Biziň e.ö. IV asyrda gadymy grek lukmany Gippokrat: “Ata münüň, eziz watandaşlar, at ýaly sagdyn bolarsyňyz” diýipdir. Ol at münüp çapmaga bedeniň hyzmatyny kadalaşdyrýan, keselleriň galdyran “yzyny” azaldýan, immuniteti pugtalandyrýan, ýaşaýyş tonusyny beýgeldýän maşklarynyň bir bölegi hökmünde seredipdir. Onuň hassalara we ýaralanan adamlara oňyn täsiri baradaky ýazgylar gadymy döwürde, orta asyrlarda, biraz soňrak ýaşap geçen lukmanlaryň işlerinde-de duş gelýär. Ippoterapiýa bilen XX asyryň ortalarynda has giň meşgullanyp başlanylýar.

Bu usulyň iň uly artykmaçlygy ulanmak görkezilýän ugurlaryň juda köpdügi, çalt we oňat netije berýändigi, syrkawyň ýagdaýyny durnukly gowulandyrýandygy bilen düşündirilýär. Ol fiziki-akyl, ruhy-sosial, bejeriş-dikeldiş täsirlerini jemleýär. Galyberse-de, ol endamda agyry döredýän, syrkawy üýşendirýän, gorkuzýan, käte kabul etmek ýakymsyz bolan serişdelerden, agyry döredýän emlerden gaça durmaga kömek edýär. Üstesine, bu usulyň ulanylmagyna garşy görkezijiler ýok diýen ýaly. Ippoterapiýa bejeriş we dikeldiş döwründe ulanylanda, ençeme keselden we şikesden saplaýandygy subut edilen hakykatdyr.

Ilkinji nobatda, ippoterapiýanyň ortopediki keselleriň köp sanlysynda: oňurga gyşarmalarynda, hereket sazlaşygynyňAtly gezmegiň diňe bir keýpiňi göterip, göwnüňi galkdyrman, eýsem, saglyga hem peýdalydygy adamlara müňlerçe ýyl mundan ozal mälim bolupdyr. “At münmek arkaly bejeriş, bejeriji atly ýöreýiş” diýmegi aňladýan ippoterapiýanyň keselden soň, saglygy dikeltmekde hem-de köp sanly hassalyklary, ýarawsyzlyklary bejermekde ýokary netijelidigi häzirki döwürde-de köpçülikleýin ykrar edildi.

Biziň e.ö. IV asyrda gadymy grek lukmany Gippokrat: “Ata münüň, eziz watandaşlar, at ýaly sagdyn bolarsyňyz” diýipdir. Ol at münüp çapmaga bedeniň hyzmatyny kadalaşdyrýan, keselleriň galdyran “yzyny” azaldýan, immuniteti pugtalandyrýan, ýaşaýyş tonusyny beýgeldýän maşklarynyň bir bölegi hökmünde seredipdir. Onuň hassalara we ýaralanan adamlara oňyn täsiri baradaky ýazgylar gadymy döwürde, orta asyrlarda, biraz soňrak ýaşap geçen lukmanlaryň işlerinde-de duş gelýär. Ippoterapiýa bilen XX asyryň ortalarynda has giň meşgullanyp başlanylýar.

