Häzirki wagtda bizde tohum baýtallardan arassa ganly taý almak möwsümi dowam edýär. Athanamyzda 314 baş at bar. Tohum baýtallardan meýilnama boýunça 29-30 töweregi taý almaly bolsak, olaryň sanyny 45-e ýetirmek mümkinçiligimiz bar.

Mary döwlet athanamyzdaky ýelden ýüwrük bedewleriň kyrkdan gowragyny çapuwa taýýarladyk. Şolaryň içinde ikiýaşar, dörtýaşar we uly ýaşly bedewler hem bar. Olar hem toparlar boýunça bölünen. At çapyşygynyň ýazky möwsüminiň açylyşynda-da, ondan soňky çapuwlarda-da oňat çykyş etdik. Öňümizde ýene çapuwlar bar. Bedew baýramy gününde hem uly çapuw bar. Türkmende «At almaz, seýis alar» diýilýär. Seýisçiligiň inçe tejribelerine uly üns berip, ýaş seýisleri hem taýýarlaýarys.

Elbetde, welaýatda atçylyk sport toplumynyň açylmagy biziň işlerimizi ep-esli öňe iterdi. Bu ýerde döredilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler ýokary derejedäki çapyşyklary geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde atlary gerek derejesinde seýislemäge, çapuw geçmäge, weterinar gözegçiliginden geçirmäge, wagtly-wagtynda suwa düşürip, olary arassalamaga... hemme şertler döredilendir. Bu ýerde diňe bir döwlet eýeçiligindäki atlary däl, eýsem, hususy eýeçilikdäki şahsy hojalyklarda ýetişdirilýän saýlama bedewleri aýlawa çykarmaga hem giň mümkinçilikler bar. Toplumda geçirilýän at çapyşyklaryna goňşy Ahal, Lebap welaýatlaryndan hem atşynaslaryň öz atlary bilen gatnaşýandyklaryny aýtmak ýakymly.

Bu ýerde at çapyşyklary bilen birlikde, ýigitleriň at üstündäki oýunlary hem yzygiderli guralýar. Bu oýunlar baýramçylyk şowhunyna beslenip, toýçy mähellä ruhy lezzet paýlaýar.

Atçylyk sport toplumynda atlaryň gözellik bäsleşigini geçirmek üçin ýörite meýdançanyň hem bardygy guwandyryjydyr. Şol bäsleşige çykarylýan gamyşgulak, uz basyşly, gyz gylykly ahalteke atlaryny göreniňde, göwnüň göterilýär. Milli buýsanjymyz bolan ahalteke atlarynyň şöhratyny dünýä ýaýýan hormatly Prezidentimize müň mertebe alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.