Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdudyr. Döwürler geçmişde höküm süren kuwwatly galalary we baý şäherleri harabaçylyga öwürdi. Ýöne wagt şöhratly geçmişiň şanly şaýady bolan ahalteke bedewlerine hiç hili täsirini ýetirip bilmedi. Taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan türkmen halky dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýän milli atşynaslyk medeniýetini elýetmez baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başardy.

Köp sanly taryhy maglumatlar we anyk güwänamalar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy merkeziniň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistan ýaýlasydygyny biragyzdan tassyk edýärler. Köp sanly hünärmenleriň bellemegine görä, gadymy türkmen halky ilkinji bolup atlary eldekileşdiripdir.

Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dürli döwürlerde tapylan köp sanly gymmatlyklar ýokarda aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Amyderýanyň ýakasyndan tapylan köp sanly gadymy mirasyň hazynalarynda atyň keşbi şekillendirilen gurallar has agdyklyk edýär. Şeýle-de bolsa belli alym, professor B.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygynda gadymy Marguş ýurdunyň paýtagty Göňurdaky şa aramgählerinde, Murgabyň gadymy akymynyň boýunda tapylan bürünç enjamly araba galyndylary, eýerli atyň daş heýkeljikleri, çapyksuwarlary hatara duruzmak üçin ullanylýan tüýdükler we esasy bolsa Merkezi Azýada şeýle hem Ýakyn Gündogarda iň gadymy dessur bolan gurban edilen taýçanagyň jaýlanan mazary taryh üçin örän täsirli täzelik hasaplandy. Gadymy Marguş ýurdunyň ilatynyň durmuş gatnaşyklarynda eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky III asyryň we II asyryň başlarynda atlaryň eldekileşdirilendigi barada maglumatlar bar. Gadymy çeşmelerde atlandyrylyşy ýaly, «behişdi», «asman», «asylly», «adaty bolmadyk» diýlip atlandyrylan türkmen bedewleriniň şöhraty biziň eýýamymyzdan ozalky birinji müňýyllykdan gözbaş alyp gaýdýar. Isgender Zülkarnaýn we ýörite harby ekspedisiýalary ýollan hytaý imperatorlary hem türkmen bedewlerini ele salmaga synanyşypdyrlar. Antik döwrüniň awtorlary hem türkmen bedewlerine biparh garap bilmändirler. Olar ahalteke atlaryny «Nusaý atlary» diýip atlandyrypdyrlar. Bu at şol döwürde örän kuwwatly bolan Parfiýa döwletiniň patyşa kabulhanasynyň ýerleşen ýeri bolan Nusaý şäheriniň ady bilen baglanyşdyrylypdyr.

«Nusaý atlary özüniň owadanlygy bilen ähli beýleki tohumdaky atlardan peýdalanýarlar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp atlardyr. Çapyksuwaryň jylawyna gürrüňsiz kaýyl bolýan bu atlar özleriniň buýsançly başlaryny belent tutupdyrlar. Olaryň altynsow ýallary şemalyň ugruna bir enaýy owsun atýar» diýip, Oppian ýazýar. Taryhda belli yz goýan meşhur taryhçy Ksenofont «Biziň gözümiziň alnynda janly durşy bilen hyjuwly görnüş emele gelýär: toýnaklaryň gurak urgusy topraga galtaşýar, şadyýan bedewleriň kişňemesi eşidilýär, olar burnuny parladyp dem alýarlar, bedewiň owadan kellesiniň paýhasly garaýşy kalbyňa aralaşýar we ýakymly täsir galdyrýar. Bu görnüş şu hereketleriň ähli täsirini başyn dan geçiren adama düşnüklidir» diýip belleýär.

VIII asyrdaky arap awtory Al-Jahiz: «Bedewe atlanan türkmen özüni tutuş topragyň üstündäkiden hem artykmaç saýýar» diýip ýazýar. VIII-Х asyrlarda Bagdat şalarynyň şahsy goşunynda türkmen atlylarynyň gulluk edendigini bellesek, onda bu deňeşdirmäniň ýöne ýerden däldigine göz ýetirýärsiň. Biraz soňrak Müsür mawlýuklarynyň we beýleki emiratlaryň iň gowy atly goşunlarynyň hatarynda türkmenler hem gulluk edipdirler. Ýöne bir zady berk bellemeli, kuwwatly we örän çydamly atlary bolmadyk bolsa, seljuklaryň Kiçi Aziýany özüne birikdirip, kuwwatly Türkmen-Osman soltanlygyny döredip bilmese bilmezdi.

