Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini wagyz etmäge uly üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň atçylygyny mundan beýläk-de ösdürmek, şöhrat gazanan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça tohumçylyk işini kämilleşdirmek, çapyksuwarlary we sport bedewlerini halkara ýaryşlaryna taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Mälim bolşy ýaly, bedewleriň bu özboluşly tohumyna örän belet we oňa sarpa goýýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri diňe bir däp bolan at çapyşyklarynda däl, eýsem, atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerinde hem ajaýyp netijeleri görkezýärler. Ahalteke bedewleriniň görnükli wekilleri dünýä atçylyk sportunyň we Olimpiýa hereketiniň taryhynda öz mynasyp ornuny tapdylar.

2011-nji ýylda Halkara atçylyk-sport toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen päsgelçilikden geçmek Türkmenistanda täze ösüşe eýe boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan, Milli atçylyk sporty merkezinden we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden bedewleriň ondan gowragyny ýygnan häzirki ýaryş hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Dabaraly sazyň owazy astynda ýaryşa gatnaşyjylar yzygiderlilikde meýdança çykýarlar. Olar tomaşaçylara tarap ýüzlerini öwrüp, hatara durýarlar. Ýaryşy alyp baryjy myhmanlary ýaryşa gatnaşyjylar bilen tanyşdyrýar. Şondan soň, emin ýaryşyň şertlerini yglan edýär.

Häzirki ýaryş iki tapgyrdan ybaratdyr, şolarda her bir türgene çykyş etmek üçin 4 minut berilýär. Ýaryşyň tertibine laýyklykda, çapyksuwar at bilen şol ýerde oturdylan 10 sany päsgelçiliklerden geçip, bellenilen ugry geçmelidir. 1-nji tapgyrda şol päsgelçilikleriň doly derejedäki beýikligi 1 metr 10 santimetre barabardyr. 2-nji tapgyrda ýaryşa gatnaşyjylaryň öňünde 1 metr 20 santimetr beýikligi ýeňip geçmek wezipesi durýar. Ikinji tapgyrda jemi jerime utuklaryny has az alan we ýokary tizligi görkezen bedew ýeňiji bolýar.

Tutuş ýaryşyň dowamynda bu ýerde oturdylan monitorda tomaşaçylara çykyş edýän her bir bedew we çapyksuwar, olaryň bellenilen ugry geçmeginiň wagty we jerime utuklary hakynda maglumat berildi.

Ýaryş bedewlere erk etmek sungatynda çapyksuwarlaryň ýokary ussatlygyny görkezdi. Olar bolsa öz nobatynda, ahalteke bedewiniň ajaýyp beden kämilligi bilen bir hatarda, päsgelçilikden geçende deňagramlylygyny saklamak başarnygyna hem eýedigini ýene-de bir gezek tassykladylar. Ahalteke bedewleriniň “behişdi bedewler” diýlip atlandyrylmagy tötänleýin däldir.

Bedewleriň päsgelçilikden geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerini Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglamak dabarasy 27-nji aprelde, ýagny Türkmen bedewiniň baýramynda geçiriler.