“Türkmenistanyň Döwlet tugrasy hakyndaky” Kanuna laýyklykda, tugranyň kiçi tegeleginiň üstünde türkmenleriň buýsanjy, meşhur ahalteke bedewleriniň nusgalyk keşbini özünde jemleýän Ýanardagyň keşbi ýerleşdirilendir.

Altynsow mele reňkli, 1991-nji ýylda doglan Ýanardag Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň atydyr. Ol Ýalkymly we Dabaraly diýen atlaryň neslinden bolup, Ýalkymlynyň atasy Aýgytly Akdaşaýak obasynyň atydy. Ol şol döwürde belli atşynas Guwanç Orazowyň gowy görýän atlarynyň biri bolup, Sluçaý—Pakirpälwan diýen atlaryň ugruna degişlidir. Ýalkymlynyň enesi Ýalançy Gökdepäniň “Ahal” daýhan birleşiginiň baýtaly bolup, Sowhoz, Spessiwiý ýaly atlaryň neslindendir. Onuň on iki arka aňyrsy 1850-nji ýyllarda doglan ahalteke atlarynyň arasynda bäş sany nesilbaşy atlaryň biri bolan Soltanguly diýen ady belli atdan gaýdýar.

Aýgytlynyň enesi Döwlet tohumçylyk kitaplarynda 2158-nji belgide hasaba alnan gär reňkli Dabaraly—Senagat we Jahan diýen atlaryň neslinden bolup, ahalteke atlarynyň arasynda gözel, asyl bedew syna-sypatly nesil atlary bilen at-abraý gazanan Eýeberdi Telekäniň ugruna degişli atdyr.

Ýanardagyň, aýdylyşy ýaly, “uzyn ugurlara” degişli şejeresi bolup, ol örän görmegeý atdyr. Onuň beýikden (159 santimetr) uzyn göwresi (163 santimetr), uzyndan dik çykan dal boýunly, keýerjekläp duran gamyş gulakly, alma gözli, altynsow öwüşginli reňkde bolmagy, göwresine kybapdaş kellesi Ýanardagy köp atlardan saýlandyrýar. Onuň çarpaýa galyp ýöreýşi, gadymy söweş atlarynyňka meňzeş dabrama, säpjeme hereketleri göreni haýrana goýýar. Ýanardag ýakyn aralyga çapanda, ýel ýaly ýyndam çapýan, sprinter atdy. Ol 1994—2000-nji ýyllar aralygynda Aşgabadyň aýlawynda köp sanly uly baýrakly çapuwlara gatnaşyp, ýeňiji boldy.

Ýanardagyň tohumçylyk gymmatyny kesgitlemek üçin 10 rejeli ulgam boýunça seçgilenende gelip çykyşy we asyl bedew at syna-sypaty, umumy beden gurluşy, göwresiniň ölçegleri we aýlawlarda görkezen ýokary netijeleri—ýyndamlygy boýunça hem aňryçäk ýokary derejeli bahalary alypdy. Ol 1999-njy ýylda Moskwada geçirilen ahalteke atlarynyň halkara sergisinde görenleri haýrana goýup, dürli ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilen ahalteke atlarynyň arasynda Halkara çempiony diýlip yglan edilýär. Şonuň ýaly-da, Ýanardag Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen ahalteke atlarynyň arasynda 3 gezek çempion adyna eýe boldy we “Soltanyň güli” atly ýörite kubok hem-de pul baýraklary bilen sylaglandy.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda paýtagtymyzda Ýanardagyň şanyna ajaýyp heýkel bina edildi. Onuň dabaraly açylyşy Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriler. Bu heýkel toplumynyň gurluşygy bilen hormatly Prezidentimiziň yzygiderli we içgin gyzyklanyp durandygyny bellemelidiris. Gözellikde hem-de ýyndamlykda taýsyz ahalteke bedewlerini ösdürmekde bimöçber aladalar edilýär. Tugramyza gelşik berýän Ýanardag ýaly ajaýyp bedewleriň mekany bolan Diýarymyzyň giň sähralarynda atlar agynap, toýlarymyz toýa ulaşsyn!