— At saklamak, onda-da, hakyky tohum ahalteke atynyň eýesi bolmak uly bagt hem-de jogapkärçilikdir. Ynsan gylykly, adam üşükli bedewlere çäksiz söýgiň, yşkyň bolmasa, bu ýeňil bolmadyk işe çörňeşeniň peýdasy ýok. Men hem kakam ýaly, köp ýyllap at yzynda gezdim. Şol sebäpli, ýatagymyzyň atsyz bolan wagty ýokdy —―diýip, Narkuly gürrüň berýär.

Gürrüňdeşimiz indi diňe bir Serdarabat etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň Asudalyk obasynda däl, eýsem, welaýatymyzda tanalýan seýisleriň birine öwrüldi. Oňa şeýle tanymallygy Perzent atly ýyndam aty getirdi. Ol toplumda guralýan çapyşyklaryň köpüsinde üstün çykyp, arkasyna serpaýlar ýapyldy. Birki ýyllykda bolsa Narkuly Dorgyz atly ýaş gysragy edindi. Bu ýagdaý onuň ahalteke atlarynyň tohumçylygy bilen çynlakaý gyzyklanyp ugrandygyndan habar berýär. Munuň üçin ol ýurdumyzyň belli atşynaslary bilen köp gezek duşuşdy, olaryň maslahatlaryny diňledi. Dor gysragy hem şolaryň teklip etmegi bilen satyn aldy. Dorgyz ýaş bolsa-da, dyzlarynyň kuwwatly, aýaklarynyň ýüwrükdigini gatnaşan ilkinji çapyşygynda ynamly subut etdi. Indi ol welaýat aýlawynda tanalýan bedewleriň biridir. Muňa şu ýylyň golaýda badalga alan ýazky at çapyşyk möwsüminiň geçen tapgyrlary hem ynandyryjylykly şaýatlyk etdi: ol gatnaşan çapyşyklarynyň ählisinde bäsdeşlerinden ozup, pellehanadan ilkinji bolup geçdi.

Şu ýerde ýene bir zady nygtamak artykmaçlyk etmez. Atyň çykmagynda oňa erk edýän çapyksuwara hem köp zatlar baglydyr. Bu babatda at eýesiniň bagty getiripdir. Onuň ogly Durdymyrat Pirnazarow ýaş bolsa-da, eýýäm tejribeli we başarjaň çapyksuwar hökmünde tanalýar. Ol kakasynyň berýän maslahatlaryna eýermek bilen, atlarynyň üstün çykmagyny gazanýar. Narkuly, soňky döwürde atlaryny seýislemek işi bilen-de, esasan, oglunyň meşgullanýandygyny guwanç bilen aýdýar.

— Ilimizde ata döwlet, myrat hökmünde garalýar. Gözellikde, ýyndamlykda, gylyklylykda deňsiz-taýsyz gamyşgulak bedewlerimiziň gapylarymyzda kişňäp durmagyny gazanmak, olaryň gatnaşmaklarynda gyzykly we özüne çekiji çapyşyklary guramak boýunça hormatly Prezidentimiz uly tagallalar edýär. Munuň üçin hemmeler — atşynaslar-da, bedewleriň janköýerleri-de Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarlar. — Ajaýyp bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, olaryň tohumlaryny gowulandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň döredilýän şertlerinde has yhlasly we döredijilikli zähmet çekesiň gelýär — diýip, Narkuly Pirnazarow buýsanç bilen nygtaýar.