Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda çapyşygyň ýazky möwsüminiň nobatdaky ýaryşynda saýlanan Dorgoňur gapdalyndan ylgaşlaýan çapyksuwar Isa Tirkeşbaýewe tarap uzyn boýnuny egip, burnuny parryldadýardy. Onuň endamyndan bug göterilýärdi. Ilçilikde aýdylyşy ýaly «at oglanyň» — ezber çapyksuwaryň ökjesi ýere degmeýärdi. Ol özüni mübärekleýän adamlary aralap, ikibaka towsanaklaýan atynyň gapdaly bilen ylgaşlaýardy. Söz bilen beýan edip bolmajak bu görnüşlerde ozallardan aty özüne iň ýakyn syrdaş, wepaly gardaş saýýan türkmene mahsus göwün şatlygynyň ýakymy nurlanýar.

Hawa, welaýat merkeziniň eteginde ýerleşýän döwrebap aýlawly sport toplumynda geçirilýän at çapyşyklary şowhun-şüweleňliligi taýdan türkmen toýlaryny ýada salýar. Säher bilen ýaňlanýan türkmen dutarynyň owazy, girelgäniň uzaboýuna hatar gurap oturan ak öýler, ýelden ýyndam bedewleriň gözelligine telwasly adamlaryň nurana nazary bir ýere çugdamlanyp, toý joşgunyny kalbyňa ornadýar.

— Gahryman Arkadagymyzyň sahawaty bilen gurlan hem-de ulanylmaga berlen gözel desgalaryň ikisiniň öz ykbalymda aýratyn orun alandygyna diýseň begenýärin — diýip, çapyksuwar ýigit Isa Tirkeşbaýew gürrüň berýär. — Olaryň biri, ine, şu atçylyk sport toplumy. Bu ýerde at çapyp, uly ýaryşlarda birinjiligi almak bagty miýesser edýär. Ikinjisi bolsa Türkmen oba hojalyk institutydyr. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyjy bilen açylan bu institutyň weterinariýa fakultetinde okaýaryn. Her gezekki ýaryşlara bile okaýan talyp ýoldaşlarym gelýärler, uly joşgun hem synmaz ynam bilen meni goldaýarlar. Her gezegem, unudylmajak bagtly pursatlary başdan geçirýärin. Adam üçin mundan uly bagt ýok bolsa gerek.

Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ýaşaýan seýis Tirkeşbaý Ýegşemowyň döwletli ojagynda ganatly bedewlere bolan söýgi nesil-nebere dowam etdirilýär. Ogullary Paltabaý bilen Isanyň at çapyp, uly aýlawlarda gazanýan ýeňişleri ussat seýisiň beren täliminiň, ýaşlygyndan olaryň gursagyna guýan söýgüsiniň, bedewlere höwrükmek yhlasynyň netijesidir. Her sapar ýaryşyň öň ýanynda aýlawyň her menzili, olary geçmegiň tärleri nazara alynýar, pellehana çenli aralyk birme-bir seljerilýär. Elbetde, esasy zat atyň aýak urşuna, ýyndamlygyna bagly, ýöne duýgur jandaryň badyna beleň bermek ezber çapyksuwaryň ussatlygyny äşgär edýär. Şu gezekki iki müň metr aralyga bolan çapyşykda Dorgoňur ajaýyp netije görkezdi. Ol ula goýberilen ýedi bedewiň arasyndan has saýlanyp, aralygy 2 minut 26,4 sekuntda geçdi. Isa Tirkeşbaýew öňki aýlawlarda «Gadyr-2» diýen aty çapýardy. Eýer üstünde oturmagyň we ata erk etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän Isa bu at bilen 1800 metr aralygy 2 minut 13,3 sekuntda geçdi.

— At ynsan ýaly syzgyr bolýar — diýip, çapyksuwaryň kakasy, seýis Tirkeşbaý Ýegşemow aýdýar. — Kän atlary seýisledim, uly toýlary baglan bedewleri ýetişdirdim. Uly aýlawlara eltilip, saý-sebäp bilen çapuwa goşulmadyk atlaryň arman edip, aglanyny gördüm. Adamyň iň wepadar ýoldaşy saýylan bedewleriň şular ýaly duýgurlygy haýran galdyrýar. Maşgalamyzda ata bolan hormat-sarpanyň, söýginiň mizemez ýörelgä öwrülendigine begenýän. Ata-baba kesp-käriň dowam etdirilýändigini görmek bagtyň ulusydyr. Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewlerine gadyr goýýar, atçylyk sportuny ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredýär. Bedew ýylynda bedew bady bilen öňe barýan mähriban ýurdumyzda şeýle tutumlara goşulyşmak — ykbalyň ýalkawy. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş berýän hormatly Prezidentimize näçe alkyş aýtsaň azdyr. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe ileri bolmagyny arzuw edýäris.