Pudaklaýyn forum we gözden geçiriliş atçylyk zawodynyň hem-de atçylyk sportunyň ösüşiniň ähli ugurlaryny, bu ulgamda taryhy tejribäni we häzirki zaman tejribesini, halkara ylmy-barlag ulgamyndaky gatnaşyklaryň ugurlaryny hödürleýär. Atçylyk dünýäsi özboluşly ugurdyr, ony adamyň işiniň diňe bir ugry bilen baglanyşdyrmak mümkin däldir. Bu özboluşlylyk biziň durmuşymyzyň köp taraplaryny öz içine alýan serginiň hem-de maslahatyň mowzuklaýyn many-mazmunynda öz beýanyny tapdy. Şunda bu çäreleriň many-mazmunynyň üstüniň ajaýyp baýramçylyk öwüşginleri bilen ýetirilýändigini bellemelidiris. Bu ruhubelentlik ýagdaýy şöhraty dünýä dolan, tebigatyň bize peşgeş beren türkmen bedewleriniň hormatyna ýurdumyzda guralýan şu dabaralarda hem aýdyň duýulýar.

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň arasynda ýaňyja öz işini tamamlan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IV mejlisine hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar hem bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalýar. Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýändigi göz öňünde tutulyp, daşary ýurtlardaky ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny belledi. Häzrki döwürde ýurdumyzda atçylyk sungaty ösdürmäge döwletimiz tarapynlan ähdi şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şeýle goldawyň netijesinde, yhlasly zähmet çekýän türkmen seýisleri, atşynaslary ähli döredilýän mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny saklamakda, syna owadanlygyny kämilleşdirmekde we atlaryň baş sanyny köpeltmekde netijeli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz bu halkara sergi-ýarmarkasynyň we maslahatynyň döwletimiziň atçylyk pudagynda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini halkara jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmakda, bu ulgamda özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistan mundan beýläk-de türkmen halkynyň uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, atly sport bäsleşiklerini, at üstünläki dürli oýunlary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek we atlaryň tohumçylyk-seçgi işlerini gowulandyrmak hem-de atçylyk pudagynda alnyp barylýan işleri dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyryp, has-da kämilleşdirmek üçin mundan beýläk-de ähli zerur işleri geçirer diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly, tansly çykyşlary açylyş dabarasynyň üstüni ýetirdi, açyk asmanyň astyndaky at üstündäki oýunlary bolsa onuň öwüşginini has-da artdyrdy. Sergi köşgüniň golaýynda ornaşdyrylan sirk meýdançasynda meşhur “Galkynyş” toparynyň jigitleri tomaşaçylara öz ussatlygyny görkezdiler. Olaryň ýyndam we owadan ahalteke bedewlerinde eden çykyşlary tomaşaçylary haýran galdyrdy. Atlylar—ýigitler we gyzlar, hemişe bolşy ýaly, özleriniň batyrgaýlygy hem-de çalasynlygy, ýerine ýetiren dürli çylşyrymly maşklary bilen bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu çykyşlar tamamlanandan soň, daşary ýurtly myhmanlar artistleri uzak wagtlap goýbermediler. Olar şeýle ýatdan çykmajak täsirleri peşgeş berendigi üçin artistlere hoşallyk bildirip, olaryň geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandylar. Bu baýramçylyk günleriniň gahrymanlary – şaý-seplere beslenen bedewler özleriniň gözelligi we syratlylygy bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.

Sergi toplumynyň açyk meýdançasynda bedewler ýerleşdirilen syn ediş agyllary hem ýerleşdirilipdir. Bu ýerde bedewleri ýakyndan synlap, olaryň özboluşly mährini duýup bolýar.

