Türkmen bedewleriniň hakyky janköýeri hem-de hak hossary bolan hormatly Prezidentimiz «Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda dünýä atçylyk ylmyndaky (ippologiýa) atlaryň eldekileşdirilen mekany baradaky jedeline ylmy taýdan delillendirilen nokady goýdy. Şondan soň Türkmenistanyň dünýäde atlaryň eldekileşdirilen ýurdudygy baradaky hakykat äleme doldy.

«At türkmen üçin hemme zat». Bu sözler hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlanan ýokarda agzalan kitabyndan alyndy. Ol subutnama talap etmeýän hakykat. Bedew türkmeniň umumadamzat medeniýetine goşan gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri. Aslynda, türkmeni atsyz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Türkmen bedewini özüniň hany-manyna deňäpdir. Asly uçmahdan saýylýan bu janawarlar bibaha hasaplanypdyr. Kir ýaly şalar ýekeje türkmen bedewi üçin tutuş şalygyny bagyşlamaga taýýar bolupdyr. Emma türkmen hiç haçan öz bedewi üçin mal-dünýe bilen baýlyk kesen däldir. Görogly beg ýöne ýere Gyratynyň bahasyny soran patyşa “Sen deý şadan ýüz bolaýdy” diýenok ahyry.

Onsoň, neneň türkmen öz maşgala agzasy saýan, şaý-sep bilen bezän bedewleriniň şanyna hepdeläp toý tutmasyn?! Türkmenistanda soňky ýyllarda gamyşgulak bedewlerimiziň şanyna tutulýan toýlaryň dabarasy öňkülerden has tutumly. Uzak aralyga atly ýaryş, päsgelçilikden geçmek boýunça atly bäsleşik, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli eserlerde, çap edilýän neşirlerde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeperçilik taýdan şekillendirmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnçylaryň, teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry...

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi merkezinde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilýän ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça döredijilik işleriniň jemleýji tapgyry döredijilik işgärleriniň hiç birini hem biparh goýmady. Muňa bäsleşigiň ajaýyp döredijilik işleriniň ýüzlerçesiniň awtorlaryny özüne birleşdirendigi hem şaýatlyk edýär. Baýramçylyga gabatlanyp geçen ýyl «Behişdi ahalteke bedewleri» atly web-saýtyň açylmagyny aýratyn nygtamagymyz zerur. Çünki soňky döwürde dünýäniň habarlar ulgamynda Internet neşirlerine aýratyn orun degişli. Şondan ugur alyp, ýakynda «Behişdi ahalteke bedewleri» atly web-saýty dünýäniň iň tizlikli hem-de köp okyjyly Internet ulgamyna goýuldy. Gysga wagtyň içinde bu saýt dünýäniň ençeme ýurdundan internetden peýdalanyjylaryň müňlerçesiniň ünsüni özüne çekdi.

Geçen ýyl 22 ýurtdan bolan žurnalistler bu ajaýyp baýramçylygy beýan etmek üçin Türkmenistana ýörite gelmäge isleg bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara atçylyk toplumynda guşuçar belentlikden kinniwanja dikuçar bilen toý mähellesini, atly oýunlaryny, gözellik bäsleşigini olar gyzgyny bilen Internet arkaly öz ýurtlarynyň habarlar giňişligine ýetirdiler. Bu ýyl hem Diýarymyzda türkmen argamaklarynyň şanyna tutuljak toý dünýäniň habar beriş serişdeleriniň wekillerini özüne çekýär.

Halkara hyzmatdaşlyk — Türkmenistanyň ösüşi üçin iň möhüm hem göze ilýän aýratynlyk. Barha çalt ösýän, özgerýän dünýäde öz ornuňy tapmak üçin onuň bilen aýakdaş gopmaly, döwrüň hörpüni bilmeli. Ine, şunda ilden öwrenip, olaryň gazanan üstünligini özüňe bolşy ýaly, gaýtalaman, milli ösüş ýoluňa muwapyk ornaşdyryp bilseň, şol bir wagtda öz gazanan üstünligiňi ile ýaýyp bilseň — bu ösüşiň seresine öwrülýär. Bu atçylyk babatynda hem şeýle. Hormatly Prezidentimiz dünýäde atçylyk sungaty we sporty babatda gazanylan tejribäni öwrenmäge ähmiýet berýär. Munuň üçin degişli pudaklaryň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini daşary ýurtlara ýygy-ýygydan sapara ýollaýar. Olaryň diňe geçen ýylda bolanlaryny seljersek, 2—6-njy fewral aralygynda GFR-iň Kýöln şäherinde guralan «Spoga Horse Spring—2013» atly halkara atçylyk-sport sergisine, 16—24-nji marty aralygynda Essen şäherinde geçirilen «Ekwitana—2013» atly iri halkara atçylyk sergisine gatnaşdylar. Ýurdumyzyň atşynaslary Belgiýanyň Gent şäherinde atçylyk pudagyna bagyşlanan halkara sergä milli at esbaplarymyz bilen gatnaşdylar. Geçen ýylyň 30-njy martynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen halkara at çapyşyklaryna gatnaşyp, bu ugurda toplanan baý tejribe bilen tanyşdylar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Belarus Respublikasynyň, Ukrainanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň döwlet sirkiniň sahnalarynda üstünlikli çykyş etdiler. Ýurdumyzda ahalteke atçylygyny wagyz etmek üçin «Behişdi ahalteke atlary» atly žurnal neşir edilýär.