Bu usulyň iň uly artykmaçlygy ulanmak görkezilýän ugurlaryň juda köpdügi, çalt we oňat netije berýändigi, syrkawyň ýagdaýyny durnukly gowulandyrýandygy bilen düşündirilýär. Ol fiziki-akyl, ruhy-sosial, bejeriş-dikeldiş täsirlerini jemleýär. Galyberse-de, ol endamda agyry döredýän, syrkawy üýşendirýän, gorkuzýan, käte kabul etmek ýakymsyz bolan serişdelerden, agyry döredýän emlerden gaça durmaga kömek edýär. Üstesine, bu usulyň ulanylmagyna garşy görkezijiler ýok diýen ýaly. Ippoterapiýa bejeriş we dikeldiş döwründe ulanylanda, ençeme keselden we şikesden saplaýandygy subut edilen hakykatdyr. bozulmalarynda üstünlikli ulanylýandygyny bellemeli. Hirurgiýada betbagtçylykly ýagdaýlardan we agyr operasiýalardan soň, hereketlenmek ukybyny dikeltmek üçin peýdalanylýar. Ýürek-damar, aşgazan-içege hassalyklary, daýanç-hereket apparatynyň keselleri we şikesleri, poliomielit, prostatit, osteohondroz, skolioz, newroz, köp ýaýran skleroz… kesellerini bejermekde atly gezmek maslahat berilýär. Ippoterapiýa bu sökellikleriň we näsazlyklaryň öňüni almakda we bejermekde peýdaly, horlanmaga, myşsalary türgenleşdirmäge, göwräni dik tutmaga, syratly bolmaga, fiziki we psihiki agrama hötde gelmäge, öz-özüňe baha bermek ukybyňy we beýleki gowy häsiýetleri ösdürmäge, özüňi arkaýyn duýmaga, işjeň, ünsli bolmaga, gaharjaňlykdan, gyzmalykdan dynmaga hemaýat berýär.

At diňe bir bedeni däl, kalby hem bejerýär. Oňa ýöne seredip durmagyň özem peýdaly. Güýçli, akylly, mähirli, ynanjaň bu jandar özüni söýýän we ideg edýän adamlara bar mähir-muhabbetini siňdirýär. Atyň adama oňyn psihologik täsiri lukmanlar tarapyndan subut edildi. Özünden güýçli jandara höküm etmegiň, atdan geçýän tizligi, kuwwatlylygy başdan geçirmek ýaly duýgulardan lezzet almagyň, eýesi bilen ylalaşyp, düşünmegiň bioenergetik meýdany bilen gurşalmak islendik atla mahsusdyr.

Atly gezelenç etmek hemmeler, ylaýta-da, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin peýdaly. Aslynda, ippoterapiýa ýarym asyr mundan ozal örän agyr, bejermek kyn düşýän kesellerden ejir çekýän, beden we akyl taýdan ösüşi kadaly bolmadyk çagalaryň saglygyny dikeltmegiň ygtybarly, netijeli serişdesi hökmünde döreýär. Hut şol döwürde hem ýaralanan esgerleri bejermekde ulanylýan woltižirowka — atyň üstünde ýerine ýetirilýän gimnastiki maşklar toplumy peýda bolýar. Lukmanlar köp ýyllaryň dowamynda at bilen bejerişiň diňe bir näsaglar üçin däl-de, eýsem, sagdyn adamlar üçin hem peýdalydygyna göz ýetiripdirler. Häzir oňa psihoterapiýa bilen fizioterapiýanyň aralygyndaky bejeriş usuly hökmünde seredilýär.

Eýsem, atyň adama beden, akyl, ruhy taýdan täsiri näme bilen baglanyşykly?

At bilen ýüzbe-ýüz durmagyň özem eýýäm adamda ýakymly duýgulary döredýär, kalby rahatlandyrýar.

Haýal ýöräp barýan atyň ädimi adamyňky bilen deňölçegli, endamynyň gyzgyny bolsa 1-1,5 gradus ýokary (38 gradus töweregi). Atlynyň myşsalary atyň kuwwatly muskulaturasynyň hereketi arkaly owkalanýar, gyzdyrylýar, gowşadylýar. Hereket bedewiň üstündäki adama geçirilýän ýaly ýagdaý emele gelýär. Şonda atly minutda 110-a golaý impuls alýar. Ine, şol impulslar hem adamyň ýörände edýän hereketine meňzeş hereketleriň edilmegine itergi berýär. Şeýlelikde, maýyplar eýeriň üstünde oturan ýerinde “ýöreýän” ýaly bolýarlar. Galyberse-de, adam atyň üstünde oturanda, deňagramlygyny saklamak üçin (edil trenažýorda meşgullanandakysy ýaly) ähli myşsalaryny işe girizmeli bolýar. Atyň birsydyrgyn sazlaşykly hereketi adamy rahatlandyrýar, köşeşdirýär, nerw dartgynlygyny aýyrýar.