri görkezdi.

Ýyndamlygy: 1000 metr – 1 minut 7 sekunt, 2000 metr – 2 minut 17 sekunt.

1998-nji ýylda ahalteke atlarynyň arasynda çempion boldy.

Kursant-2-niň nesil şejeresinde Keýmir, Talant, Angar, Ýeňiş, Polatly, Garaly, Garader ýaly ady belli ajaýyp bedewler bardyr.


  

GÖKHAN

Dor at, 2003-nji ýylda doglan

Atasy: Goar-17, mele at, 1986-njy ýylda doglan (944 Göwher- 2005 Menaka-

15).

Gelşikliniň ugry.

Enesi: Tamaly, gara baýtal, 1992-nji ýylda doglan (Ýelbek—2477 Tomaşa)

Gyrsakaryň ugry

Ölçegleri: 162-160-172-19,5 (7,5-8,0-7,5)

Tohumçylyk gymmaty: 9-3-5;

Klasy: Naýbaşy

28 gezek çapdy, 2006-njy ýylda–“Açylyş” baýragynda–III ýer, “Taňryguly Gaty” baýragynda II ýer, “Ýapylyş” baýragynda I ýer.

2007-nji ýylda – gözellik sergisiniň çempiony

2008-nji ýylda–“Russkiý argamak” baýragy ugrundaky ýaryşda ýeňiji boldy

(Russiýa Federasiýasynyň Pýatigorsk aýlawy).