Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary we behişdi bedewlerimize bolan çäksiz söýgi-sarpasy esasynda ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilýän halkara gözellik bäsleşigine gyzyklanma bildirýänleriň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Ajaýyp bedewlerimiziň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşigine ýakyndan tomaşa etmäge Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden Watanymyza myhmanlar — ahalteke bedewleriniň muşdaklary gelýärler.

Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň jemleýji üçünji tapgyry 26-njy aprelde Köpetdagyň etegindäki türkmen tebigatynyň iň ajaýyp ýerinde — Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda geçirildi. Bäsleşigiň bu tapgyryna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy bolsa ildeşlerimizde uly ruhubelentlik döretdi. Milletimiziň göz-guwanjy, halkymyzyň buýsanjy we şöhraty hasaplanýan behişdi ahalteke bedewlerimiziň bu halkara gözellik bäsleşigi diňe bir atşynaslaryň däl, eýsem, bu täsin tohumdan bolan ajaýyp bedewleriň janköýerleriniň ählisiniň begenjine begenç, buýsanjyna buýsanç goşdy. Bu halkara bäsleşikde arassa ganly ahalteke tohum atlaryň Watany hasaplanýan Türkmenistan döwletimizde ösdürilip ýetişdirilen, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan hususy atşynas Kakamyrat Hallyýewiň Gorkmaz diýen ajaýyp bedewi beýlekilerden saýlanyp, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýlip yglan edildi. Onuň seýsi Baýly Begliýewdir.

Gorkmaz — 2010-njy ýylda doglan, örän owadan gara at. Ol Ýadygär we Söýlihalan diýen atlaryň neslinden bolup, meşhur Garlawajyň ugruna degişli. Ýeri gelende aýtsak, bu nesil ugry zähmetsöýer türkmen atşynaslary tarapyndan esaslandyryldy we 1990-njy ýylda resmi taýdan tassyklandy. Nesil ugry öz gözbaşyny 1939-njy ýylda Türkmenistanyň çäginde doglan gurt mele reňkli ajaýyp ahalteke bedewi bolan Garlawaçdan alyp gaýdýar. Garlawajyň nesilleri örän owadanlygy, beden gurluşynyň özboluşlylygy, deňsiz-taýsyz işjeňligi we at çapyşyklarynda hemişe ýokary netijeleri görkezýändikleri bilen tapawutlanýar. Bu nesil ugrunyň kemala gelmeginde Garlawajyň meşhur nesilleri hasaplanýan bedewleriň birnäçesi — mele reňkli Gandykap, gara gyr reňkli Kanat, mele reňkli Kalýan, akýal mele reňkli Gammar we beýlekiler özleriniň uly täsirini ýetirýärler.

Ajaýyp ahalteke bedewi Gorkmazyň şu ýylda örän çekeleşikli we has-da dabaraly, şowhunly geçirilen halkara gözellik bäsleşiginde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» hökmünde ýeňiji diýlip yglan edilenine we bäsleşigiň baş baýragyna — «Mersedes» kysymly ýeňil awtoulaga hem-de göçme kuboga eýe bolmagyna bedewiň eýesi Kakamyradyň, onuň agzybir maşgala agzalarynyň we dogan-garyndaşlarynyň, atşynas ýoldaşlarynyň begenjiniň, buýsanjynyň çägi ýok.

— Sag bolsun Gahryman Arkadagymyz! Biz — atşynaslar, türkmen bedewleriniň janköýerleri hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizde atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek, türkmeniň seýisçilik sungatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, behişdi bedewlerimiziň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny bütin dünýä ýaýmak, ahalteke tohum atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny köpeltmek ugrunda alyp barýan giň möçberli tutumly işlerine özümiziň tüýs ýürekden çykýan sagbolsunymyzy aýdýarys. Biz geljekde hem türkmen halkynyň bütin adamzadyň gymmatly medeni mirasyna goşan ajaýyp hazynasy — milli baýlygymyz we buýsanjymyz bolan behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny we meşhurlygyny has-da belende galdyrmakda, olaryň syna-sypatyny, taýsyz gözelligini kämilleşdirmekde, atşynaslyk sungatynyň inçe syrlaryny ösüp gelýän ýaş nesillerimize irginsiz öwretmekde zehinimizi, gujur-gaýratymyzy gaýgyrman halal zähmet çekeris. Munuň üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! — diýip, atşynas Kakamyrat Hallyýew buýsanç bilen aýdýar.