Mälim bolşy ýaly, bu Assosiasiýa 2010-njy ýylyň awgustanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredildi. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan milli gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmakdan, daşary ýurtlaryň ahalteke atçylyk assosiasiýalaryny bir gurama birikdirmekden ybarat bolup durýar. Assosiasiýanyň işi atçylygy ösdürmek, dünýäde “behtşdi bedewleri” giňden wagyz etmek hem-de ilkinji nobatda dünýä medeniýetindäki täsin ýagdaý hökmünde ahalteke bedewiniň tohumyny aýawly saklamak we ähmiýetini artdyrmak boýunça hünärmenleriň özara netijeli hyzmatdaşlyk etmegi we peýdaly tejribäni alyşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bularyň ählisi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti -- meşhur “behişdi bedewlerden” oňat baş çykarýan we olara uly sarpa goýýan türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen we bu Assosiasiýa degişli esasy wezipelerdir.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagyny içgin üns berip, ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz bu mejlisiň açylmagy bilen oňa gatnaşyjylary mähirli gutlap, meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýändigini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda atçylygyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly üns berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýändigi göz öňünde tutulyp, Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilendigini belledi. Her ýylda Assosiasiýanyň mejlislerine dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan wekiller gatnaşýar. Bu halkara mejlisleri gözelligiň nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki muşdaklarynyň has-da köpelýändigini aýdyň görkezýän subutnama boldy. Häzirki döwürde daşary ýurtlardan we Türkmenistandan Assosiasiýa agza bolmaga isleg bildirýän edara görnüşli hem-de şahsy taraplaryň sany barha artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halky asyrlar boýy ahalteke bedewlerini uçar ganatyna deňäp, iň ýakyn syrdaşy hasaplap gelipdir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynda dörän, dünýäde deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimiziň şanyna her ýylyň aprel aýynda döwlet derejesinde Türkmen bedewiniň baýramy uly dabaralara beslenip bellenilip geçilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu mejlisiň ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrjakdygyna, atşynaslaryň özara peýdaly tejribe alyşmagyna uly ýardam etjekdigine ynam bildirip, mejlisge gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň gün tertibine Assosiasiýanyň işiniň netijeleri, onuň işine degişli möhüm ähmiýetli meseleler hem-de geljekde-de hyzmatdaşlyk etmek babatdaky meýiller goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, her ýylda geçirilýän şunuň ýaly duşuşyklaryň wajyp ähmiýetlidigi hem-de bu duşuşyklaryň däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täzeden badalga berip, onuň anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna, hünärmenleriň we meşhur behişdi bedewlere uly sarpa goýýanlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we onuň geriminiň giňeldilmegine ýardam berýändigi bellenildi.

Çykyşlarda meşhur ahalteke bedewleri, dünýäniň dürli ýurtlarynda türkmen atşynaslarynyň toplan tejribesi we gazananlary babatda bildirilýän gyzyklanmanyň artýandygy nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki döwürde türkmen halkynyň atçylara degişli ýörelgelerini täzeden ýola goýmak we dowam etdirmek, saýlap seçmegi we tohumçylygy kämilleşdirmek we ösdürmek, ahalteke bedewleriniň saýlama tohumlaryny aýawly saklamak we artdyrmak bilen bagly işe uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi.

Çykyş edenler türkmen Liderine Türkmenistana gelip görmäge hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisine we Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň aýawly saklanmagyna we bu mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ahalteke bedewlerine içgin üns berilmegine, atçylyk pudagynyň we atçylyk sportunyň sazlaşykly ösdürilmegine, degişli düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilip ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işiň özlerinde aýratyn täsir galdaryndygyny bellediler.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IV mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýygnananlar mejlisiň netijelerini jemläp, şu gezekki duşuşygyň ahalteke atçylygy boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we tejribe alşylmagyna, gözelligi, nepisligi we ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da artdyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlis tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Sergi köşgüne bardylar, bu gün şol ýerde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI halkara ylmy maslahat açyldy.