Şondan V asyr geçenden soň italiýaly Marko Polo Demirgazyk Persiýa welaýatlary serhetleşýän künjeklerde belent başly ajaýyp atlaryň ösdürilip ýetişdirilýändigini we olaryň bahasynyň örän gymmatdygyny belläpdir. ХIII asyrda fransuz patyşasy Lýudowik IХ-yň taryhçysy gaýduwsyz gypjak esgeriniň jaýlanyş dabarasyna gatnaşandygyny we esger bilen bilelikde onuň wepat bolan atynyň jaýlanandygyny gürrüň berýär.

ХV asyrda bolsa rus syýahatçysy Afanasiý Nikitin özüniň «Üç derýanyň aňyrsyna ýöriş» atly eserinde türkmen ýaýlasynda gymmat baha berlip satyn alnan adaty bolmadyk taýçanak hakynda gürrüň berýär. Şol döwürden başlap, türkmen ahalteke bedewleri pars söwdagärleriniň hem-de diplomatlarynyň üsti bilen Russiýa, Günbatar Ýewropa ýurtlaryna düşüpdirler.

Olar ahalteke bedewini edinmek arzuwynyň amala aşmagy hasaplapdyrlar we köp sanly at eýeleriniň familiýalary hem-de patyşa howlulary ahalteke atlarynyň adyny buýsanç bilen göteripdirler. Wengriýaly syýahatçy A.Wamberi 1863-nji ýylda Türkmenistanda bolanynda ajaýyp ahalteke bedewleri, olaryň owadanlygy hem-de atlaryň ýerli ilat üçin ähmiýeti hem-de bedewleriň juda ýyndamlygy, çydamlylygy, olaryň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin harçlanýan serişdeleri daş ýany bilen ödeýändikleri hakynda ýazmagy özüniň borjy hasaplapdyr.

Türkmen atlary ХIХ asyryň ahyrlarynda «ahalteke» diýen ada mynasyp bolupdyrlar. Munuň özi gadymy «Ahal» ýaýlasy bilen baglanyşdyrylypdyr. Meşhur barlagçylar hut şol ahalteke bedewlerinde bütindünýä belli bolan gadymy Nusaý tohumyndaky atlaryň nesillerini görüpdirler. Birnäçe atşynaslar nesillerine belli bolan görnükli alym, atlaryň janköýeri, professor W.O.Witt: «Ahalteke bedewleri şol gadymy arassa gandaky atlaryň soňky damjalarydyr. Onuň kömegi arkaly dünýäniň atşynaslyk ulgamynyň ähli medeniýeti kemala getirildi» diýip belleýär. Gadymy Pazyryk depelerinden tapylan çapuw atynyň mazary hakynda hem bu alym şeýle diýýär: «Bu örän gadymy çapylýan atyň, Assiriýanyň, Müsüriň we Elladanyň beýik ussatlarynyň eserlerinde şekillendirilen Orta Aziýanyň söweşjeň atlarynyň neslidir».

Hut türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen ahalteke taýçanaklary Persiýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa aralaşypdyrlar we ol ýerde arassa ganly iňlis atlarynyň döremegine sebäp bolupdyrlar. Eger-de günbatar ýurtlarynda ahalteke bedewleri örän abraýly gymmatlyk bolan bolsa, onda ol öz watanynda türkmen ýigitleriniň söweşjeň ýoldaşy bolupdyrlar. Türkmenleriň syýasy taýdan özygtyýarlylyk ugrundaky uzaga çeken göreşleriniň merkezinde şöhratly «asman atlary» we olara atlanan türkmen ýigitleri bolupdyrlar. Şol döwürlerde zootehniki talaplaryň dünýä garaýşyndan tohumçylyk hakyndaky we atlaryň arassa ganlylyklary hakyndaky düşünje kemala gelmändir, ýöne şeýle-de bolsa her bir at eýesi özüniň çydamlylygy we gözelligi bilen görnükli bolan atlary ösdürip ýetişdirmäge çalşypdyrlar. Iýmit binýadynyň çäkliligi we onuň durnuksyzlygy, guraklyk we öri meýdanlarynyň ýetmezçilik etmegi bedewleriň köp nesilleriniň ynsan bilen baglanyşygyny şertlendiripdir. Atlar öz tebigatynda ynsan häsiýetine eýe bolupdyrlar. Şeýlelikde, türkmen esgeri bedewleri özüniň wepaly hem-de ynamdar ýoldaşy hasaplapdyr. Köp halatlarda esgerleriň jany bedewleriň hereketine bagly bolupdyr. Hut şunuň üçin hem sebitiň birnäçe halklarynyň baý adamlary birnäçe müň başdan ybarat bolan gylýal sürülerini edinen bolsalar, her bir türkmen özüniň ýeke-täk aty bilen şöhrat gazanypdyr. Ahalteke bedewleriniň bir eýesi bar diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Türkmenleriň we olaryň atlarynyň birek-birege bolan baglanyşygy örän mähirli we ýürekdeş ýagdaýda bolupdyr.

