Eziz Watanymyz gözelligi we ýyndamlygy babatda taýsyz ahalteke bedewiniň mekany hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edilendir. Ýakyn-u-alys ýurtlardan Diýarymyza gelýän jahankeşdeleriň, ilkinji nobatda, ajaýyp ahalteke bedewini synlamagyň arzuwynda bolýandygy hem hut şu hakykat bilen baglydyr.

Ahalteke bedewiniň tohumynyň döredilmeginiň hem-de uzak müňýyllyklaryň dowamynda kämil saklanylmagynyň aňyrsynda, tapylgysyz tebigy şertler, şeýle hem pederlerimiziň bu ugurdaky yhlasy, sungat derejesine göterilen seýisçilik tejribeleri durandyr. Munuň şeýledigini soňky ýyllarda ylmyň dürli ugurlarynda ýüze çykarylan subutnamalar doly tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda bu babatda şeýle diýilýär: «Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, Ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi. Ol özi barada ähli taryhy eýýamlarda mähirli ýatlama galdyrmak bilen dünýäniň medeni giňişliginde owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi».

Atşynas alymlar genetiki aýratynlyklaryna görä, dünýä ýüzünde çapuw bäsleşiklerine gatnaşdyrmak we münmek üçin ulanylýan, arassa ganly sap bedewleriň tohumlarynyň döremeginde ahalteke bedewiniň uly ornunyň bardygyny ylmy barlaglaryň esasynda tassykladylar. Bu babatda arheologiýa, etnografiýa, taryh, dil, edebiýat baradaky çeşmelere, şeýle hem biologiýa, paleozologiýa, zoografiýa, ekologiýa ylymlarynyň maglumatlaryna esaslanylyp geçirilen yzygiderli barlaglar ahalteke bedewiniň häzirki täsin durkunyň kemala gelmeginde Köpetdag bilen bereketli Garagum sährasynyň arasyndaky tebigy giňişligiň wajyp orun eýeleýändigini ýüze çykardy. Hut Ahal ýaýlasynda ýetişdirilýän häzirki ahalteke bedewiniň meşhur Parfiýa atlarynyň nesil dowamatydygy doly subut edildi.

Ahalteke bedewiniň zynaty beýleki tohum atlaryňkydan mesaňa tapawutlanýar. Esasan-da, uzyn boýnuň, syrdam aýaklaryň, näzik endamyň, berk bedeniň sazlaşygy türkmen bedewiniň kamatynda jemlenipdir. Hut şu aýratynlyklar hem ahalteke bedewiniň dünýä ýaýraýşynyň taryhyny öwrenmäge ygtybarly esas berýär. Alymlaryň pikiriçe, üç müň ýyl mundan ozal hettleriň ýeňilmez atly goşunlaryna söweşlerde ýeňiş we şöhrat getiren hem meşhur ahalteke bedewidir. Mundan başga-da, Alynky Aziýanyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan barelýeflerde, gadymy skifleriň altyn çanaklarynda, Pazyryk depesindäki mumyýanyň ýüzüne çekilen şekillerde ahalteke bedewiniň ajaýyp keşbini synlap bolýar.

Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen arheologik gözleg işleriniň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylaryň güwä geçişi ýaly, ahalteke bedewiniň tohumy türkmen topragynda mundan bäş müň ýyl, hatda ondan hem ozal ýetişdirilipdir. Mysal üçin, Altyndepe ýadygärliginden tapylan arabaly atyň heýkeli miladydan öňki III-II müňýyllyklarda Günorta Türkmenistanda atyň medeni we durmuş ähmiýetiniň ýokary bolandygyny tassyklaýar. Ahalteke bedewiniň gelip çykyşyny öwrenmekde şeýle gymmatly arheologik tapyndylaryň ýene-de biri bäş müň ýyl mundan öňki döwre degişli Änew ýadygärliginden tapylan süňk galyndylarydyr.

