Atşynaslygyň ösmeginde halypa-şägirtlik ugry esasy orun tutýar. Nesilden-nesle ösüp kämilleşen bu ugur biziň döwrümizde ýokary sungat derejesine ýetipdir. Şu babatda halypa seýsiň şägirtleriniň biri, ençeme gezek onuň maslahatlaryny diňlän tanymal atşynas, Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Garadaşaýak obasynda ýaşaýan Bäşimdurdy Şadurdyýewiň ýatlamalaryny eşitmek has hem täsirli boldy.

— Biziň günlerimizde atşynas seýislerimiziň arasynda şöhratly Garlawaç barada gürrüň gidende, hökman Begmyrat aga ýatlanylýar. Begmyrat seýis kän gürlemezdi, elmydama öz işi bilen gümra bolar ýörerdi, ol atlaryň diline düşbüdi. Ondaky şu häsiýetleri öz döwründe halypalary hem duýupdylar. Belli seýis Gaýypy aga: «Seýisçilikde Begmyradyň ussatlygy çeniň-çakyň däldir. Ol, isle, turuwly atyň üstünde otursun, isle-de, agyr atda bolsun, tapawudy ýokdur, hemişe ony ýaryşda öňdäki hatarlarda görersiň. Haçan-da bedew bilen ynsan düşünişende, şeýle üstünliklere ýetilýär» diýen bolsa, türkmen seýisçiliginde mynasyp yz goýan D.Klimenko: «Meniň seýislän Sapaly atly bedewimi Begmyrat 1967-nji ýylda çapyp Pereň, Krona atly atym bilen Boýnow ýaly baýraklara mynasyp boldy. Ol at çapanda, bedewe hiç hili agram berenok, at hyjuwlanýar, galdawlanýar. Tüýs diýen çapyksuwaryň-da»... diýip, ýokary baha beripdi. Begmyrat seýis öz halypalaryny hemişe mertebeläp hem-de olara sarpa goýan ussatdy.

...Tanymal seýisler 1964-nji ýylyň güýzki at çapyşygyndaky uly baýraga öz bedewlerini taýýarlaýardylar. Şol gezek ýaryşa goşuljak bedewler naýbaşy atlardy. Ussat seýisler Babaly Taýmazow özüniň Angaryny, Gazanjygyny, Ata Ilew bolsa şöhratly Gaplaňyny ýaryşa goşjakdylar. Begmyrat seýsiň Gandygaby hem olardan pes oturanokdy. Şol gezek Begmyrat aga halypa seýis Orazgeldi Atamyradowa ýüz tutýar. Ol ýaryşyň şertini, ýagdaýyny seýis bilen maslahatlaşýar. Ony ünsli diňlän halypa:

— Hany, atyňy bir gözden geçireli — diýip, Gandygaby synlaýar, soňra ony golaý aralyga goýberip, atyň aýak alşyny barlap:

— Bolanok, çapanda at darap gelýär. Ertirki hem öýleden soňraky müngüleriňde atyňy oňatja derletgin, oňa dözmezçilik etmegin, atyň bedeninden artykmaç suwuny çykarsaň, ol öňküsinden has turuwly gopar—diýip, maslahat berýär. Ýaryşa iki-üç gün galanda, ýene-de atyň ot-iýmini köpeltmegi, gezimini artdyrmagy tabşyrýar. Ýaryşda howlukmazlygy, aralygyň üçden bir bölegi galanda, atyň başyny doly goýbermegi sargyt edýär. Şol gezekki ýaryşda Gandygap ýeňiji bolup, baş baýragy eýeleýär.

Ata-babalarymyzdan gelýän «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýen parasatly jümle bar. Begmyrat aga atşynaslykda onlap şägirt ýetişdirdi. Ussatdan tälim alan, onuň maslahatlaryny diňlän şägirtleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halypalyk derejesine ýetdiler. Gypjakly Baýramguly Söýünow, Aşgabat şäherinden Annadurdy Hydyrow, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Mälik Muhammedow, ussat seýisler Gaýyp Kiçigulow, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan Hojamuhammet Hydyrgulyýew, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Geldimuhammet Annalyýew türkmen atşynaslygynda öz halypasynyň ýoluny ösdürip, ussatlyk derejesine ýetdiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, eziz Diýarymyzda atşynaslyk ugry ösdürilýär hem kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde türkmen atlary diňe bir aýlawlaryň bezegi bolman, eýsem, olar dürli ýaryşlarda, päsgelçilikden bökmekde, at üstündäki oýunlarda, gözellik sergilerinde tapawutlanýarlar. Bu bolsa gadymyýetde «Asman atlary» ady bilen dünýäni haýrana goýan türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdiren görnükli atşynaslarymyzyň, ussat seýislerimiziň sap zähmetiniň miwesidir.