Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işinden söhbet açýan iş pursatlaryndan şekiller bedew gözelliginiň ajaýyplygy bilen utgaşyp gidýär.

Hytaý we iňlis dillerinde çap edilen bu neşiriň sahypalarynda milli lybasly, ak telpekli ýigitleriň giň sährada at üstünde gelýän pursatlary bedew at bilen goç ýigidiň özara arabaglanyşygyny suratlandyrýar. Ganatly ahalteke bedewi bizi ýene ýaz paslynda sähra alyp gidýär. Bedew heýkelleri, bedewleriň türkmen halkynyň toý-baýramlarynyň bezegidigi baradaky makalalar, Gahryman Arkadagymyzyň Bagtyýar atly atyndaky ajaýyp keşbi atçylyk toplumlaryndan görnüşler, dürli reňkli ahalteke bedewleriniň suratlary biri-biri bilen utgaşyp gidýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň el hünärleri bilen bedew atlarymyzy bezeýişleri, at üstündäki milli oýunlar hakda reňkli suratlaryň üsti bilen täsirli gürrüň berilýär.

Bu ajaýyp neşir Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň bütin dünýä dolanýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Majulun Halkara ahalteke atçylyk kompaniýasynyň baş dolandyryjysy Frank Gu bilen söhbetdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi:

— Ahalteke atlary bu gün bütin dünýäde bolşy ýaly, Hytaýda hem uly meşhurlyga eýedir. Bizdäki ahalteke atçylyk parkynyň tutýan meýdany 538 gektar meýdana deňdir. Bu ýerde ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny saklamak bilen baglanyşykly ylmy-barlaglar alnyp barylýar. Biziň atçylyk kompaniýamyz 2011-nji ýylyň 22-nji aprelinden bäri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem agzasydyr. Biz muňa guwanýarys. Kompaniýamyz tarapyndan ahalteke bedewlerine bagyşlanyp taýýarlanylan neşiri baýramçylyga sowgat getirdik.

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti bu atlara şeýle uly sarpa goýýar, çäksiz söýgi bilen garaýar. Şu günki serginiň hem ylmy maslahatyň geçirilmegi türkmen halkynyň öz bedewlerine bolan söýgüsiniň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle sergileriň geçirilýändigi hem-de oňa gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin olary gurnaýjylara köp sagbolsun aýdýarys.