2010-njy ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Geçen ýylda onuň III maslahatyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy hem-de çykyş etmegi ahalteke bedewleriniň dünýä janköýerleri üçin ýatda galyjy waka bolupdy. Milli Liderimiz şonda ahalteke atçylygyny ösdürmekde öňde durýan wezipeleri kesgitläpdi. Mejlisde hormatly Prezidentimize Türkmenistanda atçylyk sport hereketini ösdürmekde goşan uly şahsy goşandy üçin Halkara atçylyk sporty federasiýasynyň diplomy we ýadygärlik nyşany gowşurylypdy. Milli Liderimiz Germaniýanyň «Ekwitana» halkara atçylyk sergisiniň diplomyna we ýadygärlik nyşanyna hem mynasyp bolupdy. Bu zatlaryň özi, mähriban Arkadagymyzyň ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýäde dabaralandyrmak babatdaky işleriniň halkara ykrarnamasynyň ýene bir subutnamasydyr.

«Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara maslahat türkmen bedewini ylmy taýdan öwrenmekde hem-de dünýä wagyz etmekde bu ugurdan «çorba sowadanlary» hem-de höwesjeň muşdaklary bir ýere jemleýär. Şu ýyl indi bassyr 6-njy gezek geçirilýän bu möhüm çärä şu ýyl dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 160-dan gowrak adam gatnaşdy. Geçen ýyldan başlap geçirilmegi ýola goýlan halkara sergi-ýarmarkasy türkmen bedewiniň şanyna tutulýan baýramçylygyň esasy wakalaryna öwrüldi. Şu ýyl bu sergi-ýarmarkada dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan 150-den gowrak kompaniýa öz önümlerini görkezdiler. Şu ýylky baýramçylyk dabaralarynda Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynda atçylyk şäherçesiniň düýbi tutular. Atçylyk toplumynyň meýdany 76 gektar bolar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň geçen ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III maslahatynda geljekde ýurdumyzda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak babatynda alnyp barylýan işleri gowulandyrmak baradaky tabşyrygynyň amala aşýandygynyň subutnamasydyr.

Bedew ýylynyň baharynda Aziýanyň merjeni Aşgabat, gadymy Ahal ýaýlasy barha görklenýär. Çünki mähriban Diýarymyz türkmen bedewiniň şanyna uludan tutulýan dabara mynasybetli daşary ýurtlardan geljek ýüzlerçe myhmanlary garşylaýar. Ýokary derejedäki gonaklaryň arasynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Abdulla Gülüň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti jenap Rustam Minnihanowyň bolmagy dabaralara has-da belent dereje berer. Ýeri gelende ýatlasak, bu ýokary derejeli myhmanlaryň ikisine hem hormatly Prezidentimiziň öň ahalteke bedewiniň hakyky «gudratyny» synlamaga mümkinçilik döredendigini ýatlamak has-da ýakymlydyr. Bedew ir döwürlerden bäri türkmenleriň we olaryň ata-babalarynyň diplomatik däpleriniň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Bu gün Gahryman Arkadagymyz şol däbi has-da ösdürýär. Bedew—ösüş depgini bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda öňe saýlanýan Türkmenistanyň ruhy oňony. Bu gün onuň şanyna tutulýan toý biziň halkymyzyň dostlaryny parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna jebisleşmek, hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen paýtagtymyza jemleýär. Türkmenistan bu gün dünýäde parahatçylygyň jarçysyna, ahalteke bedewi bolsa—parahatçylygyň ýyndam çaparyna öwrülýär.

Umuman, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew baýramçylyklary bize bir täze hakykaty açýar. Türkmen bedewi—Ylahydan inen kemsiz-köstsüz sungat. Onuň göreni ýüpsüz daňýan, özüne maýyl edýän «jadysy» hem şonda. Megerem, şonuň üçin şol beýik sungat beýleki sungatlary özüne bendiwan kylýar. Türkmeniň ähli sungaty jemlenýär-de, ahalteke bedewini güberçekledip, has belende galdyrýar Behişdi bedewlerimize hossar çykan mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ähli tutumly işleriniň rowaç, başynyň dik bolmagyny arzuw edýäris! Toýlarymyzyň ýaraşygy bolan ajaýyp bedewlerimiz elmydama ula goýberilsin, şol şatlykly toýlardan serpaýly bolalyň!