Ähli jandarlaryň arasynda ahalteke bedewi sungat şekilinde iň meşhur keşpleriň biridir. Hakykatdan-da janly tebigatda gadymy döwürlerden bäri bedewiň keşbinden ajaýyp çeper döredijiligi tapaýmak aňsat däl. Olar köplenç halatlarda skifleriň altyn, kümüş we bürünç önümlerinde gabat gelýärler. Öz bedewlerinde ajaýyp harby edermenlikleri görkezen rowaýatlaryň gahrymanlary hakynda gürrüň berýän patyşa köşkleriniň diwarlaryndaky şekiller Gadymy Gündogaryň sungatynda belli ýadygärlikler hasaplanylýar.

Bedewleri suratkeşler, heýkeltaraşlar dünýäniň dürli ýurtlarynyň dürli döwürlerinde ýaşap geçen, şeýle hem sungat dünýäsinde görnükli yz goýan beýik ussatlar, halk senetkärçiliginde özleriniň hünärleri bilen öçmejek yz goýan atsyz suratkeşler bedewleriň keşbini şekillendiripdirler. Ýöne türkmen sungatynda bedewiň keşbi hemişe gözelligiň we sazlaşygyň nusgasy hökmünde görkezilýär. Gadymy döwürlerden bäri halk döredijiliginde bedewleriň keşbi özboluşly mana eýe bolupdyrlar we olar döredijiligiň äleminde möhüm orny eýeläpdirler hem-de döwri, ýagtylygy, güýji alamatlandyrypdyrlar. Häzirki zaman türkmen sungatynda bedew milli nyşanlaryň çeşmesi, ruhy galkynyşyň kökleri, şeýle hem giňişligi we döwri ýeňip geçmäge ukyply güýç hökmündäki milli nyşan görnüşi bolup durýar.

Türkmenistanyň çäginde tapylan ahalteke bedewleriniň iň gadymy şekilleriniň biri bürünç eýýamyna degişli Marguşdan tapylan bürünç heýkeliň galyndylarydyr. Onda atyň kellesiniň şekili janlandyrylypdyr. Hatda binanyň we beýleki gymmatlyklaryň bezeg işlerinde ahalteke bedewiniň aýratyn görnüşleri şekillendirilipdir.

Parfiýa şalarynyň kabulhanasynyň harabalyklaryndan tapylan çapyksuwaryň şekili täsin diwar ýazgysy bolmak bilen, çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda özboluşly hem-de köp ugurly sahnany emele getirýän diwar ýazgylary gadymy Nusaýyň desgalarynyň esasy bezegleriniň biri bolupdyr. Şeýle hem Nusaýyň diwar ýazgylarynda gadymy ussat suratkeşiň täsin galdyryjy şekili ýerleşdirilipdir. Onda hyjuwly çapyksuwar bedewi çapdyryp barýar. Häzirki döwürde Nusaý galasyndan tapylan diwar ýazgylarynyň tapgyrlary Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hemişelik gymmatlyklary hökmünde saklanylýar.

Mele-Heýran ýadygärliginde gazuw-agtaryş işlerini geçirýän türkmen-polýak ekspedisiýasynyň tapyndylarynyň arasynda ahalteke bedewidigi anyk bolan tüňňüburun ajaýyp atyň süňkleri bar. Öz işiniň ussady bolan hakyky suratkeş uly bolmadyk şekili janlandyrypdyr. Onda agyr ýörişden gaýdyp gelen esgeriň özi üçin we özüniň söýgüli aty üçin dynç alşy küýseýändigi görünýär.

1920-1930-njy ýyllarda Türkmenistana russiýaly suratkeşler topary gelýär. Olar gündogar şekilleriniň, milli medeniýetiň we ajaýyp däp-dessurlaryň özboluşlylygynyň muşdaklary bolupdyrlar. Suratkeşler biziň ýurdumyzdaky milli aýratynlyklary özleriniň köp sanly eserlerinde janlandyrypdyrlar.