... Şol pursat serginiň açylyş dabarasy binanyň içinde köp öwüşginli edebi aýdym-saz kompozisiýasy bilen dowam etdi. Onda milli taryhymyzyň gahrymanlarynyň keşpleri janlandyryldy, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň öçmez-ýitmez goşgulary ýaňlandy. Ýyndam ahalteke bedewleriniň şekilleri görkezilýän ägirt uly monitoryň, mähriban topragymyzyň giň öri meýdanlarynda otlap ýören bedewler şekillendirilen uly bannerleriň öňünde jigitleriň joşgunly tansy asyrlaryň dowamatlylygynyň, türkmen halkynyň taryhynda atlaryň mynasyp orun eýeländiginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Häzirki wagtda bedewleriň bu orny täze many-mazmuny, halkara ähmiýetine eýe boldy. Türkmen bedewiniň baýramynda biziň şatlygymyzy we buýsanjymyzy paýlaşmak, täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin dünýäniň onlarça döwletinden ýurdumyza gelen wekilleriň örän köp bolmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Şol gatnaşyklar bolsa ahalteke bedewleriniň bütin dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam eder.

Şu iri forumlaryň geçirilmeginiň esasy maksatlarynyň biri hem şundan ybaratdyr. Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan ilkinji halkara sergi-ýarmarkasynyň geçen ýyl Aşgabatda geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Şonda, esasan hem, hyzmatdaşlyk etmek ulgamynda wezipeleri bellemek, gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini, hyzmatdaşlyk üçin has wajyp meseleleri kesgitlemek barada gürrüň edilipdi. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan şu ýylky gözden geçirilişe gatnaşyjylara şol wezipeleri çözmek boýunça geçen döwrüň dowamynda edilen işler barada gürrüň bermäge giň mümkinçilik döredildi.

Serginiň Türkmenistanda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmegiň wajyp meseleleri bilen baglanyşdyrylandygyny, daşary ýurtly işewürleriň biziň bazarymyza uly gyzyklanma bildirýändigini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň düzüminiň giňelendigini, hödürlenen täze gyzykly işläp taýýarlamalaryň we taslamalaryň sanynyň artandygyny nazara almak bilen, bu çäräniň üstünlige eýe bolandygyny, onuň yzygiderli geçirilmäge mynasyp bolandygyny ynamly aýtmak bolar. Munuň özi atçylyk pudagynyň hünärmenleriniň Aşgabat duşuşygynyň däbe öwrülip, ýöriteleşdirilen sergileriň halkara senenamasynda mynasyp orun eýelejekdigini, dünýäniň ähli künjeklerinden hyzmatdaşlaryň we pikirdeşleriň, türgenleriň we bedewleriň muşdaklarynyň köp sanlysyny çekjekdigini aýtmaga esas berýär.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgüniň meýdançalarynda dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan kompaniýalaryň, edaralaryň we guramalaryň 150-den gowragy, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, ýokary okuw mekdepleri we türkmen telekeçileri özleriniň diwarlyklaryny hem-de pawilonlaryny hödürleýärler.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň ýüzlerçesi sergide Fransiýanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Ispaniýanyň, Finlýandiýanyň, Italiýanyň, Niderlendlaryň, Wengriýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Gazagystanyň, Litwanyň, Ukrainanyň, Moldowanyň, Eýranyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürlik düzümlerine, atçylyk assosiasiýalaryna we klublaryna, okuw mekdeplerine we sport guramalaryna, weterinar klinikalara hem-de ýöriteleşdirilen önümçilik kärhanalaryna wekilçilik edýärler.

Umumy sergi özüne atçylyk sporty, tohumçylyk, aýlaw işi, weterinariýa, şeýle hem seýisler, çapyksuwarlar üçin harytlar—at esbaplary, ot-iýmler we azyk goşundylary, derman serişdeleri, athanalar üçin enjamlar hem-de beýleki önümler ýaly bölümleri birleşdirýär.

Şeýlelikde, Türkiýä Respublikasynyň wekiliýeti sergä gatnaşýanlaryň arasynda düzüminiň giňligi bilen tapawutlanýar. Bu wekiliýetiň düzümine kompaniýalaryň, atçylyk klublarynyň, gurluşyk firmalarynyň, iýmleri, ýörite enjamlary öndürijileriň 100-e golaý wekili girdi. Olar atçylyk fermalaryň işini, atçylyk sport ýaryşlaryny, atçylyk syýahatçylygyny we at üstündäki gezelençleri guramak üçin zerur bolan önümleri we hyzmatlary hödürlediler. Türk hünärmenleri tarapyndan görkezilýän zatlaryň arasynda atçylar üçin esbaplar, athanalaryň enjamlary, atlary daşamak üçin gerek bolan awtoulaglar, bedewlere ideg etmek üçin niýetlenen serişdeler, şol sanda derman serişdeleri, döwrebaplaşdyrylan eýerler, ylgaw ýodajyklary üçin sintetiki düşekler, okuw-usulyýet hem-de ylmy-köpçülikleýin neşirler bar. Şeýle hem olar kärdeşlerini marketing, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de atçylyk babatda mahabat ulgamynda toplan tejribesi bilen tanyşdyrýarlar.

