Saýlanylyp alnan ösüş ýolunyň üstünliklere eltýändigini indi döwür subut etdi. Türkmen halky 2014-nji—Bedew ýylynda täzeden-täze sepgitleri nazarlaýar. Munda ýagşy niýetler, ajaýyp arzuw-umytlar biziň hemramyz.

Munda ganatly bedewlerimiz biziň aýrylmaz ýoldaşymyz.

Biziň ýoldaşymyz — bedewlerimiz edil nurana arzuw-umytlarymyz ýaly öňe çapyp barýar.

Indi türkmen bedewleriniň adynyň rowaýat bolup ýaňlanýandygy bellidir. Rowaýatlar bolsa ýöne ýerden döremeýärler.

Bedew hakynda rowaýat köp. Olaryň her biri ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimiziň asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň wepadar hemrasy, gardaşy hem syrdaşy bolandygy üçin köňüllerden dömüpdir. Atşynas ýaşulular bilen gürrüňdeş bolsaň, olar ahalteke bedewleriniň ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterendigini we göterýändigini buýsanç bilen aýdýarlar.

Gerek ýerinde mert ärler kimin batyr, çydamly, wepadar, düşbi, gaýratly, syratly we gözel ahalteke bedewleriniň adynyň bu gün dilleriň dessanydygyny hiç kim inkär edip bilmez.

Bilermen atşynaslar ahalteke bedewlerini adamzadyň döreden bahasyna ýetip bolmaýan gymmatlygy, jümle-jahanyň arassa ganly atlarynyň naýbaşysy hasaplaýarlar.

«Bedew beýle derejä türkmeniň ýürek yhlasy bilen ýetdi” diýip, bir goja seýis aýtdy.

Biz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe — beýik taryhy döwürde döwran sürýäris. Şonda bagtyýar bedewlerimiz hem biziň gapdalymyzda.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ahalteke bedewleri — biziň buýsanjymyz we guwanjymyz” diýen sözleri her birimiziň ýüregimiziň töründen çykan ýalydyr. Türkmen halky öz buýsanjy we guwanjy bolan ahalteke bedewlerine ýadygärlik dikýär. Meşhur Polatla dikilen belent ýadygärlik, atlaryň şasy hasaplanylan, döwlet Tugramyzda orun tutan Ýanardaga dikilen ýadygärlik — biziň belent buýsanjymyza dikilen ýadygärliklerdir.

Türkmeniň ata bolan yhlasy bedewi häzirki belentligine göterdi.

Ata bolan yhlas, söýgi türkmeniň milli aýratynlygydyr. Bu aýratynlyk ýyllaryň, asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar.

Guýmagursak arheolog, akademik Wiktor Sarianidi gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine salgylanyp, şeýle ýazypdy: «Türkmen bedewleri biziň eýýamymyzdan öňki dördünji müňýyllygyň birinji ýarymynda eldekileşdirilip başlanypdyr. Munuň özi taryhda bedewleriň ilkinji ýola eldekileşdirilmeginiň mysalydyr”.

At türkmeniň kämilligiň çür depesine çykaran gymmatlyklarynyň biridir. «Ahalteke bedewleri ýaly kämil, arassa ganly atlar başga ýerde ýokdur. Ol türkmeniň irginsiz yhlasynyň netijesidir” diýip, goja seýisleriň biri aýdýar.

Öz döwründe Gündogardan we Günbatardan gelen jahankeşdeler türkmen topragynda düşlänlerinde, ilkinji nobatda, türkmen bedewlerini synlapdyrlar. Olar gamyşgulak bedewlerimiziň owadanlygyna, çakganlygyna, ýyndamlygyna, iň esasam, çydamlylygyna we eýesine wepalylygyna haýran galypdyrlar.

Dünýäde hasaba alnan 250-ä golaý at tohumynyň iň gadymylarynyň biriniň ahalteke tohumly atlardygyny alymlar belleýärler. Türkmen halky edermen pederlerimizden bagtyýar nesillerimize miras galan bedewini başynyň täjine deňeýär, özüniň söwer dosty hasaplaýar.

Türkmeniň dosty — bedew. «Ýigidi dostundan tana” diýip, ýöne ýerden aýtmandyrlar.

Türkmeniň ýoldaşy—bedew. Olar biri-birine muwapyk.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ata bolan çäksiz söýgi, buýsanç biziň maşgalamyzda däbe öwrülipdir. Bu däp nesilden-nesle geçýär” diýip, buýsançly ýazýar. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň dogany Aba Annaýewiň öz döwrüniň meşhur atşynaslarynyň biri bolandygy mälimdir. Arkama-arka geçip gelýän bu däbiň hormatly Prezidentimiziň maşgalasynda şu günlerem dowam edýändigi külli türkmene aýan.

Milli Liderimiziň atşynaslyk sungatyny döwlet derejesinde belende götermek barada tutumly tagallalary Arkadagyň ata bolan söýgüsiniň bütin millete geçmegine getirdi.

Hawa, türkmen halky we onuň milli Lideri aty çyn ýürekden sarpalaýar, söýýär.

At—türkmeniň buýsanjy.

At—türkmeniň guwanjy.

At—türkmeniň mertebesi.