Olaryň biri S.Beglýarowyň sungat eseridir. Onda daşyndan göräýmäge arkaýyn, ýöne içki joşguny juda ýokary bolan ahalteke bedewiniň keşbi janlandyrylypdyr. Örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilen şekil durmuş gözlegleriniň örän inçelik bilen ýüze çykarylan netijeleri bolup, olar ägirt uly ussatlar tarapyndan ýerine ýetirilipdir.

1954-nji ýylda suratkeş I.I.Poýdy özüniň eserinde ajaýyp ahalteke bedewlerinde pellehana çapyp barýan türkmen jigitleriniň däp bolan baýramçylyk çapyşyklarynyň örän täsirli keşbini janlandyrypdyr.

Şol eserleriň döredileninden bäri köp wagt geçipdir, ýöne bedewler türkmen şekillendiriş sungatynda iň bir söýgüli keşp hasaplanylýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň suratkeşleriniň döredijilik taýdan galkynmagy üçin täze kuwwatly itergi berildi. Häzirki döwürde diňe atçylyk sport toplumlaryny ýa-da aýlawlary däl-de, eýsem ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň köçelerini, seýilgählerini, binalaryň öň taraplaryny ahalteke bedewleriniň ajaýyp heýkelleri bezeýär.

Türkmenistanyň ussat heýkeltaraşy N.Ataýewiň ýerine ýetiren we häzirki döwürde Aşgabadyň merkezi meýdançalarynyň biriniň merkezi bezeginiň birine öwrülen düýpli kompozision işi hiç bir adamyny perwaýsyz goýmaýar. Onda Gün şöhlelerine täsin öwşün atýan ahalteke bedewleriniň kämil hem-de sazlaşykly medeni we Türkmenistanyň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň alamaty bolan ýaşajyk çapyksuwarlar janlandyrylypdyr. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, belli suratkeş S.Meredowyň döredijiliginde ahalteke bedewleri aýratyn orun eýeleýär. Onuň «Türkmen bedewleri» atly surat eseri oňa tomaşa edende şatlyk, nurana hem-de belent ruhy ajaýyp meýilleri janlandyrýar. Suratkeş durnukly reňklere ähmiýet bermek arkaly, ahalteke bedewleriniň çeýe hereketlerini ussatlarça janlandyrypdyr.

Ýurdumyzyň halk suratkeşi O.Mämmetnurowyň eserlerinde ahalteke bedewleriniň keşbi az gabat gelmeýär. Onuň nurana reňkler bilen şekillendiren «Atlar» atly eseri ünsüňi bada-bat özüňe çekýär. Onda bedewleriň tebigy syraty we gözelligi janlandyrylýar. Awtor özüniň bu eserinde suratkeşligiň ýokary derejeli serişdeleri arkaly ahalteke bedewi bilen türkmen tebigatynyň aýrylmaz baglanyşygyny wasp edýär.

Suratkeş I.Işangulyýewiň «Türkmen buýsanjy Ýanardag» (2002 ý.) atly eseri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň açylyş dabarasy gününde muzeýe sowgat edildi. Bu eserde ajaýyp ahalteke bedewi aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän sähralygyň alnynda şekillendirilipdir, onuň ýokarsynda bolsa çala göze kaklyşýan ýarym aýyň şekili bar. Awtor milletiň beýikligini we buýsanjyny alamatlandyrýan ajaýyp Ýanardagyň keşbini ussatlyk bilen janlandyrypdyr. Bu atyň şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun almagy hem tötänden däldir.

