Ussatlaram öz aralarynda ussatlary, halypalaram halypalaryň halypasyny saýlaýarlar. Ata Ilewem, ine, şol saýlantgy ussatlaryň biri bolupdy. Heniz ýeňil agramdaky oglanlaryň arasyndaky guralýan çapyşyklara gatnaşyp ýören öwrenjekä, oňa “Ata kündük” lakamyny beripdiler. Ol bu lakamy atyň üstünde edil kündük goýlan ýaly bolup, oturyp bilşi bilen alypdy. Onuň çapyşyklaryna kän tomaşa edenler: “Ataň çapyp barýan atyna öňünden seretseň, edil üsti adamsyz ýalydyr. Çapyksuwary ne çaýkanar, ne dikeler” diýerdiler. Soň, Ata Ilew dünýeden ötensoňam, at üstünde owadan oturýan çapyksuwarlara halypalar: “Oturyşy Ataňka meňzeýär” diýen bahany berseler, bu iň ýokary baha boldugydy.

Çagalygy Ikinji jahan urşuna gabat gelen, maşgalada dört ogluň iň ulusy, at dakylan Ata (onuň hakyky ady Nazar eken) at münmäge ýarandan o janawarlaryň arasyndan aýrylmandyr. Ony öýünde saklamak ejesine-de başartmandyr. Çagalygy, ýetginjekligi, ýigitligi, hatda öýli-işikli bolansoňam, Atanyň tutuş ömri atlaryň arasynda geçipdir. Çagaka telim gezek athanada uklap galanda, ony gözläp gelen ejesi turzup, öýüne äkidipdir. Kakasy onuň alym bolaryny isläpdir. Ol bolsa atlar bilen gününi dogrup, atlar bilenem gününi ýaşyrypdyr. Öýüne myhman gelende, Atanyň aýalynyň: “Ol aýlawda bolaýmasa” diýmekden başga alajy bolmandyr. Ejesiniň ýalbarmalary-da, kakasynyň käýinçleri-de, söýüp öýlenen aýalynyň, köplenç, ýeke galmagy hem ony bu höwesinden alyp galyp bilmändir.

Atanyň öýlenişem özbaşyna bir waka. Ol öz ömürlik ýanýoldaşyna — Krasnodarda atbakar bolup işläp ýören gyza şol ýere at çapmaga gidende duşup, ony göwnedip, Aşgabada alyp gelýär. Onuň ejesi-kakasy rus gyzyna öýlenmegine razy bolmaýarlar. Ata aýlawa gidende, olar ol gyzy uçar menziline eltip, yzyna ugradýarlar. Ata aýlawdan gelip, bolan wakany bilip, Krasnodara uçýar. Gelinligini ýene yzyna getirýär. Gelip öz ýakynlaryna: “Biziň ýene yzymyza uçup gitmegimizi islemeýän bolsaňyz, ýüregimiň saýlanyna garşy gitmäň” diýýär. Şeýdibem, Ataň ejesi Nurjahan daýzanyň nowbahar gelni rus gyzy Nadežda bolýar. Soň Nurjahan daýza pahyr “Beýle-de bir ýakymly maşgala bolar eken, indiki edinjek gelinlerimem şunuň ýaly bolsa, armanym ýok” diýer eken. Hakykatdan-da, Atanyň agzybir, tutuş oba özüni aldyran maşgalasy bardy.

Her bir meselede şeýdip, ýüreginiň emrine gulak asyp ýaşan Atany özüne bendi edip bilen çyn bedewleriňem dünýesi täsin bolmaly. Atanyň atlar bilen geçen ömri hem ony uly abraýyň, ussat çapyksuwar, ussat seýis, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly atlaryň eýesi etdi.

Dogrusy, Ata Ilewde adamzat ähline mahsus bolan, hiç kesiňkiden pes bolmadyk mähir hem, söýgi hem, akyl-düşünje-de, gujur-gaýratam bardy. Ol hiç kimden üýtgeşigem däldi, eger onuň elmydam ýüreginiň emri bilen ýaşap bilendigini üýtgeşik tapawutlylyk diýip hasap etmeseň. Şu üýtgeşikligi bilenem, ol görenleriň aňynda baky ýaşajak Ata Ilew bolup bilipdi. “Eşiden deň bolmaz gören göz bilen” diýlişi ýaly, Atany görenler bu gün ony görmediklere: “Men Atanyň at çapyşyny görüpdim” diýip, buýsançlaryny gizlemeýärler.