At—türkmeniň abraýy.

At—türkmeniň myrady.

At—türkmeniň gardaşy.

At—türkmeniň dosty.…

XIX asyryň dünýä belli jahankeşdesi Arminiý Wamberi, Orta Aziýa syýahat edende, ahalteke bedewlerini oňat synlaýar. Bedewiň türkmen durmuşynda nähili orun tutýandygyny seljerýär we öz ýol ýazgylarynda şeýle mazmundaky pikirleri galdyrýar: «Bu owadan jandar özüniň şeýle derejä ýetmegi üçin sarp edilen zähmeti doly ödeýär. Hakykatdan-da, bu täsin gudrat juda gelşikliligi, geňligi bilen tapawutlanýar. Oňa gumlularyň berýän bahasy juda uly. Olar üçin bu atlaryň belli bahasy ýok. Türkmenler ony öz maşgala agzalarynyň biri hökmünde söýýärler we hatyralaýarlar. Öz bedewlerini janyndan ileri tutýarlar...».

Ýewropaly bir orta asyr atşynasy: «Türkmenler öz atlaryny sürä kowmaýarlar. Diňe elde bakýarlar. Her bir ata aýratynlykda garalmagy şol atyň häsiýetinde ynsanlyk häsiýetine ýakynlaşmagy terbiýeleýär. Şonuň üçinem türkmenler öz atlaryna haýwan hökmünde däl-de, gardaş hökmünde garaýarlar» diýen ýazgylary galdyrypdyr.

Ahalteke bedewleri adatdan daşary güýçli, çydamly atlar hökmünde häsiýetlendirilýär. Urşy görenler bolsa söweşde ýaralanan eýelerini şol atlaryň jeň meýdanyndan düşbülik bilen alyp çykyşlary barada juda gyzykly edip gürrüň berýärler.

Ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny subut edýän başga deliller hem az däl. 1935-nji ýylda Aşgabat—Moskwa aralygyna geçirilen atly ýörişe gatnaşanlaryň ýatlamalaryny şol döwrüň metbugatynyň saralyp giden sahypalaryndan tapyp okap bolýar.

Aşgabat—Moskwa aralygy 84 günüň dowamynda geçilipdir. Atly ýörişe gatnaşyjylar, ylaýta-da, Garagum çölüni tutuş üç günläp kesip geçmeli bolandyklaryny, şol üç günüň dowamynda hiç bir ýerde säginmändiklerini, ýatyp uklamandyklaryny, atlaryň hem, özleriniň hem iýmit ýa-da suw ulanmandyklaryny ýazýarlar. Ýörişe gatnaşyjy adamlar we atlar barmaly ýerine sag-salamat barypdyrlar. Atlaryň arasynda-da, adamlaryň arasynda-da ýoňlany-dümewläni bolmandyr. Şonda bu ýagdaýy ahalteke bedewleriniň gaýratlylygynyň, çydamlylygynyň bir mysaly hökmünde getiripdirler.

Ahalteke bedewleriniň türkmen toý-baýramlarynyň gelşigi bolandygyny we häzir hem şeýledigini kim bilmeýär?! Bedewler ula goýberilende, peýkamdan sypan ok ýalydyr!

Bedewler ula gidende, olara edil ganat biten ýalydyr.

Olar uçýarlar!

Türkmen ilinde at çapyşyklary ýene bat aldy. Soňabaka on müňlerçe tomaşaça niýetlenilen aýlawlaryň gurulmagy bilen ahalteke atlary hakyky toý, hakyky sport bedewlerine öwrüldiler. Ýaryşlar düzgünleşdirildi. Ula gidýän atlar üçin örän uly baýraklar döredildi. Şol baýraklaryň arasynda häzirki zaman ýeňil awtoulaglary, owadan hem nepis türkmen halylary we beýleki gymmat bahaly zatlar bar. Munuň özi aýlawlaryň gymmatyny artdyrýar, ýaryşlaryň juda şüweleňli bolmagyny üpjün edýär. Ahyrnetijede bedewleriň abraýy belende göterilýär.

Ýyldyza öwrülýän atlar ýeňijiler hökmünde atçylyk sportunyň taryhyna girýärler.

At üstünde gylyç syryp, Watan goran şahyr Seýdi: «Bedew münen hassa bolsa, sag olur...» diýmek bilen, at münýän adamyň saglygynyň hem bihal bolmaýandygyny ýaňzydýar. Bu pikiri Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Kerim Ilmyradow has-da çintgeýär: «Atly gezelenç adamda göwräňi-syratyňy dik saklamak endigini kemala getirýär, adamyň ýürek-gan damarlarynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Adam ata münende, özüni bar zatdan rüstem duýýar, ruhy belende göterilýär. Atly gezelenç adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrýar».

Elbetde, ata erk etmegiň öz janly tilsimatlary bar. Şony dogry ulansaň, at hem dynç alýar, ony münen hem...

Görogly beg Türkmen şeýle diýýär:

«Gyrat münüp, al-asmanda uçar men...».

Bu gün türkmeniň ata bolan söýgüsi, sylag-sarpasy onuň, hakykatdan-da, «Gyrat münüp, al-asmanda uçýandygyny» aňladýar.