Türkmen halky müňlerçe ýyllara uzap gidýän taryhynyň dowamynda bedewleri ösdürip ýetişdirmek babatdaky inçe senedini ýitirmändir. Haçandyr bir wagtlar türkmenler atly söweşleri alyp barmagyň ýörite usulyny işläp taýýarlapdyrlar. Türkmenleriň bir atly goşuny biziň pederlerimiziň topragyna göz diken duşmanlaryň köp sanly goşunlarynyň garşysyna durup bilipdir. Beýik Seljuk döwletiniň iň soňky şalarynyň biri Soltan Sanjaryň atly goşuny köp sanly ýörişlere gatnaşypdyr we oňa ägirt uly ýeňişleri we gahrymançylykly şöhraty bagyş edipdir. Örän zehinli suratkeş A.Amangeldiýew özüniň «Soltan Sanjaryň Merwe gelmegi» (1990 ý.) atly işini şunuň ýaly ýörişlerden soň Watanyna dolanan patyşa bagyşlapdyr.

Ýurdumyzda her ýylda bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşigi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda ahalteke bedewiniň iň gowy görnüşine bagyşlanýar. Bäsleşige ajaýyp eserleriň, suratlaryň we beýleki işleriň müňlerçesi hödürlenýär. Şolaryň içinden diňe birnäçesi döwlet Baştutanymyzyň esaslandyran baýragyna mynasyp bolýar.

Türkmenistanyň halk suratkeşi, milli heýkeltaraşlyk mekdebiniň iri ussady Saragt Babaýew hem şeýle belent abraýa mynasyp bolanlaryň biridir. Onuň işleri diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşda hem bellidir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan 10 sany ahalteke bedewinden ybarat bolan ýadygärlik toplumy paýtagtymyzyň ilatynyň baş buýsanjy bolup durýar. Ýokarda ady agzalan bäsleşikde awtoryň janlandyran bedew şekilleri ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň bäsleşige hödürlän işleriniň arasynda iň gowusy diýlip ykrar edildi.

Sungat muşdaklary W.Gyllyýewanyň we W.Bogdasarýanyň ahalteke bedewlerine bagyşlan işleri bilen tanyşdyrlar. Ol eserler daşary ýurtlarda birnäçe abraýly sergilere gatnaşdy. Suratkeşler özleriniň eserlerinde ahalteke bedewleriniň diňe bir beden gurluşyna däl, eýsem olaryňadaty bolmadyk garaýyşly gözlerine, beden gurluşynyň çeýeligine şahyrana esasda çemeleşipdirler. Dik boýunly, gamyş gulakly paýhasly kellesini dik tutýan buýsançly bedewler suratkeşleriň işlerinde tebigatyň täsin jandarynyň gaýtalanmajak şekilini emele getirýär.

Çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň hatarynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Ady Gutlyýew hem bar. Ol bu bäsleşige ajaýyp bedewiň şekili janlandyrylan nepis halyny hödürledi. Halyda şekili janlandyrylan Gyrat atly bedew 1945-nji ýylda Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda Ýeňiş paradyny dabaraly kabul eden marşal G.Žukowyň münen aty bolan hem-de ady rowaýata öwrülen şöhratly Arabyň neslidir. Bu eserde kümüşsöw dür öwüsýän ýakymly reňkler ulanylyp janlandyrylan Gyrat Köpetdagyň dag gerişleriniň alnynda dur. Ol ýurduň durnuklylygyny we rowaçlygyny alamatlandyrýar.

Öz döredijiliginde ahalteke bedewiniň şekilini janlandyrmaga synanyşmadyk türkmen suratkeşini tapmak kyndyr. Munuň özi ýöne ýerden däldir, onuň gözelligine guwanmak, ählihalk söýgüsiniň beýanyny, köp asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän buýsanjy açyp görkezmek her bir suratkeşiň arzuwy. Bedewiň belent ruhly ýörişi biziň halkymyzyň täze taryhy eýýamdaky döredijiligiň hem-de çeperçiligiň beýik ýeňişlerine bolan meýillerini äşgär edýär.

D.KARANOWA,

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty Milli muzeýiniň direktorynyň orunbasary