Bu zatlary aýtmak bilen, Türkmen bedewiniň baýramynyň pudak ýa hünär baýramy bolman, gönüden-göni türkmeniň öz ykbalyna, geçen taryhy ýoluna, şöhratly geljegine bagyşlanan buýsançly baýramdygyny nygtamak isleýäris.

Halkyň öz bedew atyna bolan gatnaşygyny, watansöýüjilik häsiýetini, at wepasyny çuňňur biljek bolsaň, hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabyny okaýmaly. Kitabyň «At türkmen üçin ähli zatdyr» diýen bölüminde bedewleriň toý-dabaralarda hem türkmen durmuşynyň bir bölegidigi aýdylýar.

«Türkmenler öz bedew atlaryny timarlap, kämilleşdirip, ony maşgalasynyň deň-hukukly agzasy, söweşiji gardaşy hasaplap, şol bedew atda durmuş-taýpa gatnaşyklaryny birleşdiriji halkany görüpdirler». Şu ýerde türkmeniň agzybirlik we bitewülik akabasyna girmegine hem bedew atyň esas bolandygyna göz ýetirýärsiň. Kitabyň «Gowudan gowusy» diýen bölüminde bolsa XIX asyrdan XX asyra çenli ahalteke atlarynyň geçen şöhratly ýoly, şöhratynyň dünýä doluşy beýan edilýär.

Ynsan bilen atyň arasyndaky dostluk türkmeniň dostluga goýýan hormatynyň milli usulda aňladylmagydyr. Şu dostluga wepadar türkmen halky öz ahalteke atyna, türkmen bedewine ynsan ýaly at goýýar.

Galyberse-de, her bir atyň aslyny — ata-enesini, çakganlygyny ýa garnawlydygyny tassyklaýan pasporty-da bar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» diýen eserinde milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan naýbaşy, arassa ganly, saýlama ahalteke bedewlerimiziň 132-siniň ady, aýlawlarda, sergilerde gazanan derejeleri ýekänme-ýekän agzalýar: Pyýada, Ýanardag, Erekdag, Tebigat, Kursant, Garabek, Gökhan, Gadyr, Gerdenli, Watan we beýlekiler.

Türkmen bedewlerini — ahalteke atlaryny seýislemekde, olaryň arassa ganlylygyny saklamakda yhlasyny gaýgyrmadyk seýisleriň, alymlaryň adynyň eserde getirilmegi hormatly Prezidentimiziň atçylyk bilen içgin gyzyklanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny jahana ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, bedew batly döwleti dowamat-dowam bolsun!