2000-nji ýyldan bäri eýer ussaçylygy bilen meşgullanyp gelýän Nurýagdy Mürrikow eýeriň her atyň özüne görä ýasalýandygyny aýdýar. Munuň üçin, ilki bilen, atyň göwresine görä ölçeg alynýar. Soňra, eýer ýasalanda, erik agajynyň bitinräk görnüşi saýlanyp alynýar. Bu iş — özbaşyna sungat. Özem inçe, köp hysyrdyny talap edýän sungat. Şeýle inçe sungat bilen Nurýagdynyň garry atasy Baýnazar aga hem meşgullanypdyr. Atalaryndan, kakasyndan ussaçylygyň gadymy nusgasyny öwrenen Nurýagdy soňra bu sungaty kämilleşdirmek üçin Patyşaguly Amangulyýew, Saragt Babaýew ýaly halypa mugallymlardan köp tälim alýar. Ukusyz geçirilen gijeleriň, edilen yhlasyň ýerine düşendigine onuň ýasan eýerlerini göreniňde hem göz ýetirmek bolýar. Ýeri gelende aýtsak, çapuw atlarynyň eýeri ýeňilräk, kiçiräk, adaty wagtda, awa-beýlekä gidilende münülýän atlaryň eýerleri oňa görä uly bolýar. Diňe olam däl, ýasalan eýerleri şaý-sepler bilen bezemek bagtyýarlyk döwrümizde zergärçilik sungatynyň has hem pajarlap ösýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Eýeriň ilki gaşy, soňra oturylýan ýeri rahatlyk üçin çekiden berkidilip ýasalýar. Atyň gamçysy, alagaýyş, uýan, saçlyk, göwüsbent — Nurýagdy bulary eýer bilen bilelikde bitewi bir toplum görnüşinde ýerine ýetirýär. Eýeriň daşy, üzeňňisi ýörite taýýarlanan gaýyşdan edilýär. Munuň üçin sygryň derisi peýdalanylýar. Ony bolsa gön zawodyndan taýýar görnüşinde alýarlar. Eýeriň aşagynda hem ýörite goýun ýüňünden örtgi goýulýar. Munuň özi eýeriň aty agyrtmazlygy üçin edilýär. Awa gidilende, atlara ýörite ýoldaşlyk üçin eýeriň gaşyna laçyn guşuň kellesiniň kümüşden ýasalan şekili oturdylýar. Ol kümüşden, ýüzüne altyn çaýylyp hem ýasalýar. Şunuň ýaly laçyn guşuň şekili bilen çapuw atlaryny hem bezäp-besleýärler. Eýeriň daş-töweregi hakyk, pöwrize, göwher gaşly kümüş şaýlar bilen bezelýär. Gülýaka görnüşli şaýlar, oýulyp çekilen ösümlik nagyşlary, goçak nagşy eýere aýratyn bezeg berýär. Edil şonuň ýaly, her atyň eýerine kümüşden ýasalan ýörite nyşan hem goýulýar. Ussahana gireniňden bedewleriň milli şaý-sepler bilen bezelen eýer-esbaplary gözüňi gamaşdyrýar. Olaryň sap kümüşden ýasalanlary-da, ýüzüne altyn çaýylanlary-da bar.

—Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize sarpasy eýer ussasy hem zergär hökmünde bizi diýseň buýsandyrýar. Şaý-sep meselesinde bedewler hem edil adam ýaly, onuň özüne ýaraşýandygyny duýýar, aýagyny kakyp, oňa begenjini mälim edýär. Golaýda behişdi bedewleriň gözellik bäsleşigi geçirilende, bizem şol bedewleriň şaý-seplerini ýasamaga gatnaşdyk. Şonda gara reňkli bedewiň ak kümüş şaý-sepleri bilen, beýleki bedewleriň, meselem, mele atyň altyn çaýylan şaý-sepler bilen bezelişi göreni özüne bendi etdi. Hut şeýle bezegler bilen beslemek atlary has buýsançly hem owadan görkezýär. Bedew at, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, biziň milli buýsanjymyz. Şonuň üçin atyň eýerini bezedigiňçe bezäsiň gelýär. Onuň daşyndan beýleki şaý-sepleri hem oňa üýtgeşik gelşik berýär. Göwnüňe bolmasa, pederlerimiz atyň özboluşly hazynadygyny aňlatmak islän ýaly, ony bezemek bezäpdirler. Eýeriň ýasalyşy hem şol milli şaý-sepler bilen özara sazlaşykly edilýär. Onuň töwerek-daşy owadan gaşly dürli şaý-sepler bilen bezelýär. Şol şaý-sepleriň asylky ýasalyş usulyna, ýagny ýüzüne gyzyl siňdirip ýasalyş gadymy usulyna «amalgam» diýilýär. Eýer ýasamak, olary her dürli gaşly şaý-sepler bilen besläp-bejermek işine jigim Amandurdy hem yhlas bilen gatnaşýar. Ine, edil häzir hem hormatly Prezidentimiziň döredijilik işgärleriniň, zergärleriň arasynda yglan eden bäsleşigine gatnaşmak üçin kümüş şaý-sepler bilen bezäp-beslän eýerlerimizi sergilemäge barýarys. Bu döredijilik bäsleşigine halypalaram, keramikaçylaram, heýkeltaraşlaram uly höwes bilen gatnaşýarlar. Ýörite atyň nalyny ýasaýan ussalarymyz hem bar. Türkmende «Atyň naly asylan öýe bagt gelermiş” diýilýär.

Eýeriň özüne dakylýan şaý-sepleriň özi bir dünýä. Iň esasy bolsa, ýasaýan esbaplaryň atyň rahatlygyna rahatlyk, gözelligine gözellik goşmaly. Diňe şeýle edilende, eýer öz hakyky manysyna eýe bolýar. Eýer ýasamak milli sungatyň ajaýyp görnüşleriniň biri. Bedew atlarymyzy bezäp-beslemekde, waspyny belentden ýetirmekde sungat işgärlerini uly işlere ruhlandyryp, giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu asylly däp, täze usullar, nepislik, sünnälik, täsin nagyşlar bilen baýlaşdyrylyp, has kämil keşbine eýe bolýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden baýram edilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygynda bedew atlaryň gözellik şaý-seplerine beslenen eýerleri hem bu baýramçylyga müň bir öwüşgini bilen lowurdap, şöhle saçýar. Diýmek, halkymyzyň bedew atlaryna söýgüsi mukaddesdir, ebedidir.