Atşynaslaryň, aýlawda janköýerleriň arasynda şeýle hormat bilen ýatlanylmagy, döwletimiz tarapyndanam şeýle hormatly atlaryň berilmegi üçin Ata Ilewiň gazanan ýeňişlerini sanap geçmäge hem bir makala azlyk eder. Ol Aşgabadyň, Moskwanyň, Tblisiniň, Pýatigorskiniň, Krasnodaryň, Rostowyň aýlawlarynda iň uly baýraklaryň eýesi bolup, türkmen atşynaslygyna uly at-abraý getiren ussat. Şol çapyşyklaryň her birinde olam hernäçe tejribeli bolsa-da, ýüreginiň gürsüldisi münüp oturan atynyň toýnagynyň sesinden pes bolmadyk tolgunmany başyndan geçiren bolsa gerek. Çünki bu ýaryşlar halkara ýaryşlar bolup, olarda wekilçilik edýän ýurduň abraýyny goramaly. Seniň bilen çapyşjaklaryň her birem ussatlykda özüni tanadan çapyksuwarlar. Olaryň münüp oturan atlary hem seniňkiden peslär ýaly däl. Gazagystanyň, Terskiniň, Lugawskoýyň atçylyk zawodlarynda ösdürilip ýetişdirilýän şol atlar türkmeniň ahalteke atlarynyň — güli tirilip äkidilen atlaryň nesilleri. Şolardan ýeke birinde däl, birnäçesinde ýeňiş gazanyp bilmek uly netije.

Gynansak-da, bizde Ata Ilewiň näçe çapyşyga gatnaşyp, näçesinde ýeňiş gazanandygy hakynda maglumat ýok. Dogrusy, ol çapyksuwarlyk kärini şeýle maglumatyň hatyrasyna saýlamandy. Ol diňe ýüreginiň emri bilen athana gelenlerdendi. Athanada bolsa, atlar münüşe daň atmazyndanam öň çykarylýar, gijäň bir wagtyna çenli olaryň idegi gutarmaýar. Günüň sallahyň güni ýalydyr, öz iýjegiňi özüň bişirip iýmelisiň. Küýüň-köçäň, oýuň-pikiriň elmydam atlaryň bilendir. Çünki ýönekeý atbakardan başlap, ussat, halypa seýislere çenli aýlawda zähmet çekýänleriň gündelik iş düzgüni, ýörelgesi şeýledir. Bu zähmete hormat goýmazlyk mümkin däl. Ata-babalarymyz: “Atyny at edýänçä, eýesi it bolar” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Belki-de, aýlawda işleýänler bu yhlaslarynyň aňyrsynda şeýle duýgur, Magtymguly Pyragynyň “Adam ýaly syzýar” diýip wasp eden atlary bolmasady, onuň bir gününe-de çydamazdylar.

Ýeňeniňde, ýeňşiňe begenýän, ýeňileniňde, özüň bilen bile aglaýan atlarmy bu ýerde adama hyzmat edýän, ýa-da adamlarmy mydama olaryň hyzmatynda gezip ýören, muňa düşünip — deňeşdirmek mümkin däl.

Ata Ilew öz seýisleýän, çapýan atlaryna „öz bir-biri ýaly garap, olar bilen „gepleşer, gözlerine garap, hal-ýagdaýlaryny, özlerini duýuşlaryny biler eken. Diňe Ata Ilew däl, öz kärini ele alan atşynaslaryň hemmesi şeýledir. Aýlawa barsaňyz, athanalaryň sanlar bilen belgilenenini görersiňiz. Emma munuň daşyndan olary her athanada işleýän seýsiň ady bilenem belländirler. Ata Ilewiň athanasy... Onuň ýeňşini gutlamaga öýüne däl, şol athana barardylar. Ony gözlänler Atany köplenç şol athanadan tapardylar. Tä ömrüniň ahyryna çenli...

Ol häzir aramyzda gezip ýören bolsady, hormatly Prezidentimiziň at münüp, aýlawa çykanyny görüp, bar zatdan beter begenerdi. Çünki ol janyndan eziz gören ahalteke atlaryna şeýle uly sarpanyň goýlanyny görse, başy gök dirärdi. Goşa-goşa aýlawlar, üsti ýapyk manežler, ömrüni atlar bilen geçirýänleriň iň uly arzuwy — dünýä ülňülerine laýyk gelýän athanalar — bularyň ählisi milli Liderimiziň türkmen bedewiniň at-abraýyny hakyky bolmalysy ýaly, milletiň buýsanjy derejesine götermegi bilen ýetildi. Atşynaslar üçin dag eteginde, ýurdumyzyň iň gözel ýerleriniň birinde guruljak ýörite şäherçe türkmeniň bedew atynyň tohumyny ýitirmän, milletiň barlygynyň beýik sütünleriniň birini ýykdyrman saklan niçeme Ata Ilewleriň ruhuny şat etjek tutumlar dälmidir eýsem?!

«At ýatagyna dardyr» diýýärler. Hakykatda, Ata ýalylaryň umman mysaly ömürlerini, ölçegsiz-kenarsyz älem ýaly zehinlerini özüne sygdyryp bilen bolsa, ol beýle bir daram däl eken. Hormatly Prezidentimiziň hut özi tarapyndan şeýle uly tagallalara mynasyp görülýän bolsa, atşynaslyk mertebesi-de iňňän belentdir.