Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “...Ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan bedewlerimiziň ajaýypdan näzik owadanlygynda, duýgurlygynda, ýüwrükliginde, wepalylygynda ata-babalarymyzyň tükeniksiz azap-aladalary, bahasyna ýetip bolmajak yhlasly halal zähmeti bar” diýen dürdäne sözleri her bir sungata sarpa goýýan adamda uly täsir galdyrýar.

Adamyň ýakyn ýoldaşy hasaplanan atlaryň gadyr-gymmaty häzirki wagtda günbe-günden artýar. Ylmy esasda döwürleriň medeniýetlerini ýüze çykarmakda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň-da uly paýy bar. Onuň nakgaşçylyk görnüşi tebigaty has-da janly beýan edýän bolsa, heýkeltaraşlyk görnüşinde bolsa janly göwrümler gözüňi dokundyrýar. Grafika usulynda ýerine ýetirilen gamyşgulak bedewleriň keşpleri hem biri-birinden ajaýyp. Halyçylyk, zergärçilik we küýzegärçilik ýaly senetlere siňen bedewleriň keşpleri-de milli döredijiligimiziň mysaly hökmünde göwnüňi galkyndyrýar. Suratkeşleriň döredijiliginde türkmeniň göz-guwanjy bolan bedewleriň keşbiniň sungat eserlerine öwrülmegi sungatyň kämilleşmegine getirýär.

Dünýä taryhynda bedew atlaryň üstünde oturan patyşalaryň, soltan-begleriň, serkerdeleriň suratlandyrylan keşpleri döwletlilikden, mertlikden, batyrlykdan habar berýär.

Nakgaşçylyk sungatynyň taryhynda ussat suratkeşler öz eserlerinde türkmen bedewleriniň keşplerini ussatlarça suratlandyrmagy başarypdyrlar. Şeýle eserleriň hatarynda I.Poýdanyň “Pellehana” (1954), M.Mämmedowyň “Toý” (1977), A.Amangeldiýewiň “Soltan Sanjaryň Merwe gelmegi” (1990), B.Hojammaýewiň “Türkmenler awda” (1998), A.Muhammedowyň “Alp Arslan” (2002), B.Owganowyň “Togrul beg Türkmeniň Bagdatda dabaraly garşylanmagy” (2004), I.Işangulyýewiň «Togrul beg Türkmen» (2010) eserlerinde görmek bolýar.

Soňky ýyllarda türkmen bedewiniň waspyny ýetirýän eserleriň sany barha artýar. Ynha, indi dördünji gezek Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda ajaýyp bedewlerimiziň keşpleri suratlandyrylan çeper eserleriň uly toplumy görkezildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda has tapawutlanan eserler birnäçe ugurlar boýunça saýlanyp, ýeňiji ussatlaryň eserleri 2014-nji ýylyň aprel aýynyň 26-synda jemi jemleniljek baýramçylyk dabarasynda belli ediler.

Naýbaşy nakgaşçylyk eserlerini döretmek ugrunda irginsiz zähmet siňdirýän biziň suratkeşlerimiz ajaýyp sungat eserlerini döredýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2011-nji ýylyň aprel aýynyň 23-inde jemi jemlenen bäsleşikde Türkmenistanyň halk suratkeşi Wera Gyllyýewa “Galkynyş” atly ajaýyp nakgaş eseri üçin birinji orna mynasyp bolupdy. 2012-nji ýylyň aprel aýynyň 29-yna jemi jemlenen bäsleşikde bolsa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babageldi Owganow “Görogly” atly ajaýyp nakgaş eseri üçin birinji orny eýeledi. 2013-nji ýylyň aprel aýynyň 28-ine jemi jemlenen bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika kafedrasynyň müdiri Parahat Gapançaýew “Görkli” atly ajaýyp nakgaş eseri üçin suratkeşlik ugrundan birinji orna mynasyp boldy.

2014-nji ýyl Bedew ýyly hem-de dünýäniň paýhas çeşmesine egsilmez goşant goşan Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň bellenip geçilýän ýylyna gabat geleni üçin-de ýurdumyzyň döredijilik ussatlarynyň öňünde örän jogapkärli wezipeleriň durýandygy mälimdir. Şol nukdaýnazardan, watançylyk, ynsanperwerlik, jahankeşdelik, çeper labyzlylyk bilen beýan edilen eserleriň bu ýyl nusgawylyk talaplarynyň has-da agramly boljakdygy ikuçsyzdyr. Goý, ýeňijini bäsleşik kesgitlesin!