Ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň düzüminde ýöriteleşdirilen täze merkeziň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we baştutanlyk etmeginde atçylyga degişli milli ýörelgeleri dikeltmek, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, türgenleri – at çapmak, uzak aralyga ýöriş, päsgelçilikli ýaryş, şeýle hem at üstündäki oýunlar boýunça ussatlary taýýarlamak ugrundaky giň gerimli işiň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Okuw merkezi “Ösüş gurluşygy” hususy kärhana tarapyndan guruldy. Ak mermer bilen örtülen iki gatly täze binanyň birinji gatynda interaktiw we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglary, türgenleşik geçirilýän ýer bar. Şol ýerde simulýatorlar – emeli atlar we çapyksuwarlaryň türgenleşik geçmegi üçin niýetlenen enjamlar goýuldy. Bu ýerde mejlisler we sergi zallary, giň we ýagty naharhana bar.

Merkeziň ikinji gatynda okuw otaglarynyň 4-si, mugallymlar we tälimçiler, şeýle hem ýolbaşçylyk üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär.

Ýapyk manež merkeziň möhüm desgalarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde at üstündäki oýunlar, şeýle hem päsgelçiliklerden geçmek we atçylyk sportunyň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar guralar. Onuň sirk sungatynyň Türkmenistanda we ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden meşhur bolan aýratyn görnüşiniň – at üstündäki oýunlaryň görkezilýän merkezleriniň birine öwrüljekdigi şübhesizdir.

Galyberse-de, merkezde hojalyk jaýlary we ammarlar ýerleşýär. Bir söz bilen aýdanyňda, bu ýere gelýänler üçin hem, işgärler üçin hem örän oňaýly şertler döredildi. Birnäçe tehniki desgalar Okuw merkeziniň we ýapyk manežiň üpjünçilik ulgamlary üçin niýetlenendir.

Aşgabat şäheriniň atçylyk sport toplumyndaky ýapyk manežli täze Okuw merkezinde otaglar göwnejaý ýerleşdirilipdir. Onuň özboluşly binagärlik keşbinde milli ýörelgeler we inženerlik taýdan täze gazanylanlar öz beýanyny tapdy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Okuw merkeziniň açylmagynyň Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň wagyz edilmegine, atçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, meşhur ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegine, bedewleriň halkara ýaryşlaryna taýýarlanylmagyna uly üns berilýändigini aýdyň görkezýändigini buýsanç bilen bellediler.

Köp asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri özboluşly bedewleri ösdürip ýetişdirmek arkaly, atlaryň tutuş dünýäniň atşynaslygynyň täjine öwrülen täsin tohumyny döretmegi başardylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ahalteke bedewleri barada içgin alada edilýär. Ýurdumyzda behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek we saklamak üçin ähli şertler döredildi.

Ýapyk manežli täze Okuw merkezinde ezber çapyksuwarlar taýýarlanylar. Olar nepislik we buýsanç bilen gadam urýan ýyndam bedewler bilen birlikde, atçylyk sporty boýunça dürli ýaryşlara gatnaşarlar.