Elbetde, şunuň ýaly bedewleri süri bilen ýetişdirmek mümkin bolmandyr. Olar saklamagyň aýratyn şertini we ýokary derejeli idegi talap edipdirler. Bedewler uzak ýaşapdyrlar we köplenç halatlarda öz eýelerini soňky ýoluna ugradypdyrlar. Şeýlelikde, şu geçen müňýyllyklaryň dowamynda türkmenler bedewler bilen bagry badaşypdyr. Olar atlarda beýik häsiýetleri kemala getiripdirler we deňi-taýy bolmadyk ajaýyp ahalteke bedewlerini dünýä çykarypdyrlar.

Atşynaslar ahalteke bedewlerine örän ýeňil gopýan, hyjuwly, zähmete ukyply, bilesigeliji we örän paýhasly jandar hökmünde baha beripdirler. Bu hakykatdan-da şeýle, ahalteke bedewi ynamly we özüne bolan hormaty talap edýän bedew hökmünde ykrar edilipdir.Tejribeli türkmen seýisleri bedewiň örän buýsançly we güýçli häsiýetini gerek ugra gönükdirmegi başarypdyrlar.

ХХ asyryň başlarynda türkmen bedewleri Russiýanyň we Ýewropanyň şäherlerindäki sergilerde peýda bolýarlar. Olar tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip, örän uly täsir galdyrýar. Professor M.I.Pridoroginiň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri buýsançly galkynyşyň aýdyň duýgusydyr. Eger kimde-kim ahalteke atyny gören bolsa, onda ol, hakykatdan-da, ajaýyp gözellikden lezzet alandyr.

1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat-Moskwa atly ýörişi ahalteke bedewleriniň adatdan daşary çydamlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şonda bedewlere atlanan türkmen çapyksuwarlarynyň 17-si 84 günüň dowamynda 4300 kilometr ýol geçdiler. Onuň 350 kilometri bolsa teşne ýatan Garagum sährasynyň üstünden geçdi. Şondan 10 ýyl geçensoň şol şöhratly atly ýörişe gatnaşan ak reňkli Arap Ýeňiş baýramçylygynyň esasy bedewine öwrüldi. Şol gün marşal G.K.Žukow özüniň söýgüli bedewine, ýagny Araba atlanyp, Gyzyl meýdançada Ýeňiş baýramçylygy mynasybetli guralan parady kabul etdi. Türkmen atşynaslygynyň gürrüňsiz ýeňşi bolan bu görnüşler geljekki nesiller üçin kinolentalara geçirildi.

Soňra şöhratly Arabyň nesli, ajaýyp Absent 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Olimpia oýunlarynda naýbaşy çempion ada mynasyp boldy. Şonda ýokary netije görkezen bedewiň çapyksuwary Sergeý Filatowa altyn medal gowşuryldy. Absentiň ady ýurtlar we yklymlar aşdy. Köp sanly edebiýat we sungat eserleri öz eserlerinde bedewiň adyny ebedileşdirdiler. On ýylyň dowamynda Absentiň 70-den gowrak nesli kemala geldi. Şolaryň köpüsi halkara derejesinde beýik ýeňişler gazandy. Egerde Absentiň nesil ugry bilen çynlakaý meşgullanylsa, onda Russiýanyň çapuw atlarynyň häzirki zaman tohumlarynda hem Absentiň ganyny ýüze çykarmak bolar. Russiýada Iwan Groznynyň döwründe ahalteke bedewleri tohumçylyk işinde peýdalanylypdyr. Geçen asyryň ortalarynda bu bedewler Russiýanyň atçylyk zawodynyň baş sanynyň üçden bir böleginden gowrak mukdaryny emele getiripdirler.

