• VTEM Image Show

    At çapyşyklary – milli baýramçylyklaryň baş bezegi

    Your content1
  • VTEM Image Show

    Türkmenistan – ahalteke bedewleriniň taryhy watany

    Your content2
  • VTEM Image Show

    Türkmenistanyň Ahalteke bedewi – türkmen döwletiniň täze eýýamynyň nyşany

    Your content3

Biz sähelçe salym hem özümiziň bedewlerimize berýän ünsümizi gowşatmaýarys, sebäbi olar biziň guwanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ruhy galkynyşymyzyň çeşmesidir. Türkmen topragynda doglan ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň ösen zähmetiniň we akyl-paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygynyň, owadanlygyň, gözelligiň we gaýtalanmajak okgunlylygyň simwoly bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 


BEHIŞDI AHALTEKE ATLARY



Žurnaly göçürmek

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary

 

Ahalteke bedewi - 
biziň buýsanjymyz 
we şöhratymyz

 

Ganatly bedewler

 
Lab5 - Webdesign Schweiz

“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII halkara ylmy maslahaty

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 10-njy oktýabryndaky 14438 belgili kararyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 21-24-nji apreli aralygynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII halkara ylmy maslahaty, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi hem-de Halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär. Bu halkara ylmy maslahatyň işine we assosiasiýanyň mejlisine hem-de Halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga isleg bildirýän alymlara, hünärmenlere, atşynaslara we at esbaplaryny öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalara, telekeçilere Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, konsulluk gulluklarynyň we Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň, konsulluk gulluklarynyň üsti bilen çagyryş hatlarynyň iberilmegine we olaryň agzalan çärelere gatnaşmaklaryna hem-de bu çärelere gatnaşjak daşary ýurtly raýatlaryň wiza çakylyklaryny wagtynda resmileşdirmek üçin “Türkmen atlary” döwlet birleşigine pasportlarynyň reňkli göçürmesini, 3x4 ölçegdäki 2 sany foto surat 2016-njy ýylyň mart aýynyň 15-ne çenli şeýle hem halkara ylmy maslahat üçin tezisleri 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 1-ne çenli elektron görnüşde iberilmegine ýardam etmegiňizi Sizden haýyş edýäris. Halkara maslahatyna, assosiasiýanyň mejlisine we Halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşjak daşary ýurt raýatlaryň geliş-gidiş halkara ulag, ýaşaýyş, iýmit bilen bagly çykdajylaryny birleşik öz üstüne alýar. Çäreler bilen baglanşykly maglumatlar boýunça habarlaşmak üçin: tel/faks 21-02-39, e-mail turkmenatlary@gmail.com . Bellik: Daşary ýurt raýatlarynyň çykdajylarynyň (myhmanhana tölegleriniň) 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 20-25-i aralygy üçin töleniljekdigini, uçar petekleriniň (economy class) bolmalydygyny daşary ýurt raýatlaryna habar bermegiňizi Sizden haýyş edýäris. (Birleşigimiz tarapyndan ýokarda görkezilen seneden soňra ugradylan resminamalaryň kabul edilmejekdigini habar bermegiňizi haýyş edýäris). Hormatlamak bilen, Guramaçylyk topary

Türkmen bedewleriniň gadymy yzlary

Türkmen topragynda ýaşan gadymy ata-babalarymyz has irki döwürlerden başlap, atlary ulanmagy başarypdyr.

Behişdi bedewleriň meşhur seýisleri

Bulary bize ajaýyp ahalteke atlaryny ýetişdiren, Türkmenistanyňat gazanan atşynasy Babaly Taýmazow gürrüňberipdi.

Türkmenistanda güýzki at çapyşyk möwsümi badalga aldy

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsümi badalga aldy. Ol dünýä belli ahalteke bedewleriniň mekanynda — Türkmenistanda örän meşhur atçylyk sportunyň köp sanly muşdaklaryny ýygnady.

ATLY SPORTUŇ şanly sahypalary

Hünärmenleriň belleýşi ýaly, uzak aralyga ýörişlerde, marafon ýaryşlarynda we atly sportuň beýleki görnüşlerinde gowy seýislenen türkmen atyna taý geljek başga bir at tohumy ýokdur. Edebi mirasymyzyň dürdäne eserleriniň aglabasynda türkmen ýigitleriniň uzak aralyga bedew aty bilen arkaýyn ýola çykandygy nygtalýar. Gadymy ýazgylarda suwsuzlyga çydamly bedewlere atlanan türkmenler üçin 7—12 günüň dowamynda her gün 150—200 kilometr, hatda ondan hem köp aralygy geçmegiň adaty ýagdaý bolandygy barada maglumatlar bar.