Ahalteke bedewi ýer ýüzünde iň gadymy tohumdaky atlardandyr. Onuň iň gowy häsiýetleri bedew ýetişdirmegiň irki tapgyrlarynda türkmenler tarapyndan kemala getirildi we häzirki günlere çenli üýtgewsiz diýen ýaly saklandy. Ahalteke bedewleriniň häzirki tohumdaky görnüşleri özleriniň gadymky, ýagny müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşan nesillerinden boýunyň belentligi we dürs hem-de sazlaşykly hereketleri bilen tapawutlanýar. Tohumçylyk işiniň usullaryny kämillik derejesine ýetirmek arkaly biziň gadymy pederlerimiz atlary türgenleşdirmek we ösdürmek bilen meşgullanan halk seçgiçileri atşynaslygyň täsin medeniýetini ösdürdiler. Soňra bu ýörelge sebitiň çäklerinden daşyna çykdy.

Ahalteke tohumyndaky bedewler özüniň ajaýyp beden gurluşy, çeýeligi, göwresiniň hereketi, kuwwaty, teniniň guraklygy, çydamlylygy, duýgurlygy we öz eýesine juda wepalylygy bilen tapawutlanýar. Bu tohumdaky atlaryň diňe bir daşky görnüşi boýunça hem ony hiç bir beýleki tohumdaky atlar bilen deňeşdirip bolmaz. Ahalteke bedewi ýeňil gopýar, ol uly bolmadyk kellesini hemişe dik tutýar. Inçe, çeýe gulaklary hemişe hereketde bolýar. Bedewiň okara ýaly owadan gözleri bar. Çalaja egrelýän boýny dik ýeňsesi bilen owadan görnüşi emele getirýär. Bedewiň göwresi kuwwatly, ýöne örän ykjamdyr. Özüniň belent boýlulygyna garamazdan, onuň bedeniniň gurluşy gurakdyr.

Atyň ýaly hem-de guýruklarynyň tüýleri selçeňdir. Bedenindäki tüýler gyrkylan ýaly gysgajykdyr, ýakymlydyr, ýüpek ýaly öwşün atýandyr. Bularda altynsow mele, altynsow dor, kümüşsöw gyr we beýleki görnüşli reňkler bar. Adaty dor, gara gyr hem-de çal reňklerden başga-da bedewleriň mele, çypar-mele, açyk dor, gara dor reňkler bar. Köplenç halatda ahalteke bedewleriniň maňlaýy depeli, kähalatda sakar bolýar. Aýagynyň yz tarapynda bolsa sekili bolýar.

Ahalteke bedewleriniň hereketi uzyn-uzyn ädimli, gorgun hereketi, öňürdik ylgaw hereketi ýokary tizlikde bolup, olar çapanda ýeriň üstünden gaýyp barýan mysaly, örän tekiz we ýyndam çapýarlar. Bu tohumdaky atlar dünýäde iň ýyndam atlaryň biridir. Olar örän hyjuwly bolýarlar. Bu zatlaryň hemmesi türkmen atşynaslarynyň köp nesilleriniň tohumçylyk babatda çeken yhlasly zähmetleriniň netijesidir.

Häzirki döwürde tohumçylyk işleri döwrebap talaplara laýyklykda özünde daşky görnüşi kämilleşdirmek, bedewiň çapuw we sport endiklerini ösdürmek ýaly ugurlary özünde jemleýär. Şeýle hem atçylyk hojalyklarynda seçgi çärelerine önümçilik gözegçiligi häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda taýçanaklar ýetişdirmegi amala aşyrýar. Türkmen atşynaslyk işinde atlaryň baş sanyny köpeltmek boýunça öňdebaryjy tejribäni we häzirki zaman atşynaslyk ylmyny önümçilige ornaşdyrmak pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Tohumçylyk işindäki resminamalara aýratyn üns berilýär. Her bir bedew "Türkmen atlary" döwlet birleşiginiň hünärmenleriniň hasabynda durýar. Ähli taýçanaklar immunogenetik barlaghanadan geçirilýär we ol ýerde taýyň nesil ugry anyklanýar. Soňra ýörite resmi ýazga girizilýär. Ene mallar nesil berip başlan döwründen döwlet tohumçylyk kitabyna girizilýär. Atlaryň yzygiderli hasabaty nesilden-nesle dowam edýär.

Önümçilik iş tejribesinde köpeltmäge niýetlenen höwür atlary we ene mallary seçip almak atlaryň tohumçylyk alamatlary boýunça seçgilemek arkaly geçirilýär. Şonda şu aşakdaky alamatlar arkaly iş geçirilýär:

- atlaryň gelip çykyşy - dört arka hatar şejeresi;

- göwresiniň ölçegi boýunça;

- daşky synasy boýunça;

- işjeňligi boýunça ahalteke atlary synag çapuwlarda, atçylyk sportunda, atly ýörişlerde we marafon ýaryşlarynda, halkara bäsleşiklerinde gazanan netijelerine baha bermek bilen geçirilýär;

- nesil berýän höwür atlar we ene mallar uly ýaşlarynda goşmaça alamat, ýagny nesil berijiligi we nesliniň hiline baha bermek arkaly seçgilenýär.