Ýöne döwrüň geçmegi bilen, tohumy saklamagyň meseleleri barha çylşyrymlaşypdyr. Çünki ahalteke bedewleriniň başky tohumçylyk gaznasy birnäçe ýurtlara iberilipdir. Mundan başga-da çapyşyklarda ýokary netije gazanmaga meýil bildirýän adamlar tohum arassaçylygyny gözden düşüripdiler. Bu nogsanlyklaryň garşysyna alnyp barylýan çäreler hemişe diýen netijäňi bermändir. Bu işler diňe bir tohumçylyk işiniň ähmiýetine däl, eýsem öňdengörüjilik, ilkinji nobatda bolsa, syýasy erk we döwlet goldawyna hem bagly bolupdyr.

Häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň milli miras hökmünde gadymky şöhratynyň dikeldilmegi we olaryň köpeldilmegi Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň başlandy. Ahalteke bedewi özüniň taryhy Watanynda hakyky keşbine eýe boldy. Dünýä çempiony Ýanardag Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirildi we ol erkinligiň hem-de garaşsyzlygyň hemişelik nyşanyna öwrüldi. Şol döwürden naýbaşy tohumdaky atlary mundan beýläk-de artdyrmak, ony dünýä ýüzünde ýaýratmak we meşhur etmek babatdaky maksada okgunly tohumçylyk seçgi işlerine badalga berildi.

Şol maksat bilen, 1991-nji ýylda «Türkmen atlary» döwlet birleşigi döredildi. Birleşik ahalteke bedewlerine öz ömürlerini bagyşlan hünärmenleriň ägirt uly işlerini utgaşdyrýar. Ajaýyp tohumdaky atlary ösdürip ýetişdirmegiň gizlin syrlaryny, tejribelerini atadan ogla geçiren türkmen seçgiçileriniň köp nesilleri özleriniň köp asyrlyk tejribelerine daýandylar we bu ugurdaky durmuşa geçirilýän çäreler ahalteke bedewleriniň sanyny hem-de arassalygyny dikeltmäge, geçmişdäki tohumçylyk nesil ugurlaryny hem-de atşynaslygyň asylly däplerini giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Häzirki döwürde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmen atşynaslygy milli muzeýinde öz beýanyny tapan gadymy baý däp-dessurlar döwlet Baştutanynyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde hil taýdan täze derejä çykdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasynyň agasy Aba Annaýewiň meşhur atşynas bolandygyny we onuň ahalteke bedewini gorap saklamak, kämilleşdirmek işine ägirt uly goşant goşandygyny bellemeli. Munuň özi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsiniň nesiller aşyp gelýändigini alamatlandyrýar.

Häzirki döwürde bu pudak hakyky rowaçlyga eýe bolýar. Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde ýurtda arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sportunyň görnüşlerini we atçapyşyklarynyň milli däplerini wagyz etmek babatda özüniň göwrümi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk çäreler durmuşa geçirilýär. Her ýylda tutuş ýurdumyz boýunça Türkmen bedewiniň baýramy giňden bellenilýär. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda atşynaslygy ösdürmek boýunça halkara ylmy çäre geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ülňülerine doly laýyk gelýän, döwrebap atçylyk sport toplumlary guruldy.

Ýurdumyzyň atşynaslyk ulgamyny höweslendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu tohumdaky bedewleriň iň gowy wekilini yglan etmek üçin ýörite bäsleşik esaslandyryldy. Ol çäre diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş adamzat medeniýetiniň aňrybaş gazanany bolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelliginiň özboluşly gözden geçirilişidir.

Mundan başga-da ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek üçin Türkmen döwlet sirkiniň Aşgabatdaky binasy dolulygyna abatlanyldy we ol iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Özleriniň çalasyn hereketleri we ajaýyp, çeýe, ýyndam bedewleri bilen türkmen jigitleri sirkiň tomaşaçylaryna köp sanly şatlyk we tolgundyryjy pursatlary eçilýärler.

Ýurtda arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler döredildi. Şeýlelikde, tohumçylyk ulgamynyň aýawly saklanjakdygy we onuň bahasy ruhy baýlyk hökmünde nesillere geçiriljekdigi gümansyzdyr. Bular asyrlaryň we nesilleriň, tagallalaryň we ýeňişleriň, zähmetiň we sazlaşygyň baglanyşygyny özünde jemleýär.