Ýewropa ýurtlarynyň kompanýalarynyň onlarçasy sergä gatnaşyjylara we bu ýere gelýänlere athanalary, atçylyk sport toplumlaryny we aýlawlary gurmagyň taslamalary, çapyksuwarlar üçin lybaslaryň täze bezeg işläp taýýarlamalaryny, bedewlere baş öwretmek üçin serişdeleri, atçylyk sporty üçin dürli harytlary we atçylyk bilen bagly beýleki zatlary hödürleýärler. Germaniýanyň “Tilke” we “Сaspian Way” kompaniýalarynyň Milanda geçiriljek “EKSPO-2015” bütin dünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilonyny döretmek baradaky taslamasy hem özüne çekijidir. Şeýlelikde, bütin dünýäde meşhur bolan ahalteke bedewiniň keşbini onuň daşky bezeginiň esasy hökmünde ulanmak teklip edilýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň atçylyk assosiasiýasy hem bu ýerde uly diwarlygy hödürleýär. Ol sergä gelýänleri Hytaýyň atçylyk pudagynyň özboluşly “parkyna” çagyrýar. Şol ýerde ahalteke bedewleri gadymy döwürlerden bäri şan-şöhrata eýe bolupdyr we häzirki günde hem olara uly sarpa goýulýar.

Gözden geçirilişde atçylyk syýahatçylygyny ösdürmek, ýörite bilim we pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine uly üns berlipdir. Pawilonlaryň käbiri atlar üçin üzeňňileri, eýerleri we beýleki esbaplary hem-de şaý-sepleri döredýän ussalaryň özboluşly işleri, çapyksuwarlaryň ýa-da awçylaryň şu ýurtlara mahsus bolan beýleki zatlary sergä gelýänleriň ünsüni çekýär. Dürli ýurtlaryň suratkeşleriniň, heýkeltaraşlaryň we surat ussatlarynyň ajaýyp eserleri, atçylyk bilen baglanyşykly sowgatlyklar sergä özboluşly öwüşgin çaýýar.

Türkmenistan, sözüň doly manysynda, sergide iň baý ekspozisiýany hödürledi. Bu çäräni geçirýän tarap hökmünde biziň ýurdumyz sergi zalynyň köp bölegini eýeledi. Biziň sergimizi şertli iki bölege bölmek bolar. Bir tarapdan, onda bižiň däp-dessurlarymyz, beýleki tarapdan bolsa, häzirki döwürde gazananlarymyz öz beýanyny tapypdyr. Olaryň birinjisinde halk senetçiliginiň önümleriniň özboluşly gündogar bazary döredilip, muzeý gaznalaryndan mowzuklaýyn gymmatlyklar görkezilýär. Oňa milli halyçylygyň we zergärçilik sungatynyň, çeper senetçiligiň ajaýyp eserleri girizildi. Bu ýerde şeýle hem meşhur türkmen suratçylarynyň bedewlere bagyşlap döreden suratlaryny, köp sanly heýkellerini görmek bolýar. Olarda bedewlerimiziň gözelligi we ýyndamlygy öz beýanyny tapypdyr.

Özboluşly aýnalarda hem münberlerde at bezegleriniň we şaý-sepleriniň täsin nusgalary ýerleşdirilipdir. Ussalar olary ýasamak üçin ähli yhlasyny we zehinini siňdirip, dürli bezeg daşlaryny hem-de kümüş ulanypdyr. Şeýlelikde, olar ajaýyp eserleri döredipdir. Şol ýerde pudagy ösdürmegiň esasy ugurlaryny görkezýän “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň, beýleki ugurlar bilen birlikde çapyksuwarlary hem taýýarlaýan Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, “Türkmnhaly” döwlet birleşiginiň, Medeniýet ministriliginiň we dokma senagaty ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we beýlekileriň köp öwüşginli pawilonlary ýerleşdirilipdir.

