Il içinde «At — myrat» diýilýär. Sebäbi Ýaradanyň huzurynda her gün bedew atyň kyrk dilegi kabul edilermiş. Aýdylyşyna görä, bedew atyň şol dilegleriniň otuz dokuzy eýesi üçin, ýekejesi bolsa özi üçinmişin. Şonuň üçinem türkmen halkynyň arasynda haýsy öýde bedew bar bolsa, şol öýe hemişelik şowlulyk ýaran bolýar diýen berk ynam bar. Biz haýsy ýürekde bedewe söýgi ýaşaýan bolsa, şol ýürege çäksiz hyjuwyň ýar bolýandygyna, nirede bedew hakynda gürrüň edilýän bolsa, şol ýere bereket ýagýandygyna hem berk ynanýarys.

* * *

«Ekzotika» sözüne sözlüklerde «adaty dällik, täsinlik» diýlip düşündiriş berilýär. Sada dilde aýdanyňda bolsa, bu «seýrek gabat gelýän zat, ýagdaý» diýmegi aňladýar. Mahal-mahal jahanyň çar künjünde ýaşaýan adamlaryň Türkmenistan hakyndaky gürrüňleriniň arasynda bu sözi häli-şindi aýtmaly bolýandygyna oturyp-oturyp buýsanýaryn. Indi, men bu sözleri näçe ýola eşidenimiňem, haýsy ýurtlardan gelen adamlaryň aýdandygynyňam hasabyny ýitiriberdim. Ol söz, ilkinji nobatda hem, türkmeniň behişdi bedewleri babatda aýdylýar.

* * *

Gidip-gidip, asmanda gaýta-gaýta birnäçe aýlap ýaşap gaýdýan uçarman-kosmonawt Oleg Kononenkony, göräýmäge, hiç zat haýran galdyryp bilmejek ýaly. Onuň üçin «ekzotika» bolmajak ýaly. Sebäbi ol asmana çykyp, Ýer togalagyny gujagyna sygdyrar belentlikde kän wagtlap ýaşap gördi. Ol biziň gijeden we gündizden durýar diýip hasap edýän dünýämiziň gije-gündizini ýitirýän ýa-da gije-gündiziň birleşýän ýerinden telim ýola Zemini synlap gördi. Ýöne şolam ýere düşenden soňra, biziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň Moskwadaky taryhy çykyşyna «Ekzotika» diýip baha berýär. Şeýle tomaşany sypdyrmagy aýp hasaplaýar. Ata Watany Türkmenistana geldigi ilkinji mümkinçilikde ahalteke atlaryna maňlaýyny direýär.

Biziň üçin bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary adaty zada öwrülip gitdi. Has dogrusy, toý-baýramlarymyzda häli-şindi olaryň täsin çykyşlarynyň kalbyňy heýjana salýan şowhunyna öwrenişip gidipdiris.

* * *

2010-njy ýyla heniz ýatdan çykarça salym bolanok. Ýadyňyzdadyr, şol ýylyň maýynda 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilen dabaraly ýörişe Gyrat atly bedewimiz hem gatnaşypdy. Arassa ganly ahalteke bedewiniň tohumyndan bolan Gyratyň Gyzyl meýdana çykmagy dabara gatnaşýan myhmanlarda, taryhy pursada teleýaýlym arkaly tomaşa edýän millionlarça adamda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Türkmenleriň ahalteke bedewiniň dabarasy sähel salymda ýene bir ýola jahana ýaň saldy.

Gyzyl meýdandaky taryhy pursada teleýaýlymda tomaşa eden millionlarçalaryň arasynda menem bardym. Türkmen bolup bu pursada buýsanmazlyk, bokurdagyň dolmazlygy mümkin däldi. Aslynda, diňe Beýik Ýeňşiň 65 ýyllyk baýramynda däl-de, ýowuz urşuň tamamlanan güni, Ýeňiş güni hem Gyzyl meýdandan Absent atly ahalteke bedewi geçipdi. Ýeňşiň 65 ýyllygynda dabaraly ýörişde Gyzyl meýdandan geçen Gyrat hem urşuň tamamlanan güni marşal G. Žukowyň münen Absentiniň nesline degişlidi.

Ahalteke bedewi Gyzyl meýdandan ikinji sapar geçende, köňüllere ganat berdi. Şol gün Gyrat 65 ýyl ozal atasynyň basan aýak yzlarynyň üstüne düşen çaňlary kakdy.

Şol taryhy günden kän wagt geçmänkä, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň Moskwada geçen sirk sungatynyň bütindünýä festiwalynda uly ýeňiş gazanmagy hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dabarasy dag aşan ahalteke bedewlerimiziň şanyny taryhyň ýene bir täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazdy.

Ahalteke bedewleriniň örän uly sahnada nazarlary eglemegi atçylykdan başy çykýan adamlary göwnühoş etse, heniz ahalteke bedewini içgin tanamaga ýetişmedik adamlary diýseň geňirgendirdi. Olar birden beýle uly böküşe, hakykatdanam, haýran galypdylar. Dogry, türkmen atlylary bütindünýä festiwalyna ilkinji gezek gatnaşypdylar. Ýöne ilkinji gezekdäki bu üstünligiň syryny çözlemek üçin onuň aňyrsynda müňýyllyklara uzap gidýän, sünnälenip-syntgylanyp, sungat derejesine ýetirilen baý taryhy tejribäniň ýatandygyna düşünmeli. Behişdi bedewleriň çyn janköýeri hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky tutumly tagallalaryna aň ýetirmeli.

Gahryman Arkadagymyz bütindünýä festiwalynda uly üstünlik gazanan «Galkynyş» toparynyň 16 agzadan ybarat bolan atçylarynyň her biriniň sylag-serpaýyny ýetirdi.

Aslynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň türkmen adyny jahana ýaýýan, bedew badyny ruhuna siňdiren beýik zamanasy biziň her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak beýik serpaýdyr!