Şeýlelikde, atlar tohumçylyk gymmatlyklaryna we ähmiýetlerine görä, on bally ulgam boýunça derejelere bölünýär: naýbaşy, saýlama, birinji we ikinji derejeler.

Ahalteke bedewlerini köpeltmek işleri onuň arassa ganlylygy boýunça amala aşyrylýar. Munuň özi belli nesil ugrunyň bir ulgamyny saklamaga tohumçylyga mahsus häsiýetleri ygtybarly goramaga we ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu işler şu aşakdaky usullar arkaly amala aşyrylýar:

- ugurlar boýunça köpeltmek;

- ugurara çakyşdyrmak (kros) usuly bilen köpeltmek;

- garyndaş däl gatnaşykda köpeltmek;

- ene baýtallar maşgalasyny göz öňünde tutup köpeltmek.

Atlary nesil ugurlary boýunça köpeltmek usulynyň türkmen halkynda gadymy döwürlerden bäri ulanylýandygyny bellemeli. Geçmişde, haçanda tohumçylyk kitaplary ýok mahalynda, her bir atşynas bedewiň nesil ugruny ýatdan bilipdir we olaryň köp sanly atalaryny sanap bilipdir.

К.I.Gorelow özüniň "Türkmenistanyň ahalteke bedewi" atly kitabynda 1925-1927-nji ýyllarda Türkmenistanda ekspedisiýada bolan mahalynda ahalteke bedewlerine geçiren barlaglarynyň netijesinde olaryň arasynda bäş ugry tapawutlandyrýar hem-de olaryň şahamçalaryny we olara degişli atlaryň sanaw hataryny düzýär. Olar şu aşakdakylardyr.

1. Boýnawyň ugry. Ugurbaşy Boýnaw - mele at (1885-nji ýylda doglan), gelip çykyşy boýunça Läläniň çepi diýen ahalteke atynyň nesli bolup, Läläniň çepi Garamçadan, Garamça bolsa Gutlysakardan (biziň hasaplamalarymyza görä,tak- mynan, her atyň bir arkasy 12,5 ýyla deňdir we şonda Boýnawyň üç arka aňyrsy 1848-nji ýylyň taýy bolýar) gaýdýar. Häzirki döwürde ahalteke atçylygynda bar bolan ugurlaryň 13-siniň şejere arkasy Boýnawa degişlidir.

2. Soltanguly - Gökpişigiň taýy. Gökpişik Gutlysakaryň ogly Gyllytowuň taýy, şejere arkasynda Gutlysakaryň çowlugy bolmak bilen Boýnaw bilen garyndaş bolýar.

3. Nedirbaý - 1902-1908-nji ýyllarda Zakaspiý athanasynda höwürde ulanylýar. Daşkentde geçirilen sergide ýörite baýraga mynasyp bolýar.

4. Çaparkel (Herrikgala 2).

5. Geçili - gelip çykyşy boýunça Öwezmyratdäli diýen atyň taýy bolup, ol Ýarajy atly atyň neslidir.

Häzirki döwürde ahalteke atçylygynda 17 ugruň bardygy ykrar edildi. Olar Arap, Aksakgal, Akbilek, Garlawaç, Gyrsakar, Gaplaň, Eýeberdi Teleke, Skak, Peleň, Sluçaý, Pakyrpälwan, Meleguş, Saparhan, Gelşikli, Posman, Ýel we Dorbaýramyň ugurlarydyr.

Agzalan nesil ugurlaryň sanawyna Gyrsakaryň ugrundan bölüp aýyrmak arkaly täze Garaderiň ugruny hem goşmak bolar. Höwür atlaryň iň gowy tohumçylyk häsýietlerini saklamak hem-de ony ösdürmek maksady bilen, ene mallaryň düzümine anyk gelip çykyşy bolan arassa ganly ahalteke bedewleri goşulýar. Olar nesil ugurlary boýunça seçilip alnanda haýsy ugra degişlidigine - ene baýtallaryň maşgalasyna, olaryň enesiniň hem-de atasynyň tohumçylyk nukdaý nazaryndan gymmatlygyna hem-de nesilleriniň hiline üns berilýär.

Zotehniki talaplara laýyk gelýän işler dürs alnyp barlanda, bedewleriň nesil ugry barha ösýär we kämilleşýär.