At taryhyň dürli döwürlerinde türkmen ýigitleriniň iň ýakyn ýardamçysy, wepaly dosty bolup gelipdir. Muny biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllygyň sepgidinde, ýagny dört müň ýyl mundan ozal durmuşyň gülläp ösen Goňurdepe ýadygärliginden tapylan arheologik gymmatlyklar subut edýär. Bu ýerde üsti açylan bürünçden, kümüşden we faýansdan ýasalan tüýdük saz gurallary bilen gadymy jemgyýetiň begzadalarynyň dabaraly ýörişlerde münen ýelden ýüwrük bedewleri seýislenilipdir.

Mundan başga-da, ýadygärlikde, edil, ynsanyň şol döwürlerde jaýlanyşy ýaly, başy demirgazyga bakdyrylyp, sag egnine ýatyrylan taýçanagyň arheologik galyndylary ýüze çykaryldy. Alymlaryň pikiriçe, taýçanagyň şeýle usulda jaýlanmagy şol döwrüň dini dessury bilen baglanyşykly bolmaly. Köşgüň ymaratyndan tapylan boýny uzyn, gulaklary keýerip duran, gözleri pyýala ýaly owadan atyň kellesiniň kinniwanja kümüş we arkasy eýerli daş heýkeljikleri tumar hökmünde ulanylyp, şol döwürde ata nähili belent hormat goýlandygyndan habar berýär.

Geçirilen arheologik işleriň netijesinde, gadymy Gökdepe ýadygärliginde ýüze çykarylan miladydan öňki VI-V asyrlara degişli altyn gulakhalka hem atyň keşbine meňzedilip ýasalypdyr. Onuň ýüzüne haşamlanan uýanyň, nogtanyň şekilleri nokatjyklar arkaly örän äşgär suratlandyrylypdyr. Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Akjadepe (Öwlüýädepe) ýadygärliginden tapylan miladynyň I asyryna degişli tegelek möhrüň ýüzüne-de inçe aýak, durna boýun şa bedewi, şeýle hem onuň üstünde ykjam ýerleşen berk bedenli türkmen gerçeginiň keşbi şekillendirilipdir.

Ahalteke bedewiniň taryhyny öwrenmekde Nusaý galasynda ýüze çykarylan, miladydan öňki I asyra degişli kemere dakylan tegelek görnüşli altyn toka hem türkmen bedewiniň täsin gözelliginiň waspyny özünde jemleýär. Köne Nusaý galasynyň Dörtburç zalyndan tapylan, ýaý çekip duran gerçegiň bürünçden ýasalan heýkeliniň çeper-sungat çözgüdi hem Parfiýa medeniýetiniň meşhur äheňi — uçup barýan bedewiň keşbini suratlandyrmak ýörelgesinden gözbaş alypdyr.

Şu ylmy maglumatlardan çen tutsak, keremli türkmen topragynyň dünýä ýüzünde atçylyk we seýisçilik sungatynyň ilkinji dörän ojaklarynyň biridigine magat göz ýetirýäris. Munuň özi türkmen bedewiniň ata Watanymyzyň şöhrata beslenen taryhyny öwrenmekde aýratyn orny eýeleýändigini hem subut edýär. Bu barada gürrüň edenimizde, güneşli Diýarymyzyň dürli ýerlerinde Göroglynyň Gyratynyň, Alynyň Düldüliniň yzlary hasaplanylýan tebigy ýadygärliklere henize çenli zyýarat edilip gelinýändigini hem bellemelidiris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti bilen pederlerimizden miras galan seýisçilik sungaty täze uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň, gözellik bäsleşikleriniň we beýleki abraýly halkara forumlarynyň geçirilmegi, türkmen jigitleriniň at üstündäki täsirli oýunlary ahalteke bedewiniň şöhratyny täzeden dünýä doldurdy.

Türkmen bedewiniň tyllaýy şuglalara beslenen heýkelleri paýtagtymyzyň seýilgähleridir ýurdumyzyň dürli ýerlerinde bina edilen atçylyk toplumlarynyň binagärlik keşbiniň täjine öwrüldi.

Döwlet Tugramyzyň merkezinde atyň keşbiniň ýerleşdirilmeginde paýtagtymyzda bina edilýän Olimpiýa şäheriniň nyşany hökmünde atyň kellesiniň şekiliniň kabul edilip alynmagynda hem halkymyzyň behişdi bedewlere goýýan belent hormaty äşgär ýüze çykýar.