Biziň sergimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitaplary we beýleki neşir önümleri mynasyp orun eýeleýär. Sergi şeýle hem bu ýere gelýänlere atçylyk sportuny we atçylyk syýahatçylygyny ösdürmek babatda biziň ýurdumyzyň geljegi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda islendik pudakda innowasiýalary ornaşdyrmazdan, ösüşi gazanyp bolmaýandygy mälimdir. Ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň bäsleşige ukyplylygyny diňe ýokary ylmy kuwwat we tehnologik dereje arkaly üpjün etmek mümkindir. Sergide bu örän wajyp mowzuga hem aýratyn üns berilýär. Şol ýerde atçylyk sport düzümini döwrebaplaşdyrmakda we giňeltmekde ulanýan öňdebaryjy çözgütler hödürlenilýär.

Ýarmarka gatnaşyjylaryň ähli bu çäräniň örän wajypdygyny hem-de derwaýysdygyny biragyzdan belleýär. Bu çäre täze bilelikdäki taslamalara, pudaklaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge we milli atçylyk toplumynyň dünýäniň atçylyk pudagyna işjeň goşulyşmagyna badalga berer.

Şu günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgünde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI halkara ylmy maslahat öz işine başlady.

Günüň ikinji ýarymynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VI Halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu çäre “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan guraldy we oňa dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan belli alym-ippologlaryň, atşynaslaryň, taryhçylaryň, etnograflaryň we beýleki hünärmenleriň 160-a golaýy gatnaşdy.

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda ylmy maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Onda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen halky ahalteke bedewi ýaly beýik tohumçylyk sungatynyň gymmatly eserini dünýä bermek bilen çäklenmän, eýsem ol bu ajaýyp atlaryň arassa ganlylygyny sakladylar we olaryň gaýtalanmajak häsiýetlerini we nesil ugurlaryny kämilleşdirdiler.

Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda ýurdumyzyň gadymy atşynaslyk ulgamynyň häzirki günlere çenli ýeten derejesini, ahalteke bedewleriniň täzeden galkynan şöhratyny açyp görkezildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mynasyp paýy bardyr. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda pudak hil taýdan täze ösüşe eýe boldy we işjeň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürdi diýlip, çykyşlarda bellenildi. Hemmetaraplaýyn döwlet goldawy netijesinde türkmen atşynaslyk mekdebi we atçylyk sporty foruma gatnaşýan daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Olar öz gezeginde dünýäniň birnäçe ýurtlarynda ahalteke bedewlerini ösdürmek boýunça merkezleriň işi hakynda gürrüň berdiler we türkmen kärdeşlerini tejribe alyşmaga hem-de gatnaşyklary ýola goýmaga çagyrdylar. Çykyş edenler atçylygyň ösdürilmegine toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygyny bellediler. Munuň özi tohumçylygyň häzirki zaman usullaryny peýdalanmak arkaly netijeli tohumçylyk we seçgi işini girizmekden, atçylyk sportuny ösdürmekden, tutuşlygyna alnanda bolsa atşynaslygy wagyz etmekden ybaratdyr.

Plenar mejlisi tamamlanandan soň, ylmy maslahata gatnaşyjylar öz işini ugurlar boýunça dowam etdiler. Şeýlelikde, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Dünýä atşynaslyk ulgamynda ahalteke bedewiniň orny” mowzugy boýunça seksiýalaýyn mejlis geçirildi. Ikinji mejlis atçylyk sportuna we atly syýahatçylyga bagyşlandy. Bu mejlis Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirildi. “Atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary” ady bilen geçirilen üçünji mejlis “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň maslahatlar zalynda boldy we onda bu ugra degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem olarda Türkmenistanyň tohumçylyk atşynaslygynyň halkara ähmiýeti baradaky çykyşlar diňlenildi.

Ertir Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan sergi-ýarmarkasy we “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahaty öz işini dowam eder.