Ahalteke atçylygynda ugurlara çakyşdyrmak (kros) esasy orun eýeleýär. Şonda uguratlary we baýtallar göwnejaý seçilip alynmaly we olary jübütleşdirmäge aýratyn üns bermeli. Şeýlelikde, ugurara çakyşdyrmak ýoly bilen alnan bedew syratly, berk beden gurluşly, çapuwa, atçylyk sportuna we milli at üstündäki oýunlara, uzak aralyklara goşulýan çapuwlara hem-de atly ýörişlere çydamly bolýar.

Bir nesil ugrundan höwür atlaryň artykmaç taraplaryny göz öňünde tutmak arkaly, gowşak, ýöne oňyn häsiýeti bolan beýleki ugurdaky baýtallaryň jübütleşdirilýändigini mysal hökmünde aýtmak bolar.

Ugurara çakyşdyrmak işinde nesil ugurlarynyň netije berşine aýratyn üns berilýär. Şeýlelikde, höwür atlary we ene mallary çakyşdyrmak üçin maksada laýyk seçgiler geçirilýär. Diňe şunuň ýaly şertlerde daşky görnüşiň talap edilýän ölçegleri, berk beden gurluşy, çapuwlarda we sport oýunlarynda çydamly nesilleriň emele gelmegi mümkindir.

Atlary köpeltmegiň tejribesinde iki ugry ugurara çakyşdyrmak ýoly bilen köpeltmekde Ruhabat etrabynyň Garadaşaýak obasynyň tohumçylyk athanasynda Ýeliň ugruna degişli Şahy we Bahar ýaly atlaryň üsti bilen, Eýeberdi Telekäniň ugruna degişli Alwanyň üsti bilen gaýdýan tohum baýtallary Şaha we Bahara we onuň tersine, ata ugry Şahydan we Bahardan gaýdýan gysraklary Alwana, ondan gaýdýan höwür atlara jübütleşdirip ugurara çakyşdyrma ýoly bilen gowy netijeler almak bolýar.

Atlary garyndaşlykda köpeltmek çylşyrymly usul bolup durýar. Ol garyndaşlyga degişli atlaryň gowy alamatlaryny we häsiýetlerini nesillerde berkitmäge mümkinçilik berýär. Atlar şu usul bilen köpeldilende atlaryň ugur derejesi umumy ykrar edilen ulgam boýunça hasaba alynýar (Şaporuž boýunça).

Ahalteke atçylygynda irki döwürlerden bäri atlaryň nesle geçijilik häsiýetini soňky nesillerde berkitmek maksady bilen ýakyn garyndaşlyk, aralyk garyndaşlyk we daş garyndaşlykda atlary köpeltmek usuly hem ulanylypdyr. Häzirki döwürde hem ene mallar tur atlara jübütleşdirilende şol usullar maksada laýyk hasap edilse, aýratynam aralyk we daş garyndaşlyk usuly ulanylýar. Ahalteke atlarynyň arasynda şöhrat gazanan Eýeberdi Teleke - Boýnawa II-III, Garader - Gyrsakara IV-III arkasynda ikitaraplaýyn garyndaşlyk ýoly bilen alnan atlardyr.

Bu usullaryň hemmesi maksada laýyk tohumçylyk işi geçirilende oňat netije berýär. Seçgiçiler atlaryň nesil ugruny köpeltmek maksady bilen, ugry şöhraly dowam etdirijileri saýlaýarlar we mynasyp jübütleri emele getirýärler, şeýlelikde, şöhraty dünýä dolan tohumdaky bedewleri kämilleşdirýärler.

Häzirki döwürde türkmen atşynaslary şöhratly bedewleriň täze nesillerini ýetişdirýärler, olaryň iň gowy şahamçalaryny dowam edýärler. Türkmen atşynaslary bu ýerde ýetişdirilen ahalteke bedewleri bilen halkara sergilerine yzygiderli gatnaşýarlar. Biziň "ganatly bedewlerimiz" dünýäniň abraýly bäsleşiklerinde mynasyp orunlary eýeleýärler, halkara gözden geçirişleriň ýeňijisi bolýarlar we olar öz işiniň ussatlary diýlip ykrar edilen dünýäniň atşynaslaryny haýrana goýýarlar.

Türkmenistanyň atçylygyny ösdürmekdäki oňyn netijeleriň esasynda dine bir hojalyk-guramaçylyk we tohymçylyk çäreleri däl, eýsem ylym bilen önümçiligiň, köp sanly hünärmenleriň, weterinarlaryň, seýisleriň yhlasly zähmeti bardyr. Çünki saýlama arassa ganly bedewleri köpeltmek işi diňe bir çylşyrymly bolmak bilen çäklenmän, eýsem bu hünärdäki adamlaryň söýgüli hünärleri bolmalydyr.

Bazarbaý MEREDOW,

Türkmenistanyň at